Huawei kompaniýasy Watch 5 flagman sagatlaryny we Watch Fit hataryny hödürledi

Huawei kompaniýasy Watch 5 flagman smart-sagatlaryny hem-de Watch Fit 4 we Watch Fit 4 Pro modellerini hödürledi.
Watch 5 sagady 42 we 46 mm korpus diametrleri bilen elýeterlidir. Olaryň ikisi-de eSIM-i goldaýar we sport bilen meşgullanmak, saglyk ýagdaýyňa gözegçilik etmek üçin laýyk gelýär. Gurluş 5 ATM çenli suwdan goraga (50 metre çenli...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, 2 months ago


“Rembonyň” Wýetnamdaky uruş baradaky prikweli düşüriler

Kann film festiwalynda "Rembo" filmine prikweliň dörediljekdigi yglan edildi. "Jon Rembo" diýlip atlandyrylan täze filmde Wýetnam söweşi wagtynda gahrymanyň başdan geçiren hupbatlary barada gürrüň berler.
Taslama öň “Gaýduwsyzlar” (“Неудержимые”) franşizasynyň filmlerini çykaran Millennium Media kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär. Režis...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, 2 months ago


«Intuitive Machines» kompaniýasy «Athena» aý modulynyň ýykylmagynyň üç sebäbini düşündirdi

ABŞ-nyň «Intuitive Machines» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Athena» (Afina) aý moduly 2025-nji ýylyň 6-njy martynda Aýa gonjak bolanda, tehniki näsazlyklar sebäpli, ýykylypdy. Kompaniýanyň baş direktory Stiw Altemus başa barmadyk synanyşygyň sebäplerini düşündirdi.
Onuň sözlerine görä, ilkinji mesele – lazerli beýiklik ölçeýjiniň nä...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 2 months ago


Astronomlar ilkinji gezek Ýerden 155 ýagtylyk ýyly uzaklykda kristallaşan suw buzuny tapdylar

Astronomlar onlarça ýyl bäri doňan suwuň diňe bir Gün ulgamynda däl, eýsem onuň daşyndaky ýerlerde hem bolup biljekdigini çaklap gelýärdiler. Indi bolsa «Jeýms Uebb» teleskobynyň kömegi bilen ilkinji gös-göni subutnama alyndy – kristallaşan suw buzy «HD 181327» atly ýyldyzyň daşyndaky galyndy diskinde ýüze çykaryldy. Bu öz görnüşindäki ilkinji açyş...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, 2 months ago


YouTube wideolaryň iň gyzykly pursatlarynda mahabat görkezip başlar

Google kompaniýasy YouTube üçin täze görnüşli mahabat formatyny girizýär diýip, Nýu-Ýorkdaky tanyşdyrylyşa salgylanyp, «TechCrunch» habar berýär. Täze tanyşdyrylan «Peak Points» tehnologiýasy wideolaryň iň gyzykly pursatlaryndan, ýagny tomaşaçylaryň ünsüni iň köp jemlän ýerlerinden soň mahabat görkezer.
Şeýle pursatlary anyklamak üçin, Googl...

Dowamy »

92 0
Täzelikler, 2 months ago


Alymlar düwünçejikde ýüregiň emele gelşini ilkinji gezek wideo ýazga geçirdiler

London uniwersitet kollejiniň we Frensis Krik institutynyň barlagçylary janly syçan düwünçeginde ýüregiň emele gelşiniň ilkinji 3D wideosyny aldylar. Bu barada MedicalXpress neşiri habar berdi.
Ýüregiň öýjükleri bolan kardiomiositler fluoresent markerleri bilen bellik edildi we dürli reňklerde yşyklandyryldy. Bu olara ýürek gulajygynyň we ga...

Dowamy »

90 0
Täzelikler, 2 months ago


Neýrobiolog: Nusgawy saz çyşyrymly meseläni çözmäge girişmezden ozal ünsüňi jemlemäge kömek edýär

Nusgawy saz ünsüňi jemlemäge we işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Bu barada New York Post neşirine neýrobiolog we “Beýnä bähbitli iş ýeri: näme üçin zehinli adamlar işden çykyp gidýärler” kitabynyň awtory Friderike Fabrisius gürrüň berdi.
Hünärmeniň sözlerine görä, kyn wezipäni çözmäge girişmezden ozal her gezek şol bir sazy d...

Dowamy »

97 0
Täzelikler, 2 months ago


Netflix "Gears of War" oýnunyň esasynda film çykarar

Netflix Gears of War wideo oýny esasynda doly göwrümli film çykarmagy meýilleşdirýär. Akym hyzmaty filmi surata düşürmek üçin “Kaskadýorlar”, “Gülleden ýyndam” (“Быстрее пули”) we “Dedpul 2” filmleriniň režissýory Dewid Leýtç bilen gepleşikleri geçirýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.
Edebi esasyny öň Deni Wilnýow bilen “Dýunanyň...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 2 months ago


Baş keşpde The Weeknd bilen “Iň soňky ertir” filmi tankytçylaryň nägile bolmagyna getirdi

Günbatar metbugaty aýdymçy The Weeknd-iň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki “Iň soňky ertir” (Последнее завтра) filmini tankytlady. Trilleriň režissýory indi-kinematografiýaçy Treý Edward Şuls boldy. Ol “Tolkunlar” (Волны) dramasy we “Ol gije gelýär” (Оно приходит ночью) horrory bilen bellidir.
Häzirki wagtda “Iň soňky ertir” filminiň reýtingi...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, 2 months ago


Tom Kruz we Ana de Armas “Çuň” atly fantastik trillere gatnaşar

Tom Kruz bilen Ana de Armas “Geljegiň çägi” filminiň režissýory Dag Laýmanyň täze filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Olar baş keşpleri ýerine ýetirmäge taýýarlanyp başlady we häzir film üçin zerur boljak daýwing okuw-türgenleşigini geçýär.
Fantastik triller “Deeper” (“Çuň”) adyny aldy. Sýužet boýunça...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 2 months ago


Toyota 18 müň dollardan bZ5 kupe-krossoweriniň önümçiligine başlady

FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy bZ5 elektrik kupe-krossoweriniň yzygiderli önümçiliginiň başlanandygyny habar berdi. Bu orta göwrümli awtomobil bolup, Hytaýda deslapky sargyt üçin eýýäm elýeterlidir.
Täze ulag iki wersiýada hödürlenýär. Bahalar 130 000-den 160 000 ýuan aralygynda (takmynan, 18 – 22,2 müň dollar) üýtgeýär. Ýöne hakyky baha a...

Dowamy »

78 0
Tehnologiýa, 2 months ago


Ýer ýüzünde her bir adam ýylda ortaça 11,2 kg elektron galyndy döredýär

EMEA boýunça IDC kompaniýasynyň wise-prezidenti Fransisko Žeronimo TEDxLisboa konferensiýasynda eden çykyşynda 2022-nji ýylda elektron galyndylaryň möçberiniň 62 mln tonna ýetendigini, adam başyna ortaça görkezijiniň bolsa ýylda 11,2 kg bolandygyny habar berdi. Ol gajetleriň hyzmat ediş möhletini 12 aý uzaltmagyň her ýyl 2 mln awtomobili ulanylyşda...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 2 months ago


Awstraliýaly alymlar adamyň gözüne meňzeş kompýuter gözüni döretdi

Awstraliýadaky RMIT (Royal Melbourne Institute of Technology) uniwersitetiniň alymlary adamyň gözi ýaly işleýän elektron gözüň prototipini döretdi.
Adamyň gözi we beýnisi her bir kadry dolulygyna işlemeýär: olar herekete tiz reaksiýa bildirip, ilkinji nobatda, obýektleriň konturlaryny görýär we beýnä derrew signal iberýär. Täze çip hem bu pr...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, 2 months ago


Di Mariýa “Benfikadan” gidýändigini habar berdi

“Benfikanyň” hüjümçisi Anhel Di Mariýa Lissabon klubunyň çempionatdaky şowsuzlygyna teswir berip, özüniň topardan gitjekdigini mälim etdi. Ýatlap geçsek, aýgytly göreşde “bürgütler” çempionlygy “Sportinge” bermeli boldy.
“Bu biziň çempionatda islän netijämiz däl. Biz maksadymyza ýetmek üçin köp zähmet çekdik. Şeýle uzak ýyldan soň ähli zady...

Dowamy »

86 0
Sport, 2 months ago


Arheologlar Goňurdepäniň Oks siwilizasiýasyndaky möhüm ornuny açyp görkezdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Goňurdepedäki guburlaryň jaýlanyş dessurlary, planigrafiýasy we hronologiýasy boýunça giňişleýin barlag geçirdiler. Alnan netijeler Goňurdepäniň bürünç eýýamynda Merkezi Aziýada gülläp ösen we soňra ýitip giden Oks siwilizasiýasynyň (Baktriýa-Margian arheologik toplumynyň) administratiw hem-de dini merkezi...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, 2 months ago


Bary-ýogy 72 sany öndüriler: De Tomaso «P72» superkarynyň seriýa wersiýasyny tanyşdyrdy

«De Tomaso Automobili» italýan brendi 11 ýyldan soň «P72» superkarynyň köpçülikleýin önümçilik üçin niýetlenen wersiýasyny hödürledi. Ilkinji ulaglar müşderilere 2025-nji ýylyň ahyrynda gowşurylar. Bu modelden bary-ýogy 72 sanysy öndüriler.
«P72» konsept-kary ilkinji gezek 2019-njy ýylda Gudwuddaky Tizlik festiwalynda görkezilipdi. Ulagyň di...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, 2 months ago


Loro Piana Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer

«Loro Piana» italýan brendi Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer. «Resilient Threads» atly taslama howanyň üýtgemeginden zyýan çeken Suhe-Bator welaýatyndaky bäş etrabyň daşky gurşawyny goramaga gönükdiriler. Bu barada «WWD» habar berýär.
Brend Italiýanyň daşyndaky ýeke-täk kaşemir önümçilik desgasynyň ýerleşýän bu sebitinde maldarçyly...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, 2 months ago


Maýli Saýrus «Something Beautiful» täze albomy bilen baglanyşykly film çykarar. Ol kinoteatrlarda bir gün görkeziler

Aýdymçy Maýli Saýrus «Something Beautiful» atly täze albomy bilen bilelikde film çykarar. Aýdym-sazly film iýun aýynda diňe bir günlügine kinoteatrlarda görkeziler. Bu barada «NME» habar berýär.
Filmde 30-njy maýda çykjak täze albomdan 13 kompozisiýa eşitdiriler. Filmiň dünýä boýunça premýerasy 6-njy iýunda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek Trib...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, 2 months ago


Honor Samsung-y ýaňsylady: onuň smartfony S25 Edge-den diňe bir inçe däl, eýsem kuwwatly

Hytaýyň Honor kompaniýasy tizer çykaryp, onda özüniň eplenýän Magic V3 smartfonyny ýaňy-ýakynda anons edilen Samsung Galaxy S25 Edge bilen deňeşdirdi.
Magic V3-üň ýogynlygy açylan ýagdaýynda 4,35 mm, Samsung Galaxy S25 Edge – 5,8 mm barabar. Tizeriň ýazgysynda Honor şeýle sorag bilen ýüzlenýär: “Eger oňuşmaly boljak bolsa, inçe bolmak nämä g...

Dowamy »

75 0
Tehnologiýa, 2 months ago


Kaliforniýada 27 sekuntda burger taýýarlaýan robotlar bilen restoran işläp başlady

Kaliforniýada BurgerBots restorany işläp başlady we ol ýerde robotlar 27 sekuntda burger taýýarlaýar. Bu barada ABB Robotics kompaniýasynyň saýty habar berýär.
Restoranda IRB 360 FlexPickers we YuMi cobots robotlary ornaşdyryldy. Olar ýokary tizlikde burgerleri ýygnap, her gün ýüzlerçe birmeňzeş tagamy taýýarlaýar. Her burger takyklyk bilen...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, 2 months ago


Audi Wengriýadaky zawodynda millionynjy «Q3» modelini öndürdi

«Audi» kompaniýasynyň Wengriýanyň Dýor şäherindäki zawodynda «Q3» awtoulagynyň millionynjy nusgasy öndürildi. Ilkinji gezek 2011-nji ýylda tanyşdyrylan ykjam awtoulag henizem kompaniýanyň iň meşhur modelleriniň biri bolmagynda galýar.
Umuman dünýä boýunça iki milliondan gowrak «Q3» satyldy. 1993-nji ýyldan bäri işleýän Dýordaky zawod şol awt...

Dowamy »

65 0
Tehnologiýa, 2 months ago


Autonomous ýerli ýagdaýda işleýän neýrotorlar üçin güýçli EA kompýuterini çykardy

«Autonomous Inc.» kompaniýasy «Brainy» atly täze iş stansiýasyny hödürledi. «Brainy» – bulut ulgamlaryna mätäç bolmazdan, emeli aň modellerini ýerli ýagdaýda işledip, türgenleşdirip bilýän kiçi ölçegli güýçli enjamdyr.
Adaty kompýuterlerden tapawutlylykda, «Brainy» sekiz sany «RTX 4090» wideokartasyny goldaýar we bir petaflopsdan ýokary öndü...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, 2 months ago


Awstraliýaly alymlar plastik aýnalaryny ulanyp, Gün energiýasyny öndürmegiň çykdajysyny 40% peseltdiler

Awstraliýaly alymlar Gün energiýasynyň öndürilişiniň çykdajysyny 40% azaldyp biljek ýeňil plastik aýnalary işläp taýýarladylar. Ilkibaşda awtoulaglar üçin işlenip düzülen tehnologiýa indi oba hojalygynda we senagatda çykdajylary peseltmäge, şeýle hem uglerod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berer diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär.
Günorta...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, 2 months ago


OpenAI kompaniýasy BAE-däki uly maglumat merkeziniň gurluşygyna ýardam berer

«ChatGPT» çat-botunyň döredijisi bolan «OpenAI» kompaniýasy Birleşen Arap Emirliklerinde guruljak täze uly maglumat merkeziniň işlenip düzülmegine ýardam berer. Bu merkez soňlugy bilen dünýäniň iň uly maglumat merkezleriniň birine öwrüler we «OpenAI» onuň esasy ygtybarly kärendeçileriniň biri bolar diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär.
...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, 2 months ago


Mazda «EZ-6» sedanynyň sport wersiýasyny hödürledi

«Mazda» kompaniýasy hytaýly hyzmatdaşy «Changan» bilen bilelikde «EZ-6» sedanynyň Hytaý bazary üçin niýetlenen täze sport wersiýasyny çykardy. «Sports Edition» agressiw dizaýny bilen tapawutlanýar. Ol hem arassa elektromobil görnüşde, hem-de gibrid güýç ulgamly («Range Extender») görnüşde hödürlenýär. Bu barada «CarNewsChina» habar berýär.
E...

Dowamy »

70 0
Tehnologiýa, 2 months ago