PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ ÝEDINJISI

Ýedinjisi - Pygamberimiziñ (s.a.w) 9 ýaşlyja gyzjagaza öýlenendigi baradaky orta atylýan pikir...
Bulam ýalñyş! Äşe durmuşa çykanda 19 ýa-da 21 ýaşyndady. Birnäçe ýoldan şeýle netijä gelip bilýäris. Äşäniñ özünden uly dogany Esma bar. Esmanyñ ýaşy çeşmelerde takyk ýazylan. Äşe ondan on ýaş kiçi. Esma hijriniñ 73-nji ýylynda 100 ýaş töweregi ýaşanda aradan çykypdyr. Şeýle-de Medinä gelende ol 27 ýaşan eken. Äşe ondan on ýaş kiçi bolandygy üçin, diýmek olam 17 ýaşynda bolýar. Pygamber bilen Medinä gelenine iki ýyl geçenden soñ nikalaşandygyna seretsek, ol durmuşa çykanda 19 ýaşynda bolýar. Birinjisi bu.
Ikinjisi, häzirem käbir arap taýpalarynda ýörgünli bolşy ýaly, şol wagtky araplar gyzlaryñ ýaşyny aýtmazlardy, aýdaýanlarynda-da, enesinden doglan wagtyna görä däl-de, aýbaşy gelip başlan ýylyna görä aýdarlardy. Meselem, "Äşe 9 ýaşynda" diýmek, onuñ aýbaşysy gelip başlanyna 9 ýyl boldy diýmekligi añladýar.
Rowaýatda "pygamber maña öýlenende 9-njy ýylymdadym" diýilýär. Şuña esaslanybam "ana, görýäñizmi, dokuz ýaşymdadym diýýär, özi aýdyp dur" diýýärler.
Gardaşym, "9-njy ýylymdadym" diýýär, ýagny, aýbaşymyñ gelip başlanyna dokuz ýyl boldy diýýär. Bulam 11 ýa-da 12+9 diýmek, bulam 19-20 ýaş diýmek bolýar. Şeýle-de, Äşe kakasy Hezreti Ebu Bekir (r.a) tarapyndan başga birine adaglanypdy. Pygamberimiz (s.a.w) orta çykyp, Ebu Bekirem pygamberimize eýerensoñ, müşrikligi saýlan maşgala gidip duşmanlarymyza uýdy, "onuñ gyzyny alyp bolmaz" diýip, gaýtarşyk etdi. Pygamberimiz has soñra Äşe bilen adaglandy. Nämemiş, "köçede oýnap ýörkä alyp, öýüne salanmyş"...
Pygamberi sübýançy (kämillik ýaşyna ýetmedik çaga bilen gatnaşyk saklan -t.b.) yglan edýärler! Bularyñ barsy pygamberiñ gelmegi bilen şahsy bähbitlerine, gara nebislerine palta urlan toparlaryñ toslap, ýaýradýan zatlarydyr.

Rejep IHSAN ELIAÇYK.

Täzelikler, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir