Agzalar kim akrap bolsa shu aýañ täleýnamasy bilen tanyshdyraýyn diýdim! Fewral-akraplar üçin aladasyz, gaýgy-gamsyz aý bolar. Çünki geçen aýlarda öz esasy ishinden dashary hem zähmet çeken akraplar, maddy taýdan gurplashyp, medeniýetli dynç almagyna mümkinçilikler dörär. Ýagny teatrlara, kinokonsert merkezlerine tomasha gidip seýilgählere seýil etmek akraplara hem-de olaryñ mashgalasyna shatlyk paýlar. Mazaly dynç alan akraplar ikinji ongünliginden bashlap ýeñini çermäp ishe bashlamalydyrlar. Her bir tutumy rowaç alyp, shägirtlerine hünär öwretmek, ishdesh ýoldashlaryna peýdaly maslahatlary bermek ýaly gymmatly tejribe beren akraplar uly sylag-hormata eýe bolarlar. Mekdepde hem-de ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan ýashlara gyshky dynç alysh günlerinden soñ tijenmek maslahat berilýär. Ana agzalar menä özüm ýaly akraplar üçin tanyshdyraýyn diýdim fewral aýyny, baryny ýazaýjakdym welin okamaga ýaltanaýmasañyz, bolmasa özünizem dowam ediberiñ yzyny! Ýaltanman okanyñyz üçin köp sag boluñ!

Köneler, Camry tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir