Geçdigiçe aramyzda menziller,
Seni söýen günlem düýş bolup barýar.
çylşyrymly, añsatlaşan derdimden,
Gam-gussalar maña noş bolup barýar.

Aýly agşamlaryñ astynda gizläp,
On gezek gülerdim, bäş gezek sözläp,
Eliñdäki altyn sagada gözläp,
Bagtly ýylgyrardyñ:Giç bolup barýar

Duşuşykda sagatlar çalt geçerdi,
Minutlar-a hasapdanam öçerdi,
Ynha bu gün sekunt bagty ölçerdi,
Millisekunt ýowuz güýç bolup barýar.

Ýylgyrañda oýulardy ýañaklañ,
Ýygrylardyñ ogşamda şol ýañakdan.
Çözlüp bilmän kalbymdaky doñaklar,
Boşan ýürek barha daş bolup barýar.

Söýgimizi bilýän diñe gijedi,
Şol gijeler bilen söýgi güýjedi,
Ahh, syrly söýgimiz neneñ süýjüdi,
...bu gün aýralygmyz paş bolup barýar.

Aýan däldir aýralygyñ sebäbi,
Yzlap bardym gije, öñküje däbi
Aý astynda çala öwrüldiñ bäri,
Nur düşen gözleriñ ýaş bolup barýar.

Şol gün meni gujakladyñ, agladyñ,
Dilleri çalt öwrüm etdi sagadyñ,
Gujagymdan sogrulanñy añmadym,
Kejebäñ bir oba iş bolup barýar.

Ak akrzuwlar gitdi ýele sowrulyp,
Gelmediñ, gelmegin yza öwrülip,
Ýanan men bolaýyn, yşga gowrulyp,
Bu gün ir ýataýyn,
...bäş bolup barýar

KerimHally

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir