KURAN OKAMAKLYGYŇ SOGABY Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdy: „Kim Kurany gowy okaýan bolsa we şony okasa ol ahyretde ýagşylar bilen we ýazýanlar (ýazyjy perişdeler) bilen bilelikde boljakdyr. Kim Kurany säginip we kynçylyk bilen okaýan bolsa oňa iki esse sogap berler“. (Buhari we Müslim) ŞERHI: Ýagny Kurany gowy okamany bilýänler, karylar Kurany adamlara okap berip uly haýyr-sogap iş edýärler. Şonuň üçin olar ahyretde perişdeler bilen deňleşýärler (dereje we fazyletde). Elbetde olaryň sogaby köpdir. Ýöne bu ýerde şuny aýtmakçy. Pygamber (sallaLlahu aleýhi we sellem) şu we şuňa meňzeş araplar üçin ýagny hadys diline düşünýänler üçin aýdypdyr. Kary Kurany arapça bilmeýän adamlara sogap berse, onuň hem elbetde sogaby bardyr (kalplara täsir babatynda we imanyň nurlanmagy babatynda). Ýöne adamlar şoňa düşünmeýärler. Düşünmeseler (terjime we tefsirine) Allahyň buýruklaryny nähili berjaý edip, gadagan eden zatlaryndan nädip daşlaşsynlar? Indi Kurany säginip we kynçylyk bilen okaýanlar barada. Olara Kuran okamak kyn we agyr, olar bary bir yhlas edýärler. Yslam amallarynda bolsa esasy amaldaky yhlasa görä baha berýärler, netijesine garalmaýar. (Netije Allahdandyr). Şonuň üçin onuň sogaby ýeňillik bilen Kurany okaýan we şony endik eden adamyňkydan (karyňkydan) köpdir. Onuň şol amaly (Kuran okamaklykda) çekýän kynçylygy onuň diňe sogabyny artdyrýar. Bu ýerde şuny belläp geçesim gelýär, käbir karylar Kurany tejwidli we dogry okamaly, ýogsa golaýlaşmaly däl diýip birnäçe adamyň Kurana bolan yhlasyny ýatyrýarlar. Säginip okasada, owazsyz okasada ony saklamaň ýerine höweslendirjek bolmaly. Sogabynyň köpdigini aýtmaly düzeltseň hem agram bermän, hikmet we mylaýymlylyk bilen düzeltmeli. Kurany okamany öwretmek şygary bilen adamlary ýygnap güýmäp öz üstünligiň bilen ýyldyrap olaryň Kurana çalt gowuşyp şondan lezzet almagyna päsgel bolmaly däl.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir