Her bir futbolçy owadan gol urmak isleýär,ýöne öz derwezesine däl.
Zenanlaryň futboly boýunça SheBelieves Cup halkara ýoldaşlyk duşuşygynda ABŞ milli ýygyndysy Täze Zelandiýany 5:0 hasaby bilen ýeňdi.

Duduşykda gyzykly waka boldy. "Liwerpul" zenanlar kluby we Täze zelandiýa milli ýygyndysynyň goragçysy Mikeýla Mur öz derwezesine 3 gezek gol urdy. Galan iki goly bolsa Eşli Hetç we Mellori Pýu urdy.

Täsin ýeri,Mur "ideal het-trik" etmegi "başardy". Ýagny ol, çep aýagynda,sag aýagynda we kelle bilen derwezä gol saldy. Bular ýaly ýagdaý zenanlar futbolunyň taryhynda häzire çenli bolmandy.

Sport, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir