Özbegistan halal syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Özbegistanyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň ýanyndaky “Syýahatçylyk hyzmatlaryny sertifikatlaşdyryş merkezi” Döwlet Unitar Kärhanasy kompaniýalar we “Halal MAIB” LLC Halkara Sertifikat Merkezi bilen halal-syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Ähtnamalara gol çekdiler. Bu barada Özbegistanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministr...

Dowamy »

285 0
Täzelikler, 1 year ago


HBS: italiýaly derwezeban Buffon ýakyn günlerde karýerasyny tamamlar

2006-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň çempiony, italiýaly derwezeban Janluiji Buffon ýakyn günlerde karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etmegi mümkin. Bu barada sişenbe güni žurnalist Janluka di Marsio öz web sahypasynda habar berdi.
Çeşmäniň berýän habaryna görä, 45 ýaşly derwezeçi Saud Arabystanynyň birnäçe klubynyň teklibini re...

Dowamy »

346 0
Sport, 1 year ago


Ýan Nepomnýaşşiý 700 metr çuňlukda küşt oýnap, dünýä rekordyny goýdy

Dünýä küşt täji ugrundaky iki final oýna gatnaşan rus küştçüsi Ýan Nepomnýaşşiý RF-niň «Nornikel» kompaniýasynyň polýaraňyrsy şahasynyň häzirki «Oktyabrskiý» käninde ýazyjy Aleksandr Sypkine garşy küşt oýnady. Bu barada çarşenbe güni TASS “Nornikeliň” metbugat gullugyna salgylanyp, habar berdi.
Oýun 700 metr çuňlukda geçirildi, bu görkeziji...

Dowamy »

289 0
Täzelikler, 1 year ago


Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň sany günde 4 sapara ýetirildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy tomus möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gitmek isleýänleriň artýandygyny nazara alyp, Aşgabatdan Türkmenbaşa we yzyna uçuşlaryň sanyny artdyrdy. Häzirki wagtda günüň dowamynda 4 sapar uçuşlar amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar merkezi habar berýär.
Belläp geçsek, Aşgabadyň Halkara h...

Dowamy »

283 0
Täzelikler, 1 year ago


Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Ikinji sammiti Özbegistanda geçiriler

Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Ikinji sammiti Özbegistanda Samarkand şäherinde geçiriler.
Bu barada Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirilen Birinji sammitiň netijeleri boýunça belli boldy.
Forum Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy,...

Dowamy »

278 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ikinji aýlawynyň başlanjak senesi belli boldy

Birinji tomus arakesmesinden soň, 4-nji awgustda üç sany futbol duşuşygy bilen Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze aýlawy badalga alar diýip, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berdi.
Şol gün 9-njy tapgyryň çäklerinde «Köpetdag» «Şagadamy» kabul eder, «Merw» «Aşgabada» myhmançylyga gider, «Energetik» bolsa «Ahal» bilen...

Dowamy »

340 0
Sport, 1 year ago


Angliýada 1960-njy ýyllaryň dört telefon budkasy taryhy ýadygärlik hökmünde hasaba alyndy

Londonyň metro stansiýalarynda ýerleşýän dört sany K8 telefon budkasy Angliýadaky taryhy ýadygärlikleriň sanawyna girizildi. Bu barada penşenbe güni Evening Standard habar berdi.
Neşiriň habar bermegine görä, Sanly tehnologiýalar, medeniýet, metbugat we sport ministrligi bu mawy telefon budkalaryny aýratyn gyzyklanma bildirilýän we goraga mä...

Dowamy »

288 0
Täzelikler, 1 year ago


Samsung, Apple we Xiaomi smartfon bazarynda «dikelişiň ilkinji alamatlaryny görkezýän» öňdebaryjylar boldy

Ýakynda Canalys bazar gözleg gullugy tarapyndan neşir edilen smartfon satuw maglumatlarynyň hasabatynda dünýädäki smartfon bazarynyň 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde 11 göterim pese gaçandygy görkezilýär.
Iň soňky maglumatlara görä, Samsung bazar paýy 21 göterim bilen öňdebaryjy ornuny saklady, Apple bolsa 17 göterim paý bilen ikinji ýeri eý...

Dowamy »

351 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Aşgabatda Braziliýanyň täze ilçisi işläp başlady

Şu gün, 19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Braziliýa Federatiw Respublikasynyň ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
W.Hajiýew ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi...

Dowamy »

293 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmenistanyň ilçisi Çehiýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

14-nji iýulda Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) H.Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele ynanç hatlaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilmegine görä, ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Çehiýanyň P...

Dowamy »

294 0
Täzelikler, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Maslahatyny döretmegi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen Sammitindäki çykyşynda Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Maslahatyny döretmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda häzirki döwürde dürli sebit...

Dowamy »

306 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip edýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda ulag we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ilkinji nobatda biziň sebitlerimizi...

Dowamy »

310 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmenistan 2024-nji ýylda özünde Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa we Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we özara söwda dolanşygynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak zerur bolup durýandygyny belledi.
«Bu mak...

Dowamy »

295 0
Täzelikler, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Aşgabatda Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda lukmançylyk we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, lukmançylyk we saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem de...

Dowamy »

283 0
Täzelikler, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy

Jidde şäherinde geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk ge...

Dowamy »

285 0
Täzelikler, 1 year ago


Yragyň wekiliýeti Türkmenistandan gaz almak bilen bagly şertnamalary maslahatlaşmak üçin ýurdumyza geler

Yragyň Elektroenergetika ministri Ziýad Ali Fadel ýekşenbe güni parlament komitetiniň agzalary bilen geçirilen ýygnakda iki wekiliýetiň Katara we Türkmenistana baryp, gaz importy bilen baglanyşykly ylalaşyklary ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy diýip, Yragyň parlamentiniň metbugat gullugyna salgylanýan Yragyň täzelikler gullugy (INA) habar berýär...

Dowamy »

284 0
Täzelikler, 1 year ago


Mazda 2027-nji ýylda ilkinji elektrik awtoulagyny satuwa çykarar

Ýaponiýanyň Mazda awtoulag öndürijisi 2027-nji ýylda ilkinji elektrik awtoulagyny bazara çykarmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi.
Onuň berýän habaryna görä, 2028-nji ýyldan başlap, Mazda bu görnüşli ulagyň önümçiligini yzygiderli artdyrmak isleýär. Mundan başga-da, kompaniýa Toyota bilen hyzmatdaşlykda elektrik ula...

Dowamy »

356 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Nýu-Ýorkda BMG-niň ýokary derejeli forumyna gatnaşdy

17-nji iýulda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli fo...

Dowamy »

308 0
Täzelikler, 1 year ago


Ärdogan Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasyna Togg awtoulagyny sowgat etdi

Jiddada saparda bolan Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň ilkinji ýerli Togg elektromobilini Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet bin Salmana gowşurdy.
Trend agentliginiň habar bermegine görä, Ärdogan duşenbe güni Saud Arabystanyna sapar bilen bardy. Ol mirasdüşer şazada bilen duşuşyk geçirdi we iki ýurduň arasynd...

Dowamy »

300 0
Täzelikler, 1 year ago


Nissan birnäçe kemçilikleri sebäpli dünýäde 1,4 milliona golaý ulagyny yzyna ýygnaýar

Nissan ABŞ-da, Ýewropada we Aziýada 1,38 million ulagyny yzyna ýygnaýar. Bloomberg agentliginiň ýazmagyna görä, ulaglarda, modellere baglylykda, dürli näsazlyklar bar.
Yzyna çagyrylýan modelleriň arasynda Note, Kicks, Serena we elektrikli Leaf bar. Kemçilikleriň arasynda – kruiz-kontrol dolandyryş öçürilende tizligiň duýdansyz artmagy, ýöräp...

Dowamy »

350 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Sambo Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilip bilner

Halkara sambo federasiýasy (FIAS) sportuň bu görnüşini Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmagyň üstünde işleýär. Bu barada sişenbe güni FIAS-yň prezidenti Wasiliý Şestakow TASS agentligine habar berdi.
Şestakow: "Häzir biz munuň üstünde işleýäris" -diýdi.
Şeýle hem Şestakow sambo ýaryşyň maksatnamasyna golaýdaky Oýunlarda goşulmaz di...

Dowamy »

357 0
Sport, 1 year ago


Rimac Nevera giperkary Gudwud ýolunyň rekordyny täzeledi

Rimac Nevera giperkary Gudwud trassasynda 1,9 kilometrlik ýoly 49,32 sekuntda geçip, köpçülikleýin öndürilen elektrik ulaglary üçin ýol tizliginiň rekordyny täzeledi. Ýaryşyň wideosy çäräniň resmi YouTube kanalynda çap edildi.
Adaty “Goodwood Hill Climb” ýaryşynda Nevera iň çalt awtoulaglar klasynda bäsleşdi we öz toparyndaky ýeke-täk elektr...

Dowamy »

361 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanyna bardy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen bardy.
Jidda şäherinde Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowy şazada Badr bin Sultan bin...

Dowamy »

287 0
Täzelikler, 1 year ago


24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi çagyrylar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Bu barada degişli karar 18-nji iýulda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kabul edild...

Dowamy »

308 0
Täzelikler, 1 year ago


ÝUNFPA Türkmenistanda durmuş gurjak bolýan ýaş çatynjalar üçin trening geçirýär

BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy täze durmuş gurjak bolýan ýaş çatynjalar üçin «Maşgala gymmatlyklary» atly treningleri geçirýär. Bu barada wekilhananyň Instagram sahypasynda aýdylýar.
Treningler ýurduň jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde guralýar. Onuň esasy maksady ýaş çatynjalary geljekki maşgala durmuşy barada...

Dowamy »

287 0
Täzelikler, 1 year ago