Ahyrzaman pygamberi Muhammed sallallahu aleyhi we sallam aydypdyrlar: Edilen amallaryň dereje we mertebeleri adamlaryň niýetlerine görädir. Her kişiniň eden işiniň muzdy niýetine garap berler. Allah tagala we resulynyň razylygy üçin Medinä hijret edijilere Allah we resul üçin hijret etmek sogaby bolar. Dünyä üçin ýa bir aýaly nikalanmak maksady bilen Medinä baryjylaryň ülüşi hem öz dünýewi maksatlaryna ýetmek üçin bolup başga dereje bolmaz. (Sahyh Buhari, 1j. 2 sah.) Mekke musulman edilen wagta çenli (8-nji hijri ýyly) Medine şäherine , resulallahyň huzuryna gaçyp barmak çenden aşa sogaply bir amaldy. Mekke feth edilenden (musulman edilenden) soň resulallahyň “ indi hijret gutardy” diýen sözlerine görä hijret öňki mertebesinden düşdi. Rowaýatlara görä bir adam Medinä hijret eden bir aýaly nikalap almak üçin yzyndan gidipdi. Munuň asyl maksady resulallahyň ýanyna barmak bolman, şol aýaly almakdy. Pygamberhuda munuň niýetini bilenden soň ýokardaky hadysy aýdypdyr. Hadysda has (belli) bir amal aýdylsa-da maksat umumy bolup her bir amal: beden amaly bolsun, mal amaly bolsun, az bolsun, köp bolsun hemmesi niýete garap ýöreýänligini bildirýändir. Niýet bozuk bolsa amal hem bozuk, niýet düzüw bolsa amal hem düzüw we ygtybarlydyr. Bendeleriň ygtyýary bolan işleri: ylym- erada-kuwwat diýen üç zat bilen tamam bolar. Çünki ynsan özi bilmeýän zadyny erada kylyp bilmez. Meselem: suwsan adam onuň dermany suw içmek ekenligini biler. Ondan soň suw içmäge göwni bilen niýet eder. Ondan soň içer. Ine şu üç iş bilen munuň amaly tamam bolar. Eger “niýet name?” diýip sorasalar ”bir zady bilip göwün bilen erada kylmak” diýip jogap berler. Şonuň üçin ybadat wagtlarynda diňe dil bilen okamagyň manysy bolmaz çünki niýetiň orny ýürekdir. Meselem: ýüregi bilen ikindi namazy niýet eden halynda dili bilen agşam namazy niýetlese ya-da hiç zat diýmän dursa şol ikindi namaza hiç zyýan bolmaz, emma ikindi namazy okan wagty dili bilen şol ikindini niýetlese, ýürekden başga namaz diýip oýlasa ýa mutlak (umuman) gapyl bolsa onuň okan namazy hasap bolmaz. Namaza başlan wagtlary resulallah we sahabalaryň dilleri bilen niýet edendikleri rowaýat edilmändir. Şoňa görä dil bilen niýet etmäge meşgul bolup ýüregi gapyl galdyraýmaly däldir. Umuman amal we ybadat hem-de başga zatlaryň ruhy niýetdir. Goýun ogurlamak üçin sürüniň bir çetinden yaşryn baryp şol sürä goşan öz goýunyny ogurlap almak günä bolup, öz malyny almak niýeti bilen kişiniň malyny alyjy şerigat we ahlak nazaryndan aýyply sanalmaz. Niýet düzüw bolanda amal bolsa bolmasa bende sogaply bolup niýet bozuk bolup yagşy amallar etmek hem günädir. ”Mömüniň niýeti amalyndan yagşydyr” diýen sözden hikmet hem şudur. Şerigatda hile etmegi inkär kylmakda ymam Buhari şu hadysy delil edindi. Emma hile barasynda ulamalar iki ýol goýdular. Biri: haramdan we günäden uzak bolmak niýet bilen hile edilse dürs. Ikinjisi: bir musulmanyň hakyny zaýa etmek hem-de şerigat hökümlerini gümürtik ýagdaýa salmak üçin edilse nädürs we günädir.

Köneler, ynsan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir