PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ SEKIZINJISI

Sekizinjisi - "Pygamber ejir çekdirdi, adamlaryñ gözüne mil çekdirdi" diýilýär.
Bular hadys kitaplarynda geçýär. Toslama rowaýatda aýdylmagyna görä: "Medineli bir topar gelip, duran goýun sürüsini alyp gidýär, çopanymam öldürýär. Pygamberimiz şol topary sakladyp, yzyna getirdýärmiş we ilki gözlerine mil çekdirip, soñ olary Medinäniñ daşyndaky daşlyk bir ýere äkidýärmiş. "Bulary şu ýerde goýuñ, iýmäge-de bir zat beräýmäñ, gynalyp, gygyra-gyra ölüp galsynlar" diýenmiş. Bu nirede geçýär? "Sahyh Buharyda" geçýär. "Hadys"! Ýedi ymamyñ ylalaşyga gelen "Hadyslar" diýen bir kitap bar, men ony YŞYD-yñ gollanma çeşmeleri diýip, teleýaýlymq çykanymda görkezipdim. YŞYD medeniýetini näme iýmitlendirýär? Ine, şu kitaplar iýmitlendirýär.. Ýedi ymamyñ ylalaşyga gelen "Hadyslary", biri-de şu okanym, şunuñ üçimem dogry diýip ylalaşyga gelendirler. "Pygamber goýun ogurlady, adam öldürdi diýip adamlaryñ gözüne mil çekdirenmiş. Bu diýilýän zat kysas düzgünlerine ters, mil çekme diýen zat bolup bilmez. Kim öldüren bolsa kysasy şol... Gözüne mil çekdirmek nämäniñ alamaty? Açlyga terk etmek nämäniñ alamaty? Bu kitaplar muny nädip ýazyp bildikä?
"Gerçek Hayat" žurnaly "Hasâis-i Kübra" ("Pygamberimiziñ aýratynlyklary") atly müñ sahypalyk sowgat beripdi, men şol wagtlar bu žurnalda ýazypdym, ýalñyşmasam 2007-nji ýylda bolmaly. Şu aýdýanlarymyñ barsy "Hasâis-i Kübra"-da bar, kitap "aýala keselinden gutulsyn diýip peşewini içirdi" diýýär. Ýassyk ýaly kitap "adatdan daşary taraplary bilen pygamber"...
YŞYD diýeniñ, ine, şulary okaýar. Gidiñ, indi YŞYD-çylardan sorañ: bir adamyñ gözüne gaşyny çytman milem çekip bilýär, bir adamyñ boýnuny gözüni gyrpman oñrubam bilýär, aýaly ikinji derejeli adam ýerine-de goýup bilýär, gyrnagam edip bilýär. Bilaryñ barsy öñ "ýazylanmyş", çünki “çeşmelerde” bar. Adam bulara seredip, "bar-a, gardaşym bular, sen näme diýip otyrsyñ", bular diniñ şerti" diýýär. Bulara biz seljerilmedik köne yslam medeniýeti diýýäris. Bular bilen ýüzleşip, hasaplaşyp bilmesek, öñüni almak kyn bolar. Erte bir gün geler, bizi-de şeýderler.

Rejep IHSAN ELIAÇYK.

Täzelikler, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir