Günleriň birinde Hormatly Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) äleme nur çaýýan bakyşlary bilen Hezreti Ala ýüzlenýär: - Eý, Ali! - Sizi diňleýärin, eý, Resulallah! - Allahy söýýärmiň? - Elbetde söýýärin, eý, Resulallah! - Allahyň Resulyny söýýärmiň? - Hawa, söýýärin, eý, Resulallah! - Gyzym Fatymany (Patmany) söýýärmiň ? - Hawa, söýýärin, eý, Resulallah! – diýip , ýüzi gyzarýar. - Hasan bilen Huseýini söýýärmiň ? - Hawa, söýýärin, eý, Resulallah! - Eý Ali! Köňül – bir, söýgi – dört! Ýeke-täk köňle munça söýgini nädip sygdyryp bilýäň? - ?!... Hezreti Ali birbada dymýar. Allahyň Resulyna jogap berip bilmeýär. Utançly ýagdaýda, beýik huzurdan gitmäge rugsat sorap, öýüne tarap ugraýar. Onuň mübärek ýüzünde gaýgy gasynlary bar. Heniz öýüne girip-girmänkä Hezreti Fatyma onuň ýüzündäki üýtgeşikligi we aladany aňşyrýar. Berlen salamy alanda onuň sesi hem üýtgän ýalydy. - Eý, çagalarymyň kakasy! Eger- gaýgy aladaňyz dünýä we pany zatlar üçin bolsa, bu size gelişmeýär! Emma ahyrýet üçin bolsa, aýdyň, biz hem bileli! Hezreti Ali Allahyň Resuly bilen eden gürrüňini bolşy ýaly söýgüli ýaryna gürrüň berýär. Soňra bolsa umyt bilen ýanýoldaşyna şeýle diýýär: - Ýeri, näme diýersiň, eý, Fatyma? Pygamber güli Hezreti Fatyma güneş ýaly ýylgyryp şeýle jogap berýär: - Eý, balalarymyň kakasy! Baryň-da, Pygamberler Soltanyna şeýle diýiň: “Eý, Allahyň Resuly! Bir adamyň sag-çep, öň- yz, ýokary-aşak taraplary bar. Edil şonuň ýaly-da köňlüň hem şeýle taraplary bardyr. Ynha, men Eziz ( hemişe üstün we hiç wagt ýeňilmeýän) hem Jelil (mertebesi tükeniksiz beýik) bolan Allahy akyl we imanym bilen, Allahyň Resulyny ruhum bilen, Fatymany beşeri duýgularym bilen, Hasandyr Hüseýini bolsa tebigy, kakalyk mährim bilen söýýärin. Şeýlelikde , köňlümiň her tarapynda aýry-aýry söýgä orun goýýaryn ”. Jennet zenanlarynyň soltanyndan bu jogaby alan Hezreti Ali dessine Hormatly Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) huzuryna barýar. Söýgüli ýarynyň ýokardaky sözlerini bolşy ýaly edip aýdýar. Söýgüli Pygamber (sallallahu aleýhi wesellem) ýylgyryp: - Eý, Ali! Bu getirenleriň seniň jogabyň däl. Belki-de, Pygamber daragtynyň ahasyndan goparylan bir güldür! – diýýär.

Köneler, ynsan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir