Salam gadyrdanlar, tüweleme Türkmenlerem assa ýuwaş marketing ugrynda ösjek bolýalar. Ýöne gynanan ýerim, ösmek üçin hileli usullary peýdalanmaklary. Esasanam islenen.ru saýdyndaky agzanyň 12 harply haýwan adyny ýazana 200 manat berjek we instagramda ýazana iphone 11 pro max berjek diýen ýaly marketing taktikasy.

Siz ol baýragy hiç haçan utup bilmersiňiz, sebäbi 12 harply haýwan ýok. Emma bir agza teswirde 12 harply suwylganyň adyny ýazypdyr, emma awtor tipa hemmäniň bilýän we halamaýan haýwany diýen bolupdyr. Emma açan mowzugynda islendik 12 harply haýwan diýilgidi başda.

Ýagny beýle usul bilen agza öz çeşmesine (saýdyna, akkaundyna) intriga döredýär we kim jogap ýazsada nädogry diýilýär, bilmediklerem kim bilerkä, näme jogapka? Diýen pikirde gezýärler we jogap tapyldymyka diýip şol saýda ýa akkaunda ýygy ýygydan girip durýarlar, şol saýdy ýa akkaundy paýlaşýarlar (belki başgalar bilmegi ahmal diýip) we şeýdibem şol saýt ýa akkaunt TÜRKMEN ATLY YNANJAK MALLAR-yň kömegi arkaly mugt reklama edilmegini dowam edýär( soňky uly harpda ýazanymy göwnüňize almaň, dogry zady ýazdym diňe)

Täzelikler, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir