Salam agzalar. Meniñ sizden bir haýshdym bar. Sagat 12 bolup geçenden soñ bir okalýan namaz bolmalya. Shony arañyzda bilýaniñiz bar bolsa kyn görmän ýazaýyñda. Maña diñe haýsy súre nirede okalýa, näçe rekagt birem niyeti nähilidigni yazsañyz bolyar. Süreleri men bilýän. Ýöne nirede haýsyny okamaly bilemok. Eger kyn görmeseñiz bilýäniñiz bar bolsa ýazaýyñda.
Bilýaniñiz barmy?!
- 
                NB
                14 years ago
                
- Salam Hemmelere. Ayjagaz gije okalyan Namaza Tehejjud diyilyar oytyan. 
 cakym cak bolsa azansyz kkamatsyz edil sunnet yalak 2 rekagat oytyan, gyZlarda onsuzam azan kamat yok.
 Onchasynam galanyny bilemsong yazayaryn.
- 
                NB
                14 years ago
                
- Tehejjüd (gije) namazy 
 
 Gije namazynyň wagty aýratyn hem gijäniň soňky böleginde okalýan namazdyr. Bu namaz gündiz okalýan nafile namazlaryndan has fazyletlidir. Çünki, Allah Tagala şeýle diýýär: «Olar ýatan düşeklerinden ýaltanman turup, umyt we gorky bilen Allaha doga edýär. Olara beren ryzkymyzdan Allah ýoluna harçlarlar. Muňa derek olar üçin taýýarlanýan sylag-serpaýy hiç kim bilmez. », (Sejde16, 17). Pygamberimiz hem şeýle diýýär: «Farz namazyndan soň, iň fazyletli namaz gije namazydyr», (Müslim). Müslimiň «Sahyhyndaky» başga bir hadysda: «Gije namazyny okaň. Çünki, gije namaz okamak sizden öňki salyh gullaryň adatydyr. Bu namaz sizi Rabbiňize ýakynlaşdyrar, günäleriňize keffaret bolup, nefsiňizi günälerden saklar» diýlipdir.
 
 Tehejjüd namazy iki rekagatdan sekiz rekagata çenli okalyp bilner. Her iki rekagatdan salam berilmegi has fazyletlidir.
 
 Kurany Kerimiň:
 
 «Eý, Muhammet! Gijäniň bir bölüminde oýanyp, diňe saňa mahsus bolan ybadat bilen Kuran okap, gije namazyny kyl. Şonuň üsti bilen Rabbiň seni Makamy Mahmuda ýetirjekdigine umydygär bol», (Isra 79), diýen aýatyna esaslanyp, käbir alymlar tehejjüd namazynyň Pygamberimize farzdygyny belleýär. Hezreti Dawud (a.s.) hem gijäni alta bölüp, soňky dördünji, bäşinji bölüminde turup, namaz okar eken.
 
 Tehejjüd namazyna beýleki mü’minleri höweslendirýän ençeme aýat we hadys bardyr. Allah Tagala şeýle buýurýar:
 
 «Eý, Muhammet! Rabbiň seniň we ýanyňdaky ashabyňdan bolan jemagatyň gijäniň üçden ikisinde, ýarysynda ýa-da üçden birinde namaz üçin turup, namaz okaýanyňyzy şübhesiz bilýändir», (Müzzemmil 20). Başga bir aýatda:
 
 «Olar gijäniň az böleginde uklap, säher wagty bolsa istigfar ederler», (Zariýat, 17,18), diýlip beýan edilýär. Takwalyga eýerenleriň Allaha säher wagtynda istigfar eden kişilerdigini Äli Imran suresiniň 16-17-nji aýatlary habar berýär. Säher wagty gijäniň soňky altydan bir bölegidir. Säher wagty seýýidül-istigfar ady berlen şu dogany köp okamak-da mendupdyr:
 
 
 
 Manysy: «Allahym! Meniň Rabbim Sensiň. Senden başga ilah ýokdur. Meni Sen ýaratdyň. Men Seniň guluňdyryn. Güýjümiň ýetdiginden Saňa beren söz we ähdimde durýaryn. Eden işlerimiň şerinden Saňa sygynýaryn. Maňa beren nygmatlaryňy ykrar we günälerimi boýun alýaryn. Meni bagyşla, çünki, Senden başga günäleri bagyşlap, ýalkajak ýokdur», (Buhary, Tirmizi).
- 
                ynsan
                14 years ago
                
-  Allah Tagala şeýle diýýär:
 «Olar ýatan düşeklerinden
 ýaltanman turup, umyt we
 gorky bilen Allaha doga edýär.
 Olara beren ryzkymyzdan Allah
 ýoluna harçlarlar. Muňa derek
 olar üçin taýýarlanýan sylag-
 serpaýy hiç kim bilmez. » ,
 (Sejde16, 17). Pygamberimiz
 hem şeýle diýýär: «Farz
 namazyndan soň, iň fazyletli
 namaz gije namazydyr»,
 (Müslim). Müslimiň
 «Sahyhyndaky» başga bir
 hadysda: «Gije namazyny okaň.
 Çünki, gije namaz okamak sizden
 öňki salyh gullaryň adatydyr. Bu
 namaz sizi Rabbiňize
 ýakynlaşdyrar, günäleriňize
 keffaret bolup, nefsiňizi
 günälerden saklar» diýlipdir.
- 
                ynsan
                14 years ago
                
- sag bol nb dost
- 
                NMG
                14 years ago
                
- O namaza Tehejjud namazy diyaler ertir namazy dirmeden öng aşamyng 3de 2si geçenden song okasang bolar dıyıp bılyan.
 
 2 rekatdan okalyar. 2 rekat okap salam berıp yenede net edıp oakbermeli 12 rekada çenli okap bilyang.
- 
                muzazzi
                14 years ago
                
- oglanlar hemmanize sagbolyn .alla sizden razy bolsun  yazanlarynyz ucin
 
- 
                NB
                14 years ago
                
 
- 
                NB
                14 years ago
                
- Surat goymany barlap gordum.
- 
                lebap19920422
                14 years ago
                
- TUWELEME GOWY SURAT EKEN GORUN NAHILI TEBIGAT OWADAN EKEN MOLADEST.
- 
                hoshowaz
                14 years ago
                
- hemmelere salam.
 agzalar!
 agalar we iniler, uyalar we doganlar!
 tehejjud namazy bilen gije namazy bir zat daldir. tehejjud namazy yassy namazyny okap bolanson hic bolmanda biraz yatyp turulanson we ertir namazynyn wagty girmanka okalyan namazdyr. her tehejjud namazy gije namazydyr emma her gije namazy tehejjud namazy daldir
ozik 14 years ago- salam. Gynansamam mena bilemok.