Ata Watan
Hytaýda agramy 50 kilogramdan az adamlara güýçli ýel sebäpli köçä çykmazlyk barada duýduryldy
11-13-nji aprel aralygynda Hytaýyň demirgazyk sebitlerinde ýeliň güýçli öwüsmegine garaşylýar. Şonuň bilen baglylykda, häkimiýetler agramy 50 kilogramdan az bolan adamlaryň güýçli ýeliň täsirinde «uçup gitmeginiň» mümkindigini aýdyp, olaryň öýde galmagyny maslahat berdiler.
Bu duýduryş Hebeý welaýatyna, şeýle hem paýtagt Pekine we Týanszin ş...
Dünýäde ilkinji gezek emeli aňyň kömegi bilen bäbek dünýä indi
«Conceivable Life Sciences» kompaniýasynyň awtomatlaşdyrylan ulgamy dünýäde ilkinji gezek emeli aňyň kömegi bilen, ICSI usuly arkaly tohumlandyrmagy üstünlikli amala aşyrdy. Synagyň çäginde dörän bäbek eýýäm dünýä indi diýip, «New Scientist» neşiri habar berýär.
ICSI usuly (Intra Cytoplasmic Sperm Injection) – önelgesizligiň bejergisiniň usu...
Daniýanyň paýtagty dünýäniň iň bagtly şäherleriniň reýtinginde birinji orny eýeledi
Kopengagen iň bagtly ilatly şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. 200 şäherden ybarat reýting Londonyň durmuşyň hili instituty tarapyndan taýýarlanyldy.
Analitikler reýtingi alty görkezijä esaslanyp düzdüler. Olar şäherleriň umumy abadançylygyny (durmuşdan kanagatlanmak), býurokratik taraplaryny (dolandyryş hilini), daşky gurşawynyň ý...
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary italiýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
9-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Duşuşygyň dowamynda energetika geçişi, suw çeşmeleri, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ýokary...
Türkmenistanyň DIM-nde LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň baha beriş missiýasynyň netijelerine garaldy
10-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde LLDC-3- taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ikinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Brifingiň işine degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, B...
Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk edýär.
10-nji aprelinde Aşgabatda Daşary işler ministrliginde kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň (KISA) degişli wekil...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýylly...
Türkmenistanyň Mejlisi awtomobil ulaglary, migrasiýa we beýlekiler hakynda kanunlary maslahatlaşar
Şu gün, 12-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçiriler. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa nobatdaky maslahatyň gün tertibi barada aýtdy.
Bellenilişi ýaly, deputatlar:
“Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasyny,
“1...
Türkmenistan Kuala-Lumpurda maýa goýum halkara forumyny geçirer
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçirmek göz öňünde tutulýar.
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow foruma görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýal...
Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi geçiriler
2025-nji ýylyň maý aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini guramak meýilleşdirilýär. 11-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny...
Aşgabat milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy kabul eder
22 — 25-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy geçirmäge taýýarlyk görülýär. Taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa 11-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurd...
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrar
11-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş saparyna görülýän taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görmegiň barşynda onuň ýokary gurama...
«Türkmenhowaýollary» awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň işini kämilleşdirer
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň işini kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullady. Degişli teklibi 11-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.<...
Almatyda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
11-nji aprelde Almaty şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi gecirildi. Mejlise Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Kriştianu Ronaldu we Mettýu Won bilelikde kinostudiýa döretdiler. Eýýäm üç taslamanyň üstünde işleýärler
Futbolçy Kriştianu Ronaldu bilen režissýor Mettýu Won bilelikde UR•Marv atly garaşsyz kinostudiýany döretdiler. «Variety» neşirine görä, olar eýýäm iki filmi maliýeleşdirip, prodýuserligini alyp barýarlar, häzir bolsa üçünji taslamanyň üstünde işleýärler.
Ilkinji film barada giňişleýin maglumatlar soň mälim ediler.
Neşiriň maglumatlar...
11-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy kiberhowpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň we Italiýanyň diplomatlary hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, 5-nji iýunda Türkmenistanda Halkara ekologiýa maslahaty TESC 2025 geçiriler we beýleki habarlar
Türk...
Türkmenistanyň wekiliýeti Rimde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk» atly halkara maslahata gatnaşdy. 10-njy aprelde bolan maslahat Italiýanyň Aziýa instituty bilen Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň...
Pulmonolog Jennet Mämmedowa obstruktiw bronhitiň bejerilişi barada gürrüň berdi
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň pulmonologiýa ylmy-kliniki bölüminiň müdiri Jennet Mämmedowa obstruktiw bronhitiň bejeriliş we öňüni alyş usullary barada gürrüň berdi. Lukmanyň aýtmagyna görä, uzak wagtlap dowam edýän, soňra nemli görnüşe we gakylyk çykmagyna geçýän gury üsgülewük bronhlarda lukmanyň gözegçiligini talap edýän ýiti çişme...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa boljak saparyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Ýaponiýa saparynyň dowamynda ýurduň daşary işler boýunça döwlet ministri Hisaýuki Fudzii bilen duşuşyk geçirdi. 10-njy aprelde geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Prezid...
Apple täzelenmeden soň, yzyňa - iOS 18.3.2-ä gaýdyp barmagy petikledi
Apple iOS 18.3.2-ä we iPadOS 18.3.2-ä abuna ýazmagy bes etdi. Munuň özi iPhone 18.4 täzelenmesini gurnandan soň, iPhone-nyň we iPad-iň ulanyjylarynyň aşaky wersiýalara geçip bilmejekdigini aňladýar diýip, 9to5mac habar berýär.
Bu ädim Apple-iň adaty tejribesidir. Gowşaklyk töwekgelçiligini azaltmak üçin kompaniýa operasion ulgamlarynyň köne...
Apple täzelenmeden soň, yzyňa - iOS 18.3.2-ä gaýdyp barmagy petikledi
Apple iOS 18.3.2-ä we iPadOS 18.3.2-ä abuna ýazmagy bes etdi. Munuň özi iPhone 18.4 täzelenmesini gurnandan soň, iPhone-nyň we iPad-iň ulanyjylarynyň aşaky wersiýalara geçip bilmejekdigini aňladýar diýip, 9to5mac habar berýär.
Bu ädim Apple-iň adaty tejribesidir. Gowşaklyk töwekgelçiligini azaltmak üçin kompaniýa operasion ulgamlarynyň köne...
Vast Space kompaniýasy Haven-1 hususy orbital stansiýasynyň maketi boýunça ekskursiýa geçirdi
Vast amerikan kosmos kompaniýasy 2026-njy ýylda uçurylmagy meýilleşdirilýän ilkinji orbital stansiýasy bolan Haven-1-iň doly göwrümli maketini hödürledi. Ekskursiýa Kolorado-Springdäki Bartolin Hall binasynda geçdi, bu ýerde 7 – 10-njy aprelde 40-njy kosmos simpoziumy Space Foundation geçirildi.
Ekskursiýany Vast-da işleýän NASA-nyň öňki ast...
Netflix «Monopoliýa» oýny boýunça realiti-şou çykarar
Netflix meşhur «Monopoliýa» stol oýnuny realiti-şou görnüşinde ekranlaşdyrmak üçin hukuk aldy. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär.
Täze şou giň gerimli jemgyýetçilik synagy hökmünde meýilleşdirilýär. Gatnaşyjylar strategiýasyny kämilleşdirmeli, hyzmatdaşlyklary gurmaly we rehimsiz bäsdeşliklere gatnaşmaly bolar. Olar baýlyk ugrunda gör...
Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň çärýek finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri
Penşenbe güni agşam we anna gününe geçilýän gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynda hem-de Konferensiýalar ligasynda – Ýewropanyň ikinji we üçünji derejeli klub ýaryşlarynda çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi.
Ýewropa ligasynda dört oýnuň üçüsi deňme-deň gutardy. Diňe Norwegiýanyň "Budö-Glimt" topary garşydaşyndan üstün çykyp, jogap duşu...
«Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş Ligasynda ýarym finalyň ilkinji oýnunda "Al-Arabiden" ýeňildi
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony "Arkadag" futbol kluby AFK-nyň Çagyryş Ligasyndaky ýarym finalyň ilkinji duşuşygynda myhmançylykda Kuweýtiň "Al-Arabi" toparyndan 2:0 hasabynda ýeňildi. Duşuşyk El-Kuweýt şäherinde geçirildi.
"Al-Arabi" toparynyň düzüminde gollary Kristofer Jon (72-nji minut) we Salman Al Awali (90+4-nji minut) geçirip,...