Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Ahmet Çalyk Türkmenistanda dürli maksatly we uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýänd...

Dowamy »

168 0
Täzelikler, 8 months ago


Arkadag şäherinde çaga iýmitiniň önümçiligi ýola goýuldy

Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň önümçiligine badalga berildi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Has takygy, tüwüli, tüwüli we bananly şüle, manny ýarmasy we ary bally şüle, däneli ösümlikleriň şülesi ýaly gö...

Dowamy »

177 0
Täzelikler, 8 months ago


Türkmenistan Täjigistanda 540 orunlyk täze mekdep açyp berdi

1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berildi. Mekdebiň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar diý...

Dowamy »

190 0
Täzelikler, 8 months ago


Serdar Berdimuhamedow türkmen-özbek gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin bilelikdäki tagallalara taýýardygyny beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine ýokary baha we ony mundan beýläk-de berkitmäge hem-de giňeltmäge u...

Dowamy »

176 0
Täzelikler, 8 months ago


Serdar Berdimuhamedow Peter Pellegrinini Slowakiýanyň Konstitusiýa güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Peter Pellegrinä ýurduň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Peter Pellegrinä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Slowaki...

Dowamy »

190 0
Täzelikler, 8 months ago


Serdar Berdimuhamedow Peter Pellegrinini Slowakiýanyň Konstitusiýa güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Peter Pellegrinä ýurduň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Peter Pellegrinä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Slowaki...

Dowamy »

190 0
Täzelikler, 8 months ago


Serdar Berdimuhamedow Wýetnamy Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti, Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary jenap To Lama hem-de ýurduň ähli halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýd...

Dowamy »

179 0
Täzelikler, 8 months ago


Mercedes-Benz kaşaň mikroawtobus çykardy: bahasy 276 müň funt sterling

Londonda ýerleşýän Clive Sutton kompaniýasy adaty syýahaty kaşaň syýahata öwürýän täze Mercedes-Benz Sprinter First Class mikroawtobusyny hödürledi diýip, IXBT habar berýär.
276 müň funt sterling bahasy bolan bu awtoulagyň içi hususy uçary ýada salýan deri we agaç materiallary bilen bezelendir. Massaž funksiýasy bolan ýedi sany rahat oturgyç...

Dowamy »

179 0
Täzelikler, 8 months ago


Google "Chrome-yň" gowşak ýerlerini tapanlara 250 müň dollara çenli baýrak berýär

Google Chrome-uň howpsuzlygy ugrundaky göreşi güýçlendirýär we ýüze çykarylan gowşaklyklar üçin tölegleri 250 müň dollara çenli ýokarlandyrýar.
Chrome VPR (Vulnerability Reward Program) programmasy 14 ýyl ozal işe girizilipdi we kompaniýa wagtal-wagtal baýraklary platformanyň zerurlyklaryna laýyk getirýärdi.
“MiraclePtr” synpyny goşma...

Dowamy »

183 0
Täzelikler, 8 months ago


Alymlar kömürturşy gazyny siňdirýän agaçdan “gubka” döretdiler

Floridanyň A&M uniwersiteti we Floridanyň döwlet uniwersiteti tarapyndan döredilen inženerçilik kollejiniň alymlary howadan we beýleki çeşmelerden kömürturşy gazyny (CO₂) netijeli siňdirip bilýän lignin esasynda material işläp düzdüler.

Lignin – agajyň esasy düzüm bölegi bolan tebigy polimerdir. Onuň elýeterliligi we arzan bahasy seb...

Dowamy »

166 0
Täzelikler, 8 months ago


Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek başlangyjy öňe sürülýär

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän ulag gatnawlarynyň halkara ýollarynyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşip, üstaşyr gatnawlar ulgamynda pudagyň ägirt uly kuwwata eýedigini öňünden kesgitledi. Bu pudaga uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bolsa, ony milli ykdysadyýetiň örän depginli ösýän ugurlarynyň biriniň derejesine çykardy.

Dowamy »

166 0
Täzelikler, 8 months ago


Serdar Berdimuhamedow malaýziýalylary ýurduň Milli güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris”...

Dowamy »

171 0
Täzelikler, 8 months ago


Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Gyrgyz Respublikasy Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we h...

Dowamy »

169 0
Täzelikler, 8 months ago


Jeki Çan Pariždäki Paralimpiýa oýunlarynda taekwondo ýaryşyna badalga berdi

Meşhur aktýor Jeki Çan Parižde dowam edýän 2024-nji ýylyň Paralimpiýa oýunlarynda taekwondo ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ol pandaly sport eşiginde Trois coups (“Üç urgy”) simwoliki dabarasyny geçirdi.

Trois coups usuly köplenç teatrda ulanylýar, aktýorlar ýörite taýagyň urgusynyň kömegi bilen çykyş başlamazdan öň tomaşaçylar...

Dowamy »

158 0
Täzelikler, 8 months ago


Lego 2032-nji ýyla çenli bioplastigi ulanmaga geçmegi meýilleşdirýär

Daniýanyň Lego Group kompaniýasy 2032-nji ýyla çenli nebit önümleriniň ulanylmagy bilen taýýarlanýan adaty plastigi gaýtadan işlenen biologiki önümlerden taýýarlanan plastmassa bilen çalşar. Bu barada Reuters agentligine kompaniýanyň baş müdiri Nils Kristiansen aýtdy.

“Durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarly bolan maşgala-[kompaniýanyň]...

Dowamy »

155 0
Täzelikler, 8 months ago


Owganystanyň wekiliýeti duşuşyklary geçirmek üçin Aşgabat geldi

29-njy awgustda Aşgabatda Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Myhmanlar ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen hyzmatdaşly...

Dowamy »

174 0
Täzelikler, 8 months ago


Türkmenistan we Özbegistan ýangyç-energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşýar

Aşgabatda Özbegistanyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika ugry boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Söhbet...

Dowamy »

156 0
Täzelikler, 8 months ago


Hytaýda täze kanun Apple MagSafe simsiz zarýad berijilerini gadagan edýär

1-nji sentýabrdan Hytaýda ýurduň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi tarapyndan kesgitlenen radioýygylyklary dolandyrmagyň täze düzgünleri güýje girýär. Şondan soň Apple kompaniýasynyň MagSafe simsiz zarýad berijileriniň satuwy gadagan ediler diýip, Gagadget habar berýär.

Bu täze düzgünleriň simsiz zarýad beriji gurluşlar...

Dowamy »

156 0
Täzelikler, 8 months ago


Täze Kia K5 2025 Toyota Camry-den has giň bolar

Kia kompaniýasy 2-nji sentýabrda Hytaý bazaryna çykjak täzelenen K5 2025 biznes-sedanyny hödürlemäge taýynlanýar. Awtoulag daşky görnüşinde käbir üýtgeşmeleri alar: aňsatlyk bilen tanalýan faralar we çyralar, täzelenen bamper we täze 19 dýuýmlyk diskler. Bu barada, IXBT habar berýär.
Esasy täzelenmeleri awtoulagyň salony aldy. Kia K5 2025 ik...

Dowamy »

164 0
Täzelikler, 8 months ago


Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi bejergileriniň görnüşlerini artdyrýar

Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde näsag çagalar 20-ä golaý görnüşli bejergi aldylar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygyna beren hasabatynda habar berdi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028...

Dowamy »

164 0
Täzelikler, 8 months ago


Nýu-Ýorkda kwant internetiniň prototipi dünýäde ilkinji gezek synagdan geçirildi

Amerikanyň Qunnect kompaniýasy Nýu-Ýorkuň köçelerinde dünýäde ilkinji eksperimental kwant toruny işe girizip, kwant aragatnaşyk pudagynda öňegidişlik gazandy diýip, Phys.org habar berýär. Gözlegçiler 34 km optiki süýümli baglanyşykdan fotonlary geçirip, ýokary durnukly we ygtybarly aragatnaşyga ýetdiler.

Ozal şuňa meňzeş synaglar kwa...

Dowamy »

155 0
Täzelikler, 8 months ago


UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň resmi topuny görkezdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) resmi saýtynda Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň ähli oýunlarynda ulanyljak topy görkezdi.

Relizde bellenilişi ýaly, Adidas kompaniýasy tarapyndan hödürlenen toplar dizaýn taýdan nusgawy görnüşe gaýdyp geldi, ýöne täzelenen tehnologiýa eýe boldy. Toplarda ýene uçdan uja çenli...

Dowamy »

157 0
Täzelikler, 8 months ago


Toyota güýçli tupan sebäpli Ýaponiýadaky ähli zawodlarynyň işini togtadar

Ýaponiýanyň öňdebaryjy awtomobil konserni Toyota Motor 28-nji awgust agşamdan güýçli tupan “Şanşanyň” ýakynlaşmagy sebäpli Ýaponiýadaky ähli zawodlarynyň işini togtadar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi.

Umuman, 14 gurnama zawody işlemegini bes eder. Çözgüt işgärleriň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda, şeýle-de ýollar ý...

Dowamy »

148 0
Täzelikler, 8 months ago


Türkmen hünärmenleri bilim ulgamynda Singapuryň tejribesini öwrenýärler

19-23-nji awgust aralygynda Singapur döwletine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň adyndan Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri O.Berdiýew “Bilim syýasatyny işläp taýýarlaýjy hünärmenler üçin bilimiň üýtgedilmegi: Singapuryň tejribesi” atly maksatnama boýunça halkara seminara gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Dowamy »

177 0
Täzelikler, 8 months ago


Taryhda iň gymmat sport predmeti: Beýsbolçy Rutuň köýnekçesi 24 mln dollara satyldy

Meşhur amerikaly beýsbolçy Beýb Rutuň köýnekçesi Heritage auksionynda rekord 18,1 mln funt sterlinge (24,12 mln dollar) satyldy. Bu häzire çenli auksionda satylan iň gymmat sport predmeti diýip, BBC Sport habar berýär.

Rut bu köýnekçäni 1932-nji ýylyň Dünýä tapgyrynda (World Series) “Çikago Kabsa” garşy taryhy oýunda geýipdi. Hut şu...

Dowamy »

168 0
Täzelikler, 8 months ago