Hamala-ylym alymy Hamala Hamalaýew Hamalaýewiç, dünýä belli milliarder Ilon Maskyň teklibinden ýüz dönderdi. Ýöne onuň näme teklipden ýüz dönderenligini aýtmazdan ozal, esasy bir wakany ýatlalyň.

Ýagny, ýeriň tekizligini tassyklap, NASA-ny ýalança çykarýan (boldugyndan synanyşýan) bujagaz alymymyz, eger kosmos hakykat bolsa, onda meni indiki ekspeditsiýaňyzda kosmosa äkidiň diýipdi. Elbetde onuň bu ýüzlenmesine NASA "idi ty w žopu" diýenden soň, hemme ýerde ol "kosmos ýalan", "ýok bolany üçin, meni äkitmekden ýüz öwürdiler", "meni satyn alyp bilmersiň Amerika" ýaly şygarlar bilen özüne üns çekjek bolup atanak satanak bolup gezip ýördi.

We onuň arzuwy amala aşdy, Ilon Mask oňa kosmosa üçmagy teklip etdi, we NASA-dan tersine, ondan 1 sent hem soramajakdygyny, hat-da kosmosa uçmak üçin astronawtlaryň podgotowka kurslarynyň töleglerini tölejekdigi hem aýtdy. Emma, biziň Alymymyz ýok ýere uçamok, eger ol raketa münsem, tehniki näsazlyk sebäpli ýarylar we men hakykady aýtmaz ýaly bahana bilen ölerin diýdi🤣🤣🤣

Garaz, tekiz ýerçiler, azajygam bolsa faktlary ýelmemäni öwreniň birazajyk. Ylym bir ýerde duranok. Arassa 8-9 ýyl mundan ozal, hemmäňiz "tipa, masonlary derňeýän blogerler we hantöre ýaly psewdonauka ynanýanlar" emeli ýürek çalyşmak we ýüregi emeli döretmek taslamasyny işläp düzýän alymlaryň, aldaw bilen pul ýygnaýan masonlardygyny gygyryp birtopar wideo goýardyňyz, hany ol wideolaryňyz??? Näme sebäpden ýalňyş atan pallaryňyzy pozýaňyz, bolmasa käbir wideolaryň 34mln prosmotry bardy😅

Ýene-de birzat, effekt roumera, ýa-da beýni diňe gerekli maglumata üns berýär diýen zady näme üçin ignor edýäňiz. Esasanam ylmy taýdan 128 eksperiment geçirilip 98.7% patsientlerde subut edilen zat ol.
- ýagny, siz toýda topbak adamlaryň arasyna giriň, ýada bazarda we diktafona 5 minut zapis ediň, öýüňize gelip diňläp görseňiz, bulam bujar wagyr wugur ses eşidersiňiz we hiç zada düşünmersiňiz. Emma şol ýerde özüňiz, birini tanan ýaly ýa tanap ýüzüne seretseňiz, eýýäm diňe şonuň geplerini eşidýäňiz we beýleki sesler birhili peselýär (beýni kabul edenok). Ýa adyňyzy eşidäýseňiz şol topbakda, şol adyňyzy aýdan adamyň sözleri arassa we dury eşidilip başlar. Edil şonuňky ýaly, meselem 666 san barada wideo ýa makala okasaňyz, soň hemme ýerden şol sany tapyp ugraýaňyz, şol san gözüňize köp ilip başlaýar)) galanynam özüňiz biliň.

Täzelikler, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir