-Ot bir gezek ýanyp başlansoň, seniň gözegçiligiňden çykan ýaly bolar, unutma, öz ugruna goýberilen alaw şertler dogry bolsa, birnäçe wagt ýanar, emma gysga wagtda ýakyp biljeklerini ýakyp sönmäge başlar. Alawyň ilkinji häsiýeti ýaýramak bolsa, iň soňky häsiýeti hem ýok bolmakdyr… Şonuň üçin ol ody “iýmitlendirmeli”. Wagtynda ýerine täze ýanjak odunlar goýmaly, odunlaryň belli bir ýanyp başlan taraplaryny biri-birine öwürmeli. Ýanyp bilmeýän taraplaryna ýanar ýaly şert döretmeli. Birnäçe tertipler, sazlamalar… Ot (alawy) öz ugruna (ýoluna) goýberme. Goýberseň, ýok bolup söner… Alawyňyza siz jogapkär!
Oruç Auroba.

Alaw uzaklaşdygyňça sönmek bilen bolýar. Uzaklaşdygyňça senden öýkelär. Uzaklaşdykça dymmak bilen bolýar. Alaw tüssesini, saňa diýmek isleýänlerini okamagyňy isleýär.
Oňa bir gezek ýakynlaş. Onsaň, gör nähili ýanmaga başlarsyň. Emma oňa eýe çykmaga başlasaň, ol seni hiç aldamaz. Ýanmaga dowam eder. Ot ýandygyça ýaşaýanyňa düşünersiň.
Hemem ol alawyň daş-töwereginde perwanalar kän bolar. Ýanmak islärler, emma ýakynlaşmaga gorkarlar. Diňe oda jogapkär, ol jogapkärçiligi bilýänler ýanyna baryp biler. Muňa ýanmagy göze alanlar, ot bilen birlikde küle öwrülip, külünden täzeden dogulyp biljekler düşüner.

Bilim, Nirvana tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir