-Ependi aga! Amerika gaçyp giden Eneküti daýzam ýogalypdyr! Ine Amerikadan hat geldi! -Wah, wah! Ýatan ýeri ýagty bolsun! -Bilýäňizmi, Ependi aga! Eneküti daýza size 5000 dollar wesýet edip gidipdir! -Aý berekella! Jany sag bolsun! Ependi goňşusynyň gapysyny kakýar. Hiç kim jogap berenok. Gaty-gaty kakmaga durýar. Derwezaň agzyna ýuwaşlyk bilen kellemen türkmen iti Alabaý gelýär we şeýle diýýär: -Ependi aga, gapyny kakma! Öýde adam ýok! Itiň geplänine geň galan Ependimiz özünden gidip ýykylýar. Birsalymdan özüne gelýär we ite diýýär: -Alabaýjan! Näme, sen üýrüp bileňokmy ? Alabaý bolsa: -Üýrüp bilýän! Ýöne seni gorkuzmaýyn diýdim! Ependi bilen aýaly unaş iýýämişler. Aýaly pahyr şapbyldap iýýämiş. Ependi gahary gelip, çemçesi bilen aýalyny urýamyş. Aýaly: -Nämä urýaň, toba? -Şapbyldaman iý... Aýaly indi şapbyldaman iýmäge başlaýar. Birsalymdan Ependi ýene-de aýalyny urýar. -Indi näme üçin urýaň, kakasy?! -Şapbyldaýşyň ýadyma düşdi! Ependini keselhanada operasiýa etmeli bolýar. Doktor: -Ependi aga, size norkozy gymmadyndan edeýinmi arzanyndan? -Doktor jan, meniň pulym kän däl, iň arzanyndan edeweri. -Bolar agam! Taýýar boluň. Huwwa-huwwa ýatypdyr, Ependi agam ýatypdyr.... Ependiň öýünde diwarda ýolbarsyň kellesi asyk dur. Dostlary soraýar: -Ependi aga, bu ýolbarsy özüň awladyňmy? -Howwa! -Näçe okda aldyň, Ependi aga? -10 okda! -10-ysam degdimi? -Ýok, birem degmedi! -Onda nädip öldürdiň? -10 okumyň boş geçenini görüp, ýolbars gülüp-gülüp öldi... Soldat öýlerine granat iberýär: “ Enem jan! Eger sen şujagaz halkajykdan çekseň, meni 3 gün öýmüze göýbererler...“ “Titanik“ gark bolýar... Gäminiň ýarysy suwda. Garaňky. Gykylyk, agy sesleri... Şol iki aralykda „Titanigiň“ ýanyna kiçijik gaýykda bir özbek gelýär: -Çaý bar, kofe bar, kişmiş bar.... Kolhozda her gün işden soň, ýari gijä çenli ýygnak bolýar diýýär. Ozalam işden ýadaw adamlara agyr degýämiş bu ýygnaklar. Ahyry bir aýal seslenýär: - Ýoldaş başlyk. Meniň ýaş çagam bar, aglaýandyr. Men rugsat berseňiz gideýin! -diýýär. Başlyk rugsat berýär. Aýal gidýär. Yzy bilen ýene bir gelin seslenýär: - Ýollaş bashlyk jan, meni hem goýberäýiň-dä! -Sen nira? Seniň näme çagaň barmy? -diýýär başlyk. Ýaş gelin bolsa: -Günde ýari-gijä çenli şeýle ýignak etseňiz, meniň hiçem çagam bolmaz! -diýipdir. Aşgabat. Polisiýa bir “Zaparožly” orsy saklaýar. Naruşeniýesi bardyr-da elbet. Polisiýa orsa diýýär: -Siz maşyny gaty sürdüňiz. Türkmen dilinde obýasnitelnyý ýazmaly bolarsyňyz. -No ýa ne znaýu po turkmenskiý! -Men bilemok, maňa türkmençe obýasnitelnyý ýaz, nähili ýazsaz şoň ýaly ýaz! Ors pikir edýär, pikir edýär. Ahyry jübisinden 10.000 manat çykaryp, kagyzyň üstünde goýýar: -Na tebe obýasnitelnyý! -Türkmençe neznaýu, neznaýu diýip aldyň ýatdyň. Bilýän ekeniň- ä türkmençe... Basmaçylyk döwründe bir aýal we iki erkek kişi Garagumda tutulýarlar. Basmaçy olaryň atlaryny soraýar: -Adyň näme? -Ataberdi. - Öldüriň, ýigrenýän adym. Ony basmachylar atýarlar. - Seniň adyň näme?-diýip aýaldan soraýarlar. - Meniň adym PATMA! -Patma diýip bir aýal doganym bardy. Şol ýadyma düşdi. Goýberiň bu aýaly. Gitsin! Soňra iň soňky adama ýüzlenýär: -Seniň adyň näme? -Meniň hakyky adym PATMA, ýone obada maňa Myratgeldi diýýäler.

Köneler, ependi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir