Wals
Başymy döşüñe goýup,
Ajap saza tans oýnasam.
Bolarmy mähriñden doýup,
Durmuş binesip goýmasyn!

Sowulmasyn yşk döwrany,
Söýgi gezsin owaz bolup.
Göter ganatsyz göwrämi,
Arşy söýgä rowan bolup!

Hiññildikde üwrelen dek,
Bat goşulsyn badymyza.
Düññürdeşýän düwmelem dek,
Bagt ýetişsin dadymyza.

Garagözüm, birmy aýyp,
Näz etsem, biraz aýnasam?!
Başymy döşüñe goýup,
Ajap saza tans oýnasam...
***
Ýel-ýagmyra salam berdim,
Umyt diýdiñ, tamam berdim.
Öz-özümi tanaberdim,
Takdyrda gaýmadymmy ýa?

Ýuwaş-ýuwaş, ädim-ädim,
Kän zatda yakdylar mädäm,
Gunes boldum nury didä.
Sen Aýy saýladyñmy ýa?

Ykbal ik deýin pyrlady,
Seçdim şygryma syrlarym,
Ýaşym ýalñyşym durlady,
Hasratda gaýnadymmy ýa?

Wepamy ýüregime baglap.
Garaşdym bagrymt daglap,
Göwnümi añsatjak awlap.
Ýüregmi duýmadyñmy ýa?
Gülşirin Hanowa
13.01.2022 15:00

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir