Eger Kuranyň dünýä we adamzadyň ýaradylyş syryny açyp görkezişini aýatlar arkaly gören mahalyň , onda bialaç Bu Kitap elbetde Hudaý tarapyndandyr diýmeli borsyň. Kuran hakta dünýe we adamzadyň däl hatda ähli zadyň syryny açýar diýsegem ýalňyşmarys , geçmiş we geljek, dünýe we ahyryýet, we ýene ähli zady gurşan beýany bilen akyllary haýran etýär. Egerde men ýollap geçip barýarkam (mysal)adamlar topara bolünip biri, ilki älem soň Kuran ýaradylan bolaýmasyn diýýän bolsa, ikinjilerem Ilki Kuran soň älem ýaradylan bolaýmasyn diýen pikirde bolsa, onda men 2nji topara goşulardym hatda 1nji toparyň soraglaryna jogap berip bilmesem. Çünki O Kitaby nehä zamanyň içinde nede mekanyň içinde ýerleşdirip bolýar. Kuran Kerim hakda aýtmaly bolsa, «Eger gulumyz Muhammede (s.a.w.) iberenimize şübhelenýän bolsaňyz, onda onuň ýaly bir süre getiriň, eger aýdýanyňyz dogry bolsa. Allahdan başga ähli kömekçileriňizi hem çagyryň» (Bakara, 23). «Aýt, ant bolsun, eger ynsanlar we jynlar Kuranyň mislini döretjek bolup bir ýere ýygnansalaram ýene başarmazlar . Biri-birlerine arka çykyp, kömek etseler-de» (Isra, 88). «Allah her janly zady suwdan ýaratdy. Olaryň kimi göwresi bilen süýrenip (süýren;jiler) ýöreýär, kimi iki aýagynyň üstünde, kimi dört aýakda ýöreýär. Allah isleýşi ýaly ýaradar…» (Nur, 45). Kuranda deňiz sözi 32 gezek, gury ýer sözi 13 gezek agzalar. 32+13=45 ýer 13 gezek 13/45=28,88888889% Deňiz 32 gezek 32/45=71,11111111% Jemi 45: 100% Bütin ýeriň öl we gury ýerini dolulygyna prosenti bilen takyk beren, hatda ylym soňky derejä ýetip ylym hem şol netijäni beren mahaly. Çakym çak bolsa ynsan bedeniniň hem 71% suw öýtýän.

Köneler, ynsan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir