Allatagala dünýäni we älemiñ hemmesini ynsan üçin ýaratdy. Ösümlikleri, haýwanlary, suw, daş, toprak, madda ýaly her bir zady ynsanyñ peýdalanmagy üçin ýaratdy. Ynsanlary hem, özüni tanamalary we özüne ybadat etmeleri üçin ýaratdy. Bu tanamagyñ we ybadatyñ peýdasy hem ýenede ynsanlaryň özünedir. Ymamy Rabbani hezretleri şeýle buýurdy:
Allatagala, hiç bir zat üçin, hiçbir zada mätäç däldir. Ýaradylmak bilen biz gymmatlandyk, mertebelendik. Zariýat süresiniñ, (Ynsanlary we jynlary, maña ybadat etmeleri üçin ýaratdym) manysyndaky 56-njy aýaty kerimesindäki (ybadat etmeleri üçin) diýmegi, (meni tanamalary üçin) diýmekdir. Ýagny,biz Allatagalany tanamak, ynanmak üçin ýaradyldyk. Hadysdaky, (Tanalmak üçin, her zady ýaratdym) diýip buýurmagy, (Meni tanamak bilen mertebelenmeleri üçin diýmekdir. (1/266)
Jennet we Jähennem hem ynsanlaryñ amallaryna görä ýaradyldy. Iman edip gowy işler eden Jennete, iman etmeýänler Jähenneme gider we hemmesi ol ýerde soñsyz galjakdyrlar. Hiç kime zulum ediljek däldir, ol ýerde her kim edenleriniñ netijesini görjekler.
Kapyrlar ynanmadyklary üçin bu mertebeden mahrum galýalar. Şeýlelik bilen synagdan geçip bilmeýärler. Kapyr hem ahyretde Allatagalany tanajakdyr; emma bu tanamagy, muslumanyñ tanamagyndan has başga boljakdyr. Musluman Allatagalany görmek bilen mertebeleriñ, nygmatlaryñ iñ beýigine gowuşjakdyr. Kapyr görende bolsa, azaplaryñ iñ erbedine duçar boljakdyr. Kapyrlaryñ, kyýamatda Allatagalany görmegi, Jähennem azabyndan has kän erbet boljakdyr.
Allatagala ynsanlary başy boş, ýöne ýere, öz perwaýyna gezmesi üçin ýaratmady. Ynsanlaryñ näme etmelidigini Pygamberleriniñ üsti bilen, kitaplar ugradyp bildirdi. Iñ soñky Pygamber bolan Muhammed aleýhisselama berlen kitap bolsa Kurany Kerimdir. Kurany Kerimiň düşünmesi kyn bolan ýerini Pygamberimiz Muhammed aleýhisselam Hadysy şerifler bilen düşündirdi.
Hadysy şerifleriň hem beýleki ynsanlaryñ sözlerine görä düşünmesi agyr bolan ýerini bizler añsatlyk bilen düşünermiz ýaly,din alymlar bulary düşündirdi.
Meselem, dogtor we aptekçi dermany hassa berende, aç garnyña ýada dok garnyña, ertir ýada agşam bir-birdan suw bilen iç, süýt bilen içme diýip dermanyñ içilişini düşündirýär. Kurany Kerim hem ynsanyñ näme üçin ýaradylanyny aýtýar:
(Jynlary we ynsanlary, diñe maña gulluk etsinler diýip ýaratdym.) [Zariýat 56]
Allatagala, "Emrime uýan Jennete, uýmaýan bolsa Jähenneme gitjekdir" buýurdy. Ybadatlaryñ peýdasy Alltagala däldir, her kimiñ özünedir. Meselem, aýlykly işleýän bir dogtor, bir hassa derman berse, dermanyñ dogtora peýdasy ýok diýip, ol dermany hassa içmese, hassanyñ keseli artyp ölüp gider. Dogtora munyñ zyýany ýokdyr. Hassanyñ, bu dermanyñ dogtora peýdasy ýokdyr diýip içmezligi akmaklykdyr. Çünki özüni heläk etýär. Ynha, günälerimiñ Allaha zyýany ýok diýip, her dürli günäni işlemek akylly ynsanyñ etjek işi däldir.
(Akylly kişi, Allaha we Pygamberine ynanan we ybadatlaryny ýerine ýetirendir.) [I.Muhber]
Ölenden söñra näme boljagyny oýlanmaýana, özüni ebedi howpa salýana akylly diýip bolarmy? Kurany Kerimiñ köp ýerinde, (Oýlanmaýañyzmy?) diýip oýarylýar. Hadysy şerifde, (Akly bolmaýanyñ dini hem ýokdyr) buýuryldy. (Tirmizi)

Her ynsanyñ eden ybadatynyñ peýdasy özünedir. Kurany Kerimde şeýle buýruldy:
(Kim, [ybadatlaryny edip we günälerinden] tämizlense, peýdasy özünedir.) [Fatir 18]
Bir kişä dogtor şu şu zatlary iýme , berhiz et, iýseñ hassalygyñ artar diýip maslahat berýär. Bu kişi hem "berhiz etmesem dogtora näme zyýany baraý" diýip gadagan edilen zatlary iýse, hassalygy artyp heläk bolar. Dogtora zyýanynyñ ýoklygy dogrydyr. Emma özüne zyýan berýär. Munyñ ýaly, (Allahyñ meniñ ybadatyma yhtyýajy ýok) diýip ybadatdan gaçanlar, Jähenneme giderler.

Ymam Rabbany hezretleri " Hatlar".
Şu ýazgyny ýazana,terjime edene, ýetirene,okana Allatagalanyň hidaýeti,rahmeti bolup iki dünýäsi abat bolsun ! Allah j.j olary beladan-beterden, howpdan-hatardan gorap özüniň razy bolan ýolunda boldurup ahyretlerini abat etsin !

Sorag-jogap, Barbary tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir