Gadym zamanlarda bir obaly adamyň şäherli dosty barmyş. Obada adam ýaşaýan adam şäherli myhmançylyga gitse, olarda iki-üç aý bolarmyş. Ertirleri bolsa şäherli dosdunyň dükanyna girip, islänini edermiş. Şäherli dosty onuň ähli iýjek-işjeklerini öz pulyna alyp berip, her gün saçagyny dürli tagamlar bilen bezeýärmiş. Obaly bir gün şäherli dostuna: - Ey gardaş, senem biziň obamyza bar ahyryn! Tutyş maşgalaňyz bolup geliň. Şu wagt ýaz pasly, al-elwan gülleriň tüýs açylýan wagty-da. Tomusda gelseňiz size hem bişen miweler bilen hezzet-hormat ederin. Ýaýylyp ýatan derelerde ösüp oturan, nazarkerde al-ýaşyl daragtlary görersiň. Hoşroý ysly gülleriň ysynya alyp, göwnüňizi açardyňyz. Şäherli, obaly dostyny başyndan sogjak bolup, oňa bir gün hökmann geljekdigini aýdypdyr. Ýyllar, ýyldyrym çaltlygynda geçip gidipdir. Dostunyň beren sözüne ylaýyk sekiz ýyl geçipdir. Obaly, şäherli dostuna hergiz: - Haçan gelejek, aýlar-ýyllar hem geçip barýar. Size ählimiz garaşýarys, diýipdir, ýatladyp durupdyr. Şäherli hem: - Bu ýyl şu işim çykdy, şeýle ýagdaý ýüze çykdy. İşlerimi dynsam, hä diýmän gelerin, diýip, jogap berenmiş. Obaly bolsa her ýyl öňkisi ýaly şäherliniň öýüne baryp, iýip-içip, aýlap yaşar eken. Sońky gezek üç aýlap şäherliniń öýünde galan obaly, ońa oba geljegini and içdirip, öýüne gaýdypdyr. Ýöne bu berilen wadadan sońra hem on ýyl geçipdir. Şäherli sözünde durmandyr. Onuń çagalary bolsa: - Sen ońa söz berdiń. Sen ony näçe günler myhman edip sakladyń. Ol hem seni öýünde myhman edip, sańa hyzmat edesi gelýändir, diýip kakalaryna ýalbarypdyrlar. Emma kakasy bu gezek boýun gaçyryp bilmändir. Bütin maşgala goşlaryny düzüp, ýola çykypdyr. Şäherli bolsa ýolda, barjak obasynyń owanlygyny gözegine getirip, arzuw-hyýallaryny besläp barýarmyş. Bir ay ýol ýörän bu maşgala, ahyry şol obalynyń obasyny baryp ýetipdirler. Şol oba gelýänçäler ne olarda ne-da haýwanlarda güýç-takat galanmyş. Şäherli ýadow halda obalynyń gapysyny gapypdyr. Ýöne haýran galaýmaly, obaly ony tanamadyk bolup, ońa gapysyny açmanmyş. Ine ondan soń bular onuń gapysynyń agzyndan düşlänmişler. Nirden bilsinler gije harasat gopjagyny. Gijäniń bir wagtynda harasat gopup, ýagyş ýagmana başlanmyş. Şäherli bialaç obalyń gapysyny kakyp, ondan bir hüjre bermesini islänmiş. Obaly ońa: - Elińe ok-ýaý alyp sakçylyk etmäge we haýwanlary dagdan geljek möjeklerden goramaga razy bolsań, sańa bir hüjre bereýin, diyenmiş. Şäherli şol hüjrä maşgalasyny salyp, ahli zatlaryny ýerleşdiren. Özi bolsa sakçylyk etmäge giden. Birden näme görsin. Haýwanlary awlamak üçin bir möjek dagdan inenmiş. Derrew ýaýyny gerip, öldürenmiş şol gelen möjekgi. Muny obala aýdanynda, obaly: -Bu näme etdiğiń boldy, sen meniń kürrämi öldüren bol aýma, diýipdir. Özüniń kürräni däl-de möjek öldürendigine güwäsiz bilen şäherli, ońa : - Bu gijäniń gözedürtme garańkylygynda meniń möjek ýerine kürräni öldürendigimi nädip bildiń, diýip sorapdyr. Obaly ońa: - Men ony ýellenişinden tanadym, diýeninde obaly gaharyna erk edip bilmän: -Eý dostum, şeyle gijede, kürräńi ýellenmesi bilen tana bolsań, näme üçin şunça seneler seni öýüne myhman eden dostyńy tanamyýarsyń, diýip, ońa bir ýumruk hakyny berenmiş. Bu wakadan sapak alan şäherli ertesi gün irden öýüne gaýdanmyş. Damarlaryńdaky erbetligi, ýaltalygy, harsydünỳäligi we açgözlügi, bu jahyl ańyń bilen nädip gizläp biljek, eý akmak ?!

Köneler, Broker tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir