Eger-de,biziň internede logatip goýmaly bolsa "Altyn pyşbaga" logatipi tüýs ýerine düşerdi.
Manysy:Pyşbaga ýaly haýal-altyn ýaly gymmat.

Internetden kino skaçat edip alandan,şol kinonyň telewizorda bererine garaşmak, has amatly.

Tehnologiýa älemi çaltlyk bilen ösýär,geljekde iň ýakyn adamyňyza açmadyk syrlaryňyzy hem,wpn bilen açyp bilerler.

3G aga we Wi-fi gelneje...Biz tarapda her näme diýseňem,3G agamyz aýagyny süýräp bolsada işleýär.Wi-fi gelnejä bolsa,bärde hiç hili şert ýok.

Hudaýa şükür!Biziň obada telewizor bar,komýuter bar,wi-fi bar.Bir kem zadymyz,tok ýok.

Ärini gürletseň aýaly ýaman,aýalyny gürletseň äri ýaman.Tüweleme,bir-birine mynasyp jübüt eken.

Wagt maşynyny oýlap tapyp,bir adamy 10 ýyl geçmişe ugradanymyzda,onuň ilkinji etjek işi,dollar ýygnamak bolardy.

Ol öz atasynyň ýedi puştuna ýetjek derejede ýygnan baýlygyny,ýedi günde iýip tüketdi.Elbetde, oňa ýedi puşta ýetjek derejedäki baýlygy,ýedi günde iýip tüketmäge,ýok ýerden peýda bolan,ýetmiş dosty hem kömek etdi.

Ukynyň iň gadyrlysy,garawul duran wagtyňdaky uky.

Ýary gije bir özüň gabrystanyň içinden geçme,şol ýerde ýatanlary gorkuzmagyň mümkün.

Ol söweşlere gatnaşyp gahryman bolmak isledi.Arman,söweş wagty ilkinji atylan ok şoňa degmände,ol maksadyna ýetmegem mümkündi.

Ýa aýalyň futbol görmäni öwrenmeli bolar,
ýa-da sen serial görmeli bolarsyň!

Ýaş çagaly maşgalalaryň 90%-den gowragynda,üýtgemejek bir kanun bar:"Multfilim kanaldan,başga kanala geçirmek gadagan!"

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir