«Eý meniň gyzym, men elli ýaşlarynyň çäklerine golaýlan adam. Ýaşlygym geçmişde galdy. Onuň bilen bilelikde ähli arzuw-hyýallarym hem uçup gitdi. Men öz ömrümde dürli ýurtlara köp syýahat etdim, köp adamlar bilen duşuşdym we bu dünýä öz şahsy tejribämde akyl ýetirdim. Şonuň üçin hem, meniň ýaşym we durmuş tejribämden süzülip çykan, başga hiç kimden eşitmedik, dogruçyl we açyk sözlerime gulak as. Biz özleriniň ahlaklaryny düzetmekleri we azgynlygy ýok etmekleri, şeýle hem özlerindäki pes duýgylary basyp ýatyrmaklary üçin adamlara şeýle köp ýazyp-ýüzlenmekden ýaňa, galamlarymyz kütelip, dillerimiz ýadady. Munuň netijesinde, biz hiç zat gazanyp bilmedik we ýamanlygy ýok edip bilmedik. Gaýtam tersine erbet hereketler köpelip, azgynlyk has gorkunç häsiýete eýe boldy. Teniňi açmak we adamlara güjeňlemek ýaly gorkunç gylyk-häsiýetler güýjäp, jemgyýetiň giň gatlaklaryny öz içine aldy we bir ýurtdan beýleki ýurda ýaýrady. Meniň pikirimçe, häzirki döwürde bu howpyň abanmaýan hiç bir Yslam döwleti galan däldir. Hatda tenini bütinleýin ýapýan, däp bolup giden uzyn örtgileriň geýilýän, ahlagyň berk goralýan we ýapmaly ýerleriň pugta ýapylýan ýurdy bolan Şamda-da, aýallar döşleriniň üstüni açyp, adamlaryň arasyna çykyp başladylar. Şeýlelikde, biz üstünlik gazanyp bilmedik, men ony gazanjagymyza-da ynanamok. Bilýäňmi, näme üçin? Sebäbi şu günlere çenli, biz reformasiýa (jemgyýeti üýtgetmek) ýolyna düşmedik, çünki ol ýoly biz bilemizok. Reformasiýanyň gapysy seniň öňüňde, açary bolsa gyzym, seniň eliňdedir. Eger sen şuňa ynansaň we şunuň ugrunda zähmet çekseň, onda ýagdaý gowulyga tarap üýtgär. Azgynçylyga tarap gidýän ýola ilkinji ädimi hut erkek adamyň özi ädýändigi örän dogrydyr, çünki gyz hiç gaçan beýle işi ilkinji bolup etmez. Ýöne, seniň hoşamaýlygyň bolmasa, erkek hiç haçan öz diýenini etdirip bilmez. Sen açylýarsyň, erkek adam bolsa girýär. Haçan-da ol seni talanda, sen: "Kömek ediň! Eý adamlar, meni taladylar...!" diýip gygyrarsyň. Eger sen ähli erkekleriň, tebigaty boýunça möjekdigine, seniň bolsa guzujykdygyňa akyl ýetirsediň, onda guzujygyň ýyrtyjydan halas bolmak üçin gaçyşy ýaly aýak aldygyna gaçardyň. Eger sen hemme erkekleriň ogrudygyny bilsediň, onda husydyň ogrulardan ätiýaçly boluşy ýaly örän seresap bolardyň. Eger möjege guzudan diňe onuň eti gerek bolsa, erkek adam senden has gymmatly zady almak isleýär. Eger guzy üçin iň erbet zat ölüm bolsa, bu seniň üçin ölümden has beter bolar. Erkek adam seni sendäki iň gymmatly zat bolan, seni akýürekli, dogruçyl edýän, seniň guwanyp, gorap-aýaýan zadyňdan – päkligiňden mahrum etmek isleýär. Erkek adamyň mekirligi we ähdiýalanlygy bilen päkliginden mahrum edilen gyzyň durmuşy, möjegiň tike-tike eden guzujygynyň ölüminden 100 esse beter bolar. Alladan ant içýärin, bu hakykatdan hem şeýledir!!! Islendik ýaş ýigit gyzy gören dessine, hyýalynda onuň eşiklerini çykarýar, soň ol gyzy ýalaňaç halynda göz öňüne getirýär. Seniň öňüňde ýene Alladan ant içýärin we saňa, diňe sendäki ahlak we edebi görýändiklerini, seniň bilen diňe ýoldaş hökmünde gatnaşýandyklaryny we seni diňe dosty ýaly gowy görýändiklerini aýdýan erkek adamlara hiç haçan ynanmazlygyňy senden haýyş edýärin. Alladan ant içýärin, barysy ýalan!!! Eger sen ýaş ýigitleriň ýeke galanlarynda öz aralarynda edýän gürrüňlerini eşitsediň, onda elhenç we eýmenç zatlary bilerdiň. Ýigidiň islendik ýylgyryşy, islendik öwgüsi we islendik kömegi, mekir maksadyna ýetmeklige taýýarlykdan başga hiç zat hem däldir, ýa-da iň azyndan, ol ýigit uzaga gidýän maksatlaryna taýýarlykdyr öýdüp pikir edýändir. Gyzym, munuň soňy nähili bolar? Özüň pikirlenip gör. Siz bir göz açyp-ýumasy salymlyk ikitaraplaýyn keýpde geçirersiňiz, soň ol ähli zady unudar, sen bolsaň, eden etmişiň jezasyny ömür boýy çekmeli bolarsyň. Ýigit keýpini köklär gider we ýene ryswa etmek üçin başga bir garamaňlaý, akmak pidasyny gözläp başlar. Seniň göwräňde emele gelen düwünçegiň bar agramy bolsa, saňa düşer we seniň ýüregiňi howsala gaplap alar, seniň maňlaýyňa masgaraçylyk tagmasy basylar. Adalatsyz jemgyýet: «Bolanda näme, ýaş oglan ýalňyşlyk edipdir, ýöne soňundan ökündi ahyryn» diýip, ýigidiň günäsini bagyşlar. Sen bolsa, bütin ömrüňe batgalykda we masgaraçylykda gezersiň, jemgyýet seni hiç haçan bagyşlamaz. Wah, eger sen şeýle adama duşanyňda mäkäm saklansadyň we öz aýgytlylygyňy, üzül-kesil garşylygyňy görkezip, oňa seretmesediň. Eger ol öz binamyslygy bilen seniň garşylygyňa garamazdan, el ýa-da söz bilen saňa kast etmäge het etse, onda aýagyňdaky köwşi çykar-da, bar güýjiň bilen onuň samsyk kellesine ur. Eger sen şeýtsediň, islendik ötegçi saňa arka çykyp, kömek ederdi. Ondan soň ol beýle ýeňilkellelige milt edip bilmez we utanç, puşmandan ýaňa (eger ol akýürekli bolsa) kanuny gatnaşyk etmek we guda bolmak üçin seniň ýanyňa ötünç sorap geler. Islendik gyzyň (ol nähili meşhur, baý we abraýly bolsa bolsun) iň mukaddes arzuwy hem bagtly durmuş gurmakdyr we ol göreldeli aýal, hormatlanýan ene, abraýly ojakbaşy bolmagy ýüregi bilen isleýändir. Şu tarapdan ähli aýallar (şol sanda ýalpyldysy bilen köp aýal-gyzlaryň gözüni gamaşdyryp ýalňyşdyrýan şaaýallary, şagyzlary we Golliwudyň meşhur aktrisalary) öz aralarynda meňzeşdirler. Hut meniň özüm Müsürde we Şamda iki sany meşhur aýal ýazyjylary tanaýaryn. Söz sungatynyň ussatlary hökmünde olar ägirt köp maddy serişdeler gazanyp, edebiýat äleminde şöhrata eýe boldylar. Emma ärsiz galyp, olaryň ikisi-de akyllaryny ýitirdiler we psihiki taýdan näsaga öwrüldiler. Gyz üçin, ol mejlisiň agzasy bolup, uly häkimiýete eýe bolsa-da, hemişe iň mukaddes umydy – durmuşa çykmak bolar. Ýeňilkelle ahlaksyz gyzy bolsa, hiç kim aýal edinmez. Hatda «saňa öýlenerin» diýip, wada berip, päk gyzlaryň başyny aýlap ýören aldawçy, haýyn hem, eger gyz onuň ýalbar-ýakaryna razy bolup, azgynçylyk edäýse, ol gyzy taşlap gaçyp gider. Sebäbi, ahlaksyz ýigit hem öýlenmek islese, özüne başga, dogruçyl, päk gyzy saýlar. Çünki oňa-da hojalygyň eýesi we gyzlarynyň ejesi boljak gelin hökmünde, ýerde ýatan aýal gerek däl. Hatda keýp bazarynda namysyny onuň aýagynyň aşagyna taşlajak we onuň elinde oýunjak, şeýtanyň dini boýunça onuň bilen birleşmäge razy boljak ýoldan çykmyş ýa-da samsyjak gyzy tapyp bilmeýän ahlaksyz erkek adam-da, öýlenjek bolanda Yslam kanunlaryny doly berjaý edýän, arassa gyzy almak islär. Hut siziň özüňiz, gyzlar, köp gyzlaryň durmuşa çykyp bilmeýändigine günäkärsiňiz. Çünki siziň araňyzda ýoldan çykan ahlaksyzlar bolmasady, onda gelin bolup bilmän öýde oturanlaram bolmazdy, azgynlygam beýle giň ýaýramazdy... Näme üçin siz şu ugurda zähmet çekeňizok? Näme üçin asylly we ahlakly aýal-gyzlar şu bela garşy göreşmeýärler? Sizden başga bu meseläni kim çözsün? Çünki bize garanyňda, bu işjeňlige siz has laýyk gelýärsiňiz, sebäbi gyzlaryň diline we olary ynandyrmagyň usullaryna siz has gowy düşünýärsiňiz. Üstesine-de, şeýle azgynlygyň pidasy köplenç dogruçyl, asylly, ahlakly we imanly gyzlar, ýagny hut özüňiz bolýarsyňyz. Bütin Şamyň territoriýasynda her öýde diýen ýaly, özlerine är tapyp bilmeýän ýetişen gyzlar bar. Sebäbi ýaş ýigitler kanuny, nikaly gelin almagyň deregine oýnaşlar bilen gatnaşyk etmegi saýlap alýarlar. Şeýle ýagdaý, megerem, Şamdan başga döwletlere-de häsiýetlidir. Azaşan uýalarymyzy dogry (hak) ýola salmak üçin, içinde mekdep mugallymlary we talyplar hem bolan, ylymly-bilimli aýal-gyzlardan ýörite toparlar dörediň. Olara Allanyň gazabyny ýatladyň, eger olar Ondan gorkmasalar, ýokuşyp biläýjek keselleri, gündelik keselleri ýatladyň. Eger keselden hem gorkmasalar, onda olar bilen adaty, durmuşy gürrüňler ediň, olara: «Siz, daşyňyzda ýalym-ýulum edip ýören ýaş ýigitleri özüne çekýän ýaşajyk we owadan gyzlar. Ýöne siziň owadanlygyňyz we ýaşlygyňyz uzaga çekermikä? Şu dünýäde gyzlaryň ýaşlygyndan we gözelliginden çalt geçip gidýän zat barmyka? Ýüzleri ýygyrt-ýygyrt, bukur garry kempir bolanyňyzda siziň halyňyz niçik bolar? Sol wagt siz kime gerek bolarsyňyz? Kim siz hakda alada eder? Garry aýallar hakda alada edip, olara iýmit we öýi kimiň berýändigini bilýäňizmi? Olar garry wagty – ogullary we gyzlary, ogul agtyklary we gyz agtyklary. Solaryň arasynda aýal ýaşuly we maşgala meselelerini çözýän abraýly adam bolar. Ol maşgala tagtynda buýsanç bilen oturan wagty, beýleki gyz... aý siziň özüňiz oňa näme boljagyny bilýänsiňiz!» diýiň. Bir gezek Brýusseldekäm, şäheriň bir çatrygynda men şu wakanyň şaýady boldum. Adamlara geçmäge rugsat berýän ýaşyl çyra ýandy, adamlar köçeden geçip başladylar. Pyýadalaryň biri, aýaklarynda durup bilmeýän, garrylygyndan ýaňa bedenine diýenini etdirip bilmeýän, lagşan garry kempirdi. Köçeden geçjek bolanda, gapdalyndan wazlap, zordan kakman geçýän maşynlaryň okgunly akymynyň arasynda galypdy. Muny görüp, men gapdalymdaky ýaş ýigitlerden garry aýala kömek etmeklerini haýyş etdim. Şonda aramyzan Brýusselde 40-dan gowurak ýyl ýaşan, dostum proffessor Nadim Zabýan şeýle diýdi: «Bir wagtlar şu garry kempiriň, köp erkegiň başyny aýlan, şäheriň iň owadan gözeli bolandygyny bilýäňmi? Olaryň ählisi onuň hoşamaý garaýyşyny gazanmak ýa-da elini eline çalaja degirip görmek üçin baýlyklaryny we ýüreklerini onuň aýagyna zyňýardylar. Haçan-da ýaşlyk geçip, owadanlyk göçende, oňa elini uzadyp kömek edýän hem ýok.» Eýsem, bir göz açyp-ýumasy salymlyk keýp bilen şu jebri-jepalary deňäp bolarmy? Şeýle agyr horlukly netije şeýle başlangyç edeniňe degýärmi? Munuň ýaly gürrüňleri dowam etmesek-de bolar, sebäbi siz mensiz hem olary gowy bilýärsiňiz. Terstäleýli, azaşan uýalaryňyzy dogry ýola ugrukdyrmak üçin hiç hili mümkinçilige biperwaý garamaň, gaýtam tersine, ähli serişdeleri (onuň ýaly serişdeler sizde az däl) ulanyň. Eger siz muny edip bilmeseňiz, onda iň azyndan, ähli güýjiňizi heläkçilik ýolyna düşmeli däl bolan päk gyzlary we ýaşajyk samsyjaklary erbet göreldeden goraň we azgynlyk keselinden halas ediň. Men sizi, şu günki musulman gyzyny, birbada biziň şöhratly geçmişimiziň hakyky musulman gyzyna öwürmäge çagyramok. Asla! Men erbet endigi birbada üýtgedip bolmaýandygyna düşünýärin. Gije garaňky we gözedürtmedir, gündiz bolsa, ýagty we parlak. Emma Alla bizi tümlükden ýagtylyga birbada geçirmeýär, kem-kemden gijeden gündize geçirýär. Sagadyň minut görkezýän diline meňzeýän bu geçişi biz duýmaýarys. Sagadyň minut görkezýän diline seretsek, ol hereketsizdir. Emma birnäçe wagtdan ýene seretsek, onuň ýeriniň üýtgändigini görýäris. Edil şonuň ýaly, adam hem çagalykdan ýaşlyga, ýaşlykdan garrylyga geçýär. Edil şonuň ýaly, halk hem bir ýagdaýdan beýleki ýagdaýa ýuwaş-ýuwaşdan geçýär. Edil ýamanlyga tarap ädim-ädim gidişimiz ýaly, indi ädim-ädim ýagşylyga dolanmalydyrys. Zolak-zolakdan siz ýalyklaryňyzy açdyňyz, sapak-sapakdan köýnekleriňizi ýukaltdyňyz, aňrysy görnüp başlady. Ummasyz köp wagtyň içinde siz bu geçişi etdiňiz, dindar erkekler bolsa, muny duýmadylaram. Ahlagyň şeýle pese düşmegine pornografiki (bihaýaçylykly) žurnallar ýardam etdi, näletkerdeler bolsa, muňa şatlandylar. Netijdede, biz Yslam dinine-de, hristiançylyga-da sygyşmaýan ýagdaýa geldik. Taryhy rowaýatlara görä, hatda otparazlaram muňa rugsat bermeýän ekenler, hatda haýwanlaram muňa garşy. Hatda horazlaram, öz towuklaryny gabanyp, onuň üstünde uruşýarlar ahyryn. Edil şol bir wagtyň özünde bolsa, Aleksandriýanyň we Beýrutyň kenarýakalarynda musulman erkekler öz musulman aýallaryny, olaryň el, ýüz, boýun däl, ähli ýerlerini görýän erkek adamlardan gabananoklar. Gijeki klublarda we «öňdebaryjy» oturyşyklarda ýokary gatlagyň ''musulman'' erkekleri ýat erkeklere öz musulman aýallary bilen tans etmäge, olary gujaklamaga we olary şeýle derejede özlerine gysmaga rugsat berýärler welin, erkegiň döşi aýalyň döşüne süýkenýär, garny garnyna galtaşýar, erkegiň dodaklary aýalyň ýaňaklaryna degýär, elleri bolsa, aýalyň tenini gurşap alýar. Hiç kim muny görenok. Musulman uniwersitetleri musulman ýigitleri ýarym ýalaňaç musulman gyzlary bilen bile oturdýarlar, muňa bolsa, ne musulman erkekler, ne-de musulman aýallar garşy çykýarlar we ş.m.!!! Şu we şuňa meňzeş aýyp hadysalary birbada ýok edip bolmaýar. Erbetlige nähili gelen bolsak, edil şonuň ýaly edip, hatda bu ýol biziň üçin gaty uzak görünse-de, yzymyza dolanmalydyrys. Biz ilkinji nobatda, iki jynsyň gatnaşmagyna garşy göreşmelidiris. Medeniýetlilik şygary astynda deňlige we jynslaryň garyşmagyna çagyrýanlar iki esse ýalançydyrlar: birinjidem, olar bu zatlary diňe özleriniň ten keýpine höwesi sebäpli, nejis meýillerini kanagatlandyrmak üçin isleýärler. Emma munuň tarapdarlary öz ýaman pällerini aç-açan mälim etmäge milt edip bilmeýärler we öz ymtylyşlaryny her hili lakgyldy we boş sözler bilen bukmak isleýärler. Muňa progress, siwilizasiýa, sungat, uniwersitet durmuşy, sport ruhy ýaly şygarlar girýär. Bu boş, ýöne gaty çykýan sözler depregiň gümürdisi ýaly düýbinden manysyzdyr. Ikinjiden, olar ýalançy, sebäbi 'ähli hakyky zatda Ýewropanyň tagmasy bolmalydyr' diýip ýewropalylara öýkünip, olaryň göreldesine eýerýän şol ''dogruçyllardan'' şol ýewropalylaryň özleri hem has dogruçyldyr. Sebäbi, olar üçin hakykat, ýalanyň garşylygy däl-de, şol ýerlerden: Parižden, Londondan, Berlinden, Nýu-Ýorkdan gelýän zatlardyr, hatda ol zatlar tans, azgynlyk, bozuklyk, stadionlarda eşiklerini çykarmaklyk, deňiz kenarlarynda ýalaňaçlanmaklyk ýaly zatlar bolsa-da. Biziň okan zatlarymyza görä we şol ýerlerde bolup gören şaýatlaryň hut özleriniň gürrüň bermegine görä, hatda Ýewropa we Amerikada-da jynslaryň beýdip garyşmagyny halamaýan we munuň ýaly zatlar bilen razylaşyp bilmeýän maşgalalaram az däl eken. Hatda Parižde, ynanyň, hut Parižiň özünde öz ýetişen gyzlaryna ýaş ýigitler bilen güýmenmäge we olar bilen kinoteatrlara gatnamaga rugsat bermeýän ene-atalar bar eken. Onuň üstesine-de, bu ene-atalar öz gyzlaryna diňe özleriniň bilýän we azgynçylykdan, bozuklykdan, ahlaksyzlykdan saplanan filmleri görmäge ygtyýar berýän ekenler. Jynslaryň garyşmagynyň tarapdarlary şeýle diýýärler: «Jynslaryň garyşygy jynsy islegi ýok edýär, ahlagy terbiýeleýär we jynsy aladalylykdan halas edýär.» Muňa jogap bermegi, dini bir gyra taşlan, ne Yslam şeýhiniň, ne-de hristian ruhanysynyň sözlerine gulak asýan Russiýa ýaly döwletleriň mekdeplerinde oglan-gyzy bilelikde garyşdyryp okatmagy girizenlere goýýarys. Ýene-de mysal hökmünde Amerikany alyň. Onuň öňünde duran bir topar meseleleriň içinde ýokary klasdaky gyzlaryň we talyp gyzlaryň arasyndaky göwreliligiň sanynyň artmagy durýar. Edil şonuň ýaly meseläni biziň ýurtlarymyzyň uniwersitetlerinde ýüze çykmagy kime gerek! Men ýaş ýigitlerden we jahyllardan ýokarda aýdylan zatlary berjaý etmegi towakga edemok. Çünki olaryň maňa gulak asjagyny umyt hem edemok. Men olaryň meniň pikirimi akmaklyk hasaplap, ýüz ugruna ret etjekdiklerini bilýärin. Sebäbi men olara (hamala, olaryň entek ýetip bilmedik) lezzetlerini we keýplerini gadagan edýärin. Men size ýüzlenýärin, eý meniň gyzlarym! Eý meniň imanly we dindar gyzlarym! Eý meniň dogruçyl we päk gyzlarym! Ähli ýagdaýda-da, pida boljak ýene-de sizsiňiz. Şonuň üçin şeýtana özüňizi gurban etmäň! Azatlyk, siwilizasiýa, öňdebaryjylyk, sungat we uniwersitet durmuşy ýaly şygarlary galkan edinip, oglan-gyz garyşan jemgyýetçilik durmuşyny owadanlap suratlandyrýanlara hiç haçan gulak gabardaýmaň! Şunuň ýaly nälet siňen ündewçileriň köpüsiniň ne aýaly, ne-de çagalary bar. Sizde olary gyzyklandyrýan zat diňe bir pursatlyk keýpden başga hiç zat däldir. Maňa gezek gelende bolsa, men birnäçe gyzyň atasy. Men size, edil öz gyzlaryma isleýişim ýaly ýagşylyk isleýärin. Bu näletkerde, deýýus adamlaryň ýaňraýan zatlarynyň hiç birisi gyza ne onuň ýitiren namysyny gaýdyp berer, ne-de garalanan abraýyny päklär. Eger gyz azgynlyga ýol berse, onda ýaňky dilewarlaryň hiçisi oňa elini uzadyp, ony batgalykdan çykarmaz. Olaryň hemmesi owadanlygy üçin (entek owadanlygy barka) gyzyň daşynda hozanak bolarlar. Haçan-da gözellik solanda, hyrydarlaryň hemmesi edil itleriň eti iýip bolansoňlar, läşi taşlap gidişleri ýaly ýok bolup giderler. Eý meniň gyzym! Meniň saňa berjek nesihatym şeýle. Hakykat hut şunda jemlenýändir, şonuň üçin hem başga zatlara gulak asma. Dogry ýolyň gapysynyň açarynyň bizde, ýagny erkeklerde däl-de, hut seniň öz eliňdedigini ýatdan çykarma. Eger sen isleseň, onda sen özüňi düzedip, päk gyz bolarsyň. Seniň päkligiň bolsa, bütin ymmatyň düzelmegine we päkligine alyp barar. Allanyň merhemeti siziň üstüňizde bolsun!!! Uýam! Bu makala saňa ýüzlenýär. Biz Alladan siziň halas bolmagyňyzy dileýäris. Eger biziň ýazgymyz size hakykaty we ýalany saýgarmaga kömek etse, örän şat bolarys. Beýik Alla biziň hemmämizi dowzahyň odyndan gorasyn! Ämin.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir