Apple iPhone-dan öňden gurnalan öz programmalaryny öçürmäge rugsat berer

Apple Ýewropa Bileleşiginde güýje giren Sanly bazarlar hakynda kanunynyň (DMA) talaplaryny ýerine ýetirmek üçin kompaniýanyň ekoulgamynyň ýakyn wagtda boljak üýtgeşmelerini beýan edýän 12 sahypalyk resminama çap etdi.
Mysal üçin, 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli Apple iOS-da ulanyjylara Apple Maps-den başga programmalary deslapky nawigasiýa h...

Dowamy »

314 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Çempionlar ligasy emeli aň ulgamyny girizýär

Futbol boýunça Çempionlar ligasynyň bije çekişligi indiki 2024-2025-nji möwsümde doly kompýuterleşdiriler we guramaçylara kömek etmek üçin emeli aň ulanylar.
Meşhur Sky Sports neşiriniň çeşmesiniň habar bermegine görä, bu ilkinji nobatda, toparlaryň arasynda bije çekişlige täsir eder: birinji tapgyrda gibrid usulynda bije atylar: gatnaşmak ü...

Dowamy »

354 0
Sport, 1 year ago


DxOMark Oppo Find X7 Ultra-ny dünýäniň iň gowy kameraly smartfony diýip ykrar etdi

DxOMark barlaghanasynyň hünärmenleri Oppo Find X7 Ultra flagman smartfonynyň kamerasyny synagdan geçirdiler we enjamy kameralaryň sanawynda birinji orunda goýdular.
Synaglaryň netijesinde Oppo Find X7 Ultra 157 utuk toplady we Huawei Mate 60 Pro+ bilen bilelikde iň oňat kameralary bolan smartfonlaryň sanawynda birinji orny eýeledi. Oppo-nyň...

Dowamy »

241 0
Täzelikler, 1 year ago


WBC Joşuany çempionlyk söweşine dalaşgär görkezdi

Boks boýunça has agyr agram derejesinde dünýäniň ozalky çempiony britaniýaly Entoni Joşuanyň Aleksandr Usik bilen Taýson Fýuriniň arasyndaky söweşde ýeňijiniň garşydaşy bolmak ähtimallygy örän ýokary.
Ozal habar berlişi ýaly, Joşua geçen hepdäniň ahyrynda Saud Arabystanynda UFC garyşyk söweş sungatlary ligasynyň ozalky çempiony nigeriýaly Fr...

Dowamy »

316 0
Sport, 1 year ago


Apple Microsoft Surface Studio äheňinde sensorly Mac işläp düzýär

Apple kompaniýasy Microsoft Surface Studio meňzeýän sensorly Mac kompýuterini beýan edýän patentini täzeledi. Bu barada 9to5Mac portaly Patent Apple-a salgylanyp habar berýär.
Resminamada kompýuter «suratkeşler we beýleki ulanyjylar üçin egreldilýän sensor ekranly amatly iMac-yň dizaýny» diýlip suratlandyrylýar. Patent arzasynyň kompaniýa ta...

Dowamy »

266 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Apple emeli aň esasly mahabat tehnologiýasyny synagdan geçirýär

Apple mahabat berijileriň uly bolmadyk topary bilen bilelikde täze emeli aň esasly guraly synagdan geçirip başlady, ol App Store-iň haýsy bölümlerine bannerleri goýmalydygyny awtomatiki ýagdaýda kesgitleýär.
Apple-iň emeli aň bilen işleýän guraly Google-yň Performance Max we Meta-nyň Meta's Advantage+ hyzmatlarynyň analogydyr. Ol mahabat ber...

Dowamy »

264 0
Tehnologiýa, 1 year ago


«A-92» kysymly ýangyja isleg ýokarlanýar

12-nji martda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýe Respublikasynyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden az kükürtli ýakyş mazudy we «A-92» kysymly ýangyjy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň habar berşi ýaly, söwdalaşyklaryň barşynda jemi 5 1...

Dowamy »

296 0
Täzelikler, 1 year ago


Bitkoiniň bahasy taryhyndaky iň beýik nokada ýetdi we 72 müň dollardan geçdi

Bitkoiniň bahasy taryhyndaky rekordy täzeläp, 72 müň dollardan geçdi. Muny Binance biržasynyň 11-nji martdaky maglumatlary subut edýär.
20-den gowrak biržalarda dürli kriptowalýutalaryň ortaça bahasyny hasaplaýan CoinMarketCap portalynyň habar bermegine görä, hepdäniň dowamynda Bitkoiniň dollar bilen gatnaşykda bahasynyň ýokarlanmagy 10%-den...

Dowamy »

292 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Ilkinji ABŞ – Merkezi Aziýa işewürlik dialogy Almatyda geçiriler

13-nji martdan 15-nji mart aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ABŞ – Merkezi Aziýa (B5+1) görnüşinde ilkinji işewürlik dialogy geçiriler. Forum ykdysady ösüş we ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat eder.
B5+1 forumy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ma...

Dowamy »

292 0
Täzelikler, 1 year ago


Taryhda iň kuwwatly Porsche awtomobili resmi taýdan hödürlendi. Onuň güýç gurluşy 1092 at güýjüni berýär

Porsche taryhda özüniň iň kuwwatly awtomobilini resmi taýdan hödürledi. Ol 1092 at güýjüni berýän elektrik güýç gurluşyna eýe bolan Porsche Taycan Turbo GT boldy diýip, ixbt.com habar berýär.
Bu awtomobil 2,3 sekuntda tizligini sagatda 100 km çenli artdyrýar, onuň iň ýokary tizligi sagatda 290 km barabar. Ýöne Weissach bukjasy bilen awtoulag...

Dowamy »

298 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Jokowiç dünýäniň 123-nji raketkasyndan utulyp, Indian-Uellsdäki ýaryşy terk etdi

Dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç Indian-Uellsde geçirilýän “Masters” tennis ýaryşynyň 1/8 finalyna çykyp bilmedi. Ol üçünji tapgyrda dünýäniň 123-nji raketkasy italiýaly Luka Nardiden 4:6, 6:3, 3:6 hasabynda utuldy. Tennisçileriň duşuşygy dogry 2 sagat 20 minut dowam etdi diýip, championat.com habar berýär.
Indiki raundda Nardi dünýä...

Dowamy »

277 0
Täzelikler, 1 year ago


“Oskar-2024”-e 19,5 million tomaşaçy seretdi. 10 ýyl mundan ozal olaryň sany 43 milliondan geçýärdi

Amerikan kinoakademiýasynyň “Oskar-2024” baýragynyň gowşurylyş dabarasyna 19,5 million tomaşaçy tomaşa etdi, bu bolsa geçen ýylkydan 4% köp diýildigidir. Bu soňky dört ýylda iň gowy görkeziji boldy diýip, Variety habar berýär.
Şu ýylky çäre adatdakysyndan bir sagat öň başlandy.
“Oskar 2024” 2021-nji ýyldan bäri gözegçilik edilýän toma...

Dowamy »

298 0
Täzelikler, 1 year ago


Kriştianu Ronaldu bilen "Al-Nasr" AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyndan gaýtdy

"Al-Nasr" saud kluby AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykyp bilmedi. Ol penalti tapgyrynda BAE-niň "Al-Aýn" toparyndan utuldy. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji oýun BAE-de geçirilip, "Al-Aýnyň" 1:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.
Jogap oýnunda "Al-Nasr" 4:3 hasabynda utup bildi, ýöne penalti tapgyrynda saudlylar ýeňlişe sezewa...

Dowamy »

343 0
Sport, 1 year ago


Ronaldu klub derejesinde 750-nji goluny saldy

«Al-Nasr» Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynda «Al-Aýndan» ýeňildi (iki oýnuň jemi hasaby 4:4, penalti – 1:3).
«Al-Nasryň» hüjümçisi Ronaldu oýnuň 118-nji minudynda 11 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetirdi. Bu gol 39 ýaşly portugaliýaly futbolçynyň klub derejesinde 750-nji goly boldy (Portugaliýanyň milli ýygyndysyndaky gol...

Dowamy »

343 0
Sport, 1 year ago


Samsung Galaxy A35 we A55 smartfonlaryny resmi taýdan hödürledi

Samsung kompaniýasy Galaxy A55 5G we Galaxy A35 5G smartfonlaryny resmi taýdan hödürledi. 2023-nji ýylyň meşhur modelleriniň yzyny dowam etdiriji bu smartfonlaryň köp umumylygy bar. Bu barada 3dnews.ru belleýär.
Şeýlelikde, Galaxy A55 5G we Galaxy A35 5G birmeňzeş displeýe – 2340 x 1080 piksel durulykly we 120 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,6...

Dowamy »

291 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýükleriň möçberi artýar: 2023-nji ýylda ösüş 17%

2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 17 % artdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.
Üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde ösüş depgini şu ýylyň ilkinji 2 aýynda hem saklanýar. Ýagny, 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberi 2023-nji...

Dowamy »

271 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmen hokkeýçileri Bişkekde dünýä çempionatynda ilkinji ýeňşini gazandylar

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Bişkekde geçirilýän Dünýä çempionatynda ilkinji ýeňşini gazandylar.
Toparlaýyn tapgyryň ikinji oýnunyň çäklerinde Türkmenistan 4:3 hasaby bilen Günorta Afrika Respublikasyndan üstün çykdy.
10-njy martda birinji oýunda türkmen hokkeýçileri şol hasap bilen Lýuksemburgdan asgyn geldiler.

Dowamy »

323 0
Sport, 1 year ago


Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde mekdep okuwçylary üçin matematika we fizika boýunça II internet olimpiadasy geçiriler

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň takyk dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika boýunça II internet olimpiadany geçirer.
"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, ýokary synp okuwçylarynyň arasynda...

Dowamy »

490 0
Bilim, 1 year ago


Samsung 2027-nji ýylda elektrik awtoulaglary üçin energiýa tygşytlaýan batareýany hödürlär

Samsung korporasiýasy elektrikli ulaglar üçin batareýanyň täze görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Register neşiri habar berdi.
Awtoulag batareýalaryny işläp düzmek we öndürmek işi SDI bölümi tarapyndan amala aşyrylar. Kompaniýa 2027-nji ýyla çenli berk gurluşly batareýalaryň önümçiligine başlar. Batareýalaryň energiýa dykyzlyg...

Dowamy »

297 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Mohammed Ali WWE-niň Şöhrat zalyna giriziler

Ady rowaýata öwrülen amerikaly boksçy we 81 kg çenli agram derejesinde 1960-njy ýylyň Olimpiýa çempiony Mohamed Ali WWE-niň (World Wrestling Entertainment) Şöhrat zalyna giriziler. Bu barada guramanyň ýolbaşçylygy resmi taýdan habar berdi diýip, championat.com belleýär.
Mohammed Ali köp hünärmenler tarapyndan ähli döwrüň iň gowy boksçysy has...

Dowamy »

339 0
Sport, 1 year ago


Apple geljek hepdelerde täze iPad Pro we iPad Air hödürlär

Apple 2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda ýa-da aprel aýynda täze iPad Pro we iPad Air modellerini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada MacRumors meşhur insaýder we «Bloomberg-iň» habarçysy Mark Gurmanyň täze «Power On» atly habarlar býulletenine salgylanyp habar berýär.
Gurmanyň bellemegine görä, Apple eýýäm täze iPad üçin iPadOS 17.4-iň ýör...

Dowamy »

321 0
Tehnologiýa, 1 year ago


ABŞ-da dizaýnyny we ölçegini ýeňillik bilen üýtgedýän köýnek döredildi

Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary «4D Knit Dress» atly innowasion örme köýnek döretdiler. Ol döredilende termoaktiwirlenen ýüplük, kompýuterleşdirilen örme usuly we eşigiň her böleginiň töwereginde robotlaşdyrylan işjeňleşdirme ulanyldy.
Köýnek gyzan wagtynda daşky keşbini üýtgedýär, ol islendik müşderä ajaýyp şekilde uýgu...

Dowamy »

266 0
Täzelikler, 1 year ago


UEFA Çempionlar ligasy: «Barselona» we «Arsenal» çärýek finala çykdylar

13-nji marta geçilen gije (Aşgabat wagty bilen) UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň "Barselona" bilen "Napoliniň", şeýle-de "Arsenal" bilen "Portunyň" arasynda jogap oýunlary geçirildi.
Ispaniýanyň "Barselonasy" bilen Italiýanyň "Napolisiniň" arasyndaky birinji oýun 1:1 hasabynda tamamlanypdy.
Jogap duşuşygynda Kataloniýa topa...

Dowamy »

340 0
Sport, 1 year ago


28-nji martda Xiaomi ilkinji elektromobilini satuwa çykarar

Hytaýyň smartfon we hojalyk enjamlaryny öndüriji kompaniýasy Xiaomi 28-nji martda özüniň ilkinji elektromobilini – SU7 sedanyny satuwa çykarar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Leý Szýun Weibo sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi diýip, 1prime.ru belleýär.
Leý Szýun tarapyndan berlen maglumatlara görä, elektromobiliň resmi satuwy 28-n...

Dowamy »

341 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Müsürde faraon Ramses II-niň heýkeliniň ýokarky bölegi tapyldy

Faraon Ramses II-niň ägirt heýkeliniň ýokarky bölegi Kairden 250 km günortada ýerleşýän gadymy şäher Germopolda tapyldy. Bu barada Müsüriň syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrliginiň beýanyna salgylanyp, Live Science habar berýär.
Gazuw-agtaryş işleri ministrlikden arheolog Basem Gehadyň we Boulderdäki (ABŞ) Kolorado uniwersitetinden...

Dowamy »

290 0
Täzelikler, 1 year ago