Hytaýda 10 ýyldan soň dünýäniň iň beýik “taşlanan” binasynda gurluşyk işleri dikeldildi, bina 117 gatly

Hytaýyň Týanszin şäherinde 597 metrlik Goldin Finans 117 binasynyň gurluşygy 10 ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan başlanýar. Gurluşygy 2027-nji ýylda tamamlanmak meýilleşdirilýär.
Doly gurlup gutarylmadyk bina 2015-nji ýyldan bäri boş ýatyr. Gurluşyk gazna bazarynyň çökmegi we ýapylmak tapgyrynda durýan jaý gurujynyň kynçylyklary bilen bagly d...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, 1 month ago


UFC-iň söweşijisi hakyndaky täze filmde Aleksandr Usik Dueýn Jonson bilen oktagona çykar

A24 studiýasy amerikaly aktýor Dueýn “Gaýa” (“Скала”) Jonsonyň we Ukrainanyň agyr agram derejesindäki ýeňilmezek boksçysy Aleksandr Usigiň oýnan “Ýumurýan maşyn” (“Крушащая машина”) sport dramasynyň ilkinji treýlerini çykardy. Film 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda dünýä derejesinde görkeziler.
Film UFC-niň iki gezek çempiony, MMA-nyň häzirki...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, 1 month ago


Täze Toyota Tacoma IIHS-niň heläkçilik synagyndan geçip bilmedi, Infiniti QX80 iň ýokary bal gazandy

Amerikanyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy instituty (IIHS) iki sany meşhur ulagyň - Toyota Tacoma-nyň we Infiniti QX80-iň gatnaşmagynda täze heläkçilik synagynyň netijelerini çap etdi. Olaryň netijeleri biri-birine düýbünden gapma-garşy boldy.
Täzelenen 2024-nji ýylyň Toyota Tacoma-sy Double Cab kuzowynda orta derejeli frontal urgy boýunça dö...

Dowamy »

59 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Ýewropa kosmos agentligi tokaýlary öwrenmek üçin orbita emeli hemra uçurdy

29-njy aprelde Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Vega-C göteriji raketasyny üstünlikli uçurdy. Apparat Fransuz Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan badalga aldy we tokaýlary öwrenmek hem-de kömürturşy gazyna gözegçilik etmek üçin ulanyljak Biomass emeli hemrasyny orbita çykardy.
Biomass – Ýeri uzak aralykdan barlamaklyga niýetlenen hemra. Onuň esa...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, 1 month ago


Dünýäniň iň garry adamy ady beýik britaniýaly zenana geçdi

116 ýyl 326 gün ýaşynda monah aýal Ina Kanabarro Lukas aradan çykdy – ol dünýäde iň garry adam diýlip hasaplanýardy. Bu barada aýalyň degişli bolan Portu-Alegri şäheriniň dini jemagatyna salgylanyp, AFP habar berýär.
Amerikanyň Gerontologiýa gözlegleri toparynyň (GRG) maglumatlaryna we LongeviQuest maglumatlar bazasyna görä, Lukas aradan çyk...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, 1 month ago


“PSŽ” Çempionlar ligasynyň birinji 1/2 final oýnunda “Arsenaly” utdy

Londondaky “Emireýts” stadionynda 2024/2025 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen “PSŽ-niň” arasyndaky birinji ýarym final oýny boldy. Duşuşyk fransuz klubunyň 1:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.
Myhmanlar eýýäm 4-nji minutda hasaby açdy – “PSŽ-niň” hüjümçisi Usman Dembele gol geçirdi.
“Arsenalyň” öňe çykmak üçin...

Dowamy »

72 0
Sport, 1 month ago


Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp...

Dowamy »

50 0
Täzelikler, 1 month ago


Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti bilen duşuşdy

29-njy aprеlde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Ž.Buzu türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, 1 month ago


Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň medeni-durmuş maksatly desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy

29-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, şäheriň çäklerinde gurulýan döwrebap seýilgähiň şeki...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, 1 month ago


Xiaomi ýedi sany meşhur smartfon modeli üçin goldawy bes edýär

Xiaomi 2025-nji ýylyň aprel aýynda ýedi sany smartfon modeli üçin goldawyň bes ediljekdigini (EOL-nyň tamamlanjakdygyny) habar berdi. Bu ýagdaý programma üpjünçiliginiň täzelenmeleriniň, şol sanda howpsuzlyk üçin möhüm paçlaryň we täze operasion ulgamyň wersiýalarynyň çykarylmagynyň bes ediljekdigini aňladýar diýip, «Gizchina» ýazýar.
Goldaw...

Dowamy »

61 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Volkswagen ýewropa bazarynda elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan geçdi

JATO Dynamics-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Volkswagen Tesla-dan öňe geçip, Ýewropa Bileleşiginiň çäginde iň meşhur elektromobil brendi boldy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär.
Ýylyň ilkinji üç aýynda ÝB-de Volkswagen-iň 65 müň 679 elektromobili hasaba alyndy, Tesla bolsa 53 müň 237 sanysyny satdy. Şeý...

Dowamy »

66 0
Tehnologiýa, 1 month ago


«Titanigiň» ýolagçysynyň ýazan haty auksionda 400 müň dollara satyldy

«Titanikde» aman galan ýolagçy tarapyndan ýazylan hat «Henry Aldridge & Son» auksionynda 300 müň funt sterlinge (takmynan, 400 müň dollara) satyldy. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär.
Neşiriň belleýşi ýaly, lotuň bahasy başlangyç bahasyndan bäş esse ýokary boldy. Bu hat «Titanik» bilen baglanyşykly bize mälim bolan hatlaryň arasyn...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, 1 month ago


Chevrolet Braziliýanyň bazary üçin S10 100 Years Edition pikabyny hödürledi

General Motors Braziliýada täze 2026-njy ýyl «Chevrolet S10 100 Years Edition» pikabyny resmi tavdan tanyşdyrdy. Kompaniýanyň metbugat gullugyna görä, ýörite wersiýa brendiň ýüz ýyllygyny bellemek üçin taýýarlanyldy we deňsiz-taýsyz modelleri çykarmak däbini dowam etdirýär.
Ýubileý wersiýasy başdan geçirmeler üçin niýetlenen eksklýuziw kompl...

Dowamy »

70 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Microsoft "Windows 11-e" emeli aňly üç sany täze funksiýa goşdy

Microsoft kompaniýasy Copilot+PC-lary üçin Windows 11-iň aprel täzelenmesini çykardy. Onda emeli aňly üç sany täze funksiýa peýda boldy.
Recall-yň esasy funksiýasy şifrlenen skrinşotlary wagtal-wagtal enjamyň ýerli ammarynda ýatda saklamak bilen, fon režiminde işleýär. Ulanyjylar maglumatlary açar sözler, seneler we programmalar arkaly gözlä...

Dowamy »

65 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Osakada Expo 2025 üçin dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy

Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki Ýumeşima emeli adasynda uzynlygy iki kilometr töweregi bolan dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy. Desga Expo 2025-iň merkezi elementi we durnukly gurluşygyň nyşany boldy.
Bu halka Expo 2025 Bütindünýä sergisiniň esasy elementi bolup, “Köpdürlülikde jebislik” ideýasyny görkezýär. Ol tutuş sergi meýd...

Dowamy »

50 0
Täzelikler, 1 month ago


Braziliýada 113 million ýyl ozal ýaşap geçen garynjanyň galyndylary tapyldy

Braziliýada ylma mälim bolan dowzah garynjasynyň (bu hili atlandyrma gadymy grek mifologiýasyndan gözbaş alýar) iň gadymysy tapyldy. Onuň ýaşy 113 million ýyl hasaplanýar diýip, Current Biology žurnaly habar berýär.
Bu garynjalar şeýle aýylganç lakamymy öňe uzap gidýän, çalgyny ýatladýan uly mandibullary sebäpli berlipdir. Garynjalar olaryň...

Dowamy »

55 0
Täzelikler, 1 month ago


“Kesgir gaşlar” filminden Killian Mýorfiniň eşigi auksionda satylar

Killian Mýorfiniň “Kesgir gaşlar” (Острые козырьки) serialynda Tommi Şelbiniň rolunda geýen üçli eşigi Omega Auctions haýyr-sahawat auksionyna çykaryldy. Ähli alnan serişdeler onkologiýa keseli bolan adamlaryň goldawyna gönükdiriler.
Auksion 20-nji maýda Mançesterdäki Peaky Blinders barynda onlaýn geçer. Harydyň bahasynyň 1000 – 2000 funt st...

Dowamy »

49 0
Täzelikler, 1 month ago


Alymlar doňzuň agzynda adam dişlerini ösdürdiler

ABŞ-da Tafts uniwersitetiniň alymlary doňzuň äňinde adam dişlerine meňzeş dişleri ösdürdi. Stem Cells Translational Medicine žurnalynda beýan edilen tejribe biologiki diş implantlaryny döretmäge tarap ýol açýar.
Ylmy gözlegçiler adamyň hem-de doňzuň öýjüklerini birleşdirdi. Adamlardan dentini we pulpany emele getirýän mezenhimal öýjükler, do...

Dowamy »

53 0
Täzelikler, 1 month ago


Britaniýaly adam 1917-nji ýyldan bäri suwuň düýbünde ýatan gämini satyn aldy

Britaniýaly daýwer Birinji jahan urşy döwrüniň suwa gark bolan gämisini 300 funt sterlinge (399 dollar) satyn aldy. Ol gäminiň satylýandygy baradaky bildirişi ýanwar aýynda sosial ulgamlarda gördi diýip, The Telegraph ýazýar.
53 ýaşly Dom Robinson häzirki wagtda Kornuoll graflygynyň kenaryndaky La-Manşyň düýbünde ýatan SS Almond Branch ýük g...

Dowamy »

57 0
Täzelikler, 1 month ago


2-nji maýda Adidas 3D printerde çap edilen Climacool krossowkalaryny satuwa çykarar

Adidas özüni hemişe täze tehnologiýalar we adaty bolmadyk çözgütler üçin açyk kompaniýa hökmünde görkezýär. Onuň Climacool krossowkalary hem munuň gönüden-göni subutnamasy boldy. Olar brendiň 3D printerde çap edilen ilkinji krossowkalarydyr.
Bu sport aýakgaplarynyň dizaýny minimalistik äheňde ýerine ýetirildi. Olarda bagjyk ýa-da ýiti bezegl...

Dowamy »

62 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Tirannozawryň derisinden tikilen ilkinji torbalar satuwa çykar

Esasynda taryhdan öňki görnüşiň DNK-sy ýatan ilkinji moda aksessuary 2025-nji ýylyň ahyryna çenli dükanlarda peýda bolar.
Adaty deri önümçiligi uly möçberde tokaýlaryň çapylmagy bilen bagly, eýlemek bolsa, köplenç, zyýanly himiki serişdeleri ulanmagy talap edýär, bu bolsa daşky gurşawyň has-da hapalanmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin VML döred...

Dowamy »

56 0
Täzelikler, 1 month ago


Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar

“8 zenan” (“8 женщин”) we “Öýde” (“В доме”) filmleri bilen tanalýan fransuz režissýory Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar. Bu barada Screen Daily habar berdi.
Film Gaumont studiýasy tarapyndan çykarylar. Filmde keşpleri Benžamen Wuazen (“85–iň tomsy”, “Gitdik!” (“Лето 85-го”, “Поехали!”)), Rebekka Marder (“Meniň je...

Dowamy »

50 0
Täzelikler, 1 month ago


Suwuň we betonyň içinden maglumatlary geçirip bilýän ilkinji aragatnaşyk hödürlendi

Şotlandiýanyň Csignum startapynyň inženerler topary dykyz suwdan, buzdan we hatda beton gurluşlardan aňsatlyk bilen geçip bilýän öwrülişikli aragatnaşyk ulgamyny döretdi. Olaryň işläp taýýarlan EM-2 önümi suw bilen howanyň araçägini bökdençsiz geçmek üçin ( häzirki bar tehnologiýalar üçin kyn mesele) pes ýygylykly elektromagnit meýdanlaryny ulanýar...

Dowamy »

54 0
Täzelikler, 1 month ago


Lamborghini täze «Temerario» gibrid superkaryny hödürledi

Italiýanyň meşhur Lamborghini awtokonserni täze gibrid superkary bolan «Temerario-ny» resmi taýdan hödürledi. Tas 1000 at güýjüni öndürýän täze model, bir wagtlar meşhur bolan «Huracan-yň» ornuny tutar. Täze sportkar eýýäm şu ýyldan başlap ýollarda görnüp başlar.
«Temerario» 920 at güýjüni öndürýän dört litr göwrümli, iki turbinaly V8 benzin...

Dowamy »

54 0
Täzelikler, 1 month ago


Rotterdamda bir çaga tötänleýin Rotkonyň 50 mln ýewrolyk suratyny zaýalady

Rotterdamdaky (Niderlandlar) Boýmans wan Beningen muzeýinde bir çaga tötänleýin Mark Rotkonyň “Goýy gyzylda çal, mämişi, №8” suratyny zaýalady. Onuň bahasy 50 mln ýewro barabar. Bu waka muzeýiň kolleksiýasyndan saýlama eserleriň görkezilýän Depot zalynda bolup geçdi diýip, BiBiSi habar berýär.
Muzeýiň wekiliniň aýtmagyna görä, bu waka surat...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, 1 month ago