"Ölsem jynazamy bilbil okasyn"
(Özbek şahyry)

Ölsem jynazamy bilbil okasyn,
Aýtmadyk sözlerim aýtsyn sizlere.
Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Siz aglamañ, syr bildirmäñ illere.

Ölsem mazaryma agyr daş goýmañ,
Hem oýup ýazmañ siz oña adymy,
Ýüregimiñ oýuklaram ýeterlik,
Daşdan doly durmuşyñ her ädimi.

Ölsem, ýüregimde bir arman bolar:
Ejem elin goýup bilmez başyma,
Men uka giderin her gijeki deý,
Emma ejem gelip bilmez gaşyma,
Mährem sesi ol gün meni oýarmaz,
(Durmuş sen ne zalym, beyle oýunbaz!)

Irde-giçde ölüm hökmün ýöreder,
Dostlar, diñläñ size birje arzymy,
Ölsem, menden närazylar tapylsa,
Mümkimcilik bolsa töläñ karzymy.

Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Arzuwlarym bersin maña patyýa,
Meniñ size goýup biljek zadym ýok,
Goşgularym bolsun size hatyra,
hem ynamym galar menden ýadygär,
Gorañ ony, sizi Tañryýalkasyn!
Ölsem, ak bulutlar kepenim bolup,
Sayrak bilbil jynazamy okasyn!

Aýsapar EMELOWA.

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir