Milliarder Ilon Mask 2022-nji ýylyň ahyryna çenli adampisint robot döretmegi maksat edinýär. Bu barada electrek.co neşirine salgylanyp, mir24.tv habar berýär.

Täze robotlaryň modelleriniň "Ýyldyz söweşleri" (“Star Wars”) filmindäki C3PO we R2D2 robotlaryna meňzeş boljakdygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, her bir robotyň öz eýesiniň häsiýetine çalt uýgunlaşmagy öwrenip biljek derejede programmalaşdyryljakdygy bellenilýär. 
Robotlara gündelik işleri, mysal üçin dükandan söwda etmegi tabşyryp bolar diýlip çaklanylýar. Ilon Mask bu robotlaryň boýunyň 1,7 metr, agramynyň bolsa, takmynan, 56 kilogram boljakdygyny aýdýar.
Robotyň esasy dizaýn aýratynlyklaryndan biri onuň adamyňka meňzeş elleri bolar diýip, electrek.co neşiri ýazýar.

Täzelikler, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir