SpaceX bir minutlap Starship raketasynda otlaýyş synagyny geçirdi: bu rekord

SpaceX kompaniýasy kosmos gämisinden we Super Heavy tizlendirijisinden ybarat äpet Starship raketasynyň sekizinji synag uçuşyna taýynlyk görýär.
Soňky günlerde kompaniýa birnäçe synag geçirdi. Booster 15 tizlendirijisi uçuş meýdançasyna ýerleşdirildi, ýangyç bilen dolduryldy we birnäçe synaglary geçirdi.
12-nji fewralda bolsa Ship 34...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Google tapmaça oýnunyň üsti bilen Google I/O 2025-iň senesini yglan etdi

Google kompaniýasy 2025-nji ýylda işläp düzüjiler üçin Google I/O konferensiýasynyň geçiriljek senesini yglan etdi. Çäre 20-nji we 21-nji maýda geçiriler hem-de tomaşaçylar üçin onlaýn elýeterli bolar diýip, The Verge habar berýär.
Adatça bolşy ýaly, programmanyň bir bölegi Kaliforniýadaky Shoreline Amphitheatre-da oflaýn görnüşde geçiriler....

Dowamy »

72 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Nissan Hytaýda DeepSeek emeli aň kömekçisini ulanýan ilkinji daşary ýurtly brend bolar

Ýaz paslynda satuwa çykarylmagy meýilleşdirilýän täze «Nissan N7» sedan modeli DeepSeek emeli aň (EA) kömekçisi bilen enjamlaşdyrylýar. Bu model Hytaý bazarynda daşary ýurtly brendleriň arasynda bu tehnologiýany ornaşdyrýan ilkinji elektrikli awtoulag bolup durýar. «N7» modeliniň önümçiligini Nissan bilen Dongfeng-iň bilelikdäki kärhanasy amala aşy...

Dowamy »

85 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Günüň üstünde 8 minutlap dowam eden güýçli alawlama boldy

Penşenbe güni Günüň üstünde iň soňky derejäniň öň ýanyndaky M klasly alawlama hasaba alyndy. Bu barada Amaly geofizika institutyna ("IPG" Federal döwlet býujet instituty) salgylaýan TASS habar berdi.
Alawlama 3987 (S06W21) Gün tegmilleri toparyndaky rentgen diapazonynda sagat 16:09-da hasaba alyndy. Ol M1.0 derejesine ýetdi we 8 minut dowam...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Hindistanly 14 ýaşly “adam-kalkulýator” 6 sany dünýä rekordyny goýdy

"Adam-kalkulýator" diýlip tanalýan 14 ýaşly hindi oglanjygy Aarýan Şukla bir günde Ginnesiň alty sany täze rekordyny goýdy.
Ol ilkinji gezek rekordy, takmynan, bir ýyl ozal "Lo Show Dei Record" şüweleňinde goýupdy. Şonda ol 50 sany bäş belgili sany 25,19 sekuntda goşupdy.
Bu gezek ýaş matematik 100 dört belgili sany goşmak (30,9 sekun...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistanyň daşary işler ministri Tähranda Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

12-nji fewralda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Tährana saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen hal...

Dowamy »

90 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

"Endamyňy digledýän ses": Täze Bugatti Tourbillon giperkary 1775 at güýjüni aldy

Bugatti kompaniýasynyň baş müdiri Mate Rimak kompaniýanyň «Tourbillon» atly täze giperkaryny görkezdi. Ol 2025-nji ýylyň iň şowhunly täzelikleriniň biri bolmaga eýýämden taýyn. Ulagyň 1775 at güýjündäki V16 hereketlendirijisi gibrid ulgam bilen utgaşyp, synaglardaky sesi bilen göreni haýran galdyrdy. Mate Rimak bu hereketlendirijiniň näderejede «öz...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Mask OpenAI-i 97,4 mlrd dollara sorady, Altman bolsa X üçin 9,74 mlrd dollar hödürledi

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask maýadarlar toparynyň üsti bilen OpenAI kompaniýasyny satyn almak başlangyjyny öňe sürdi. Ol ChatGPT döredijisini dolandyrýan täjirçilik däl guramany satyn almak üçin 97,4 mlrd dollar teklip edýär diýip, Wall Street Journal habar berýär.
Häzirki wagtda OpenAI öz gurluşyny üýtgedip, jemgyýe...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Hytaýda elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply emeli ýaprak döredildi

Hytaýly alymlaryň topary hakyky ösümligiň wezipelerini ýerine ýetirip bilýän emeli ýapragy döretdi. Ol Gün şöhlesini elektrik toguna öwürýär diýip, Interesting Engineering habar berýär.
Ýapraklar tebigy elektrik stansiýasy mysaly, sebäbi olar Gün şöhlesini, CO2-ni we suwy ulanyp, fotosintez arkaly energiýa öndürýär. Soňra olar bu energiýany...

Dowamy »

83 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

80 ýyl bäri muzeýde saklanýan pleziozawryň skeletinden deri bölejikleri we teňňeler tapyldy

Ýewropaly paleontologlar 1940-njy ýylda Germaniýada tapylan ýura döwrüne degişli pleziozawryň galyndylaryny seljerdiler. Bu gadymy süýrenijiniň galyndylary 80 ýyllap muzeýde saklanypdy. Alymlar ony gaýtadan seljerip onuň käbir ýerlerinde deri bölejikleriniň we teňňeleriň häzirki wagta çenli saklanyp galandygyny anykladylar. Ylmy işiň netijeleri «Cu...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Volvo täze «EX30 Cross Country» krossowerini resmi taýdan hödürledi

Şwesiýa sowuk howa şertleri, ýabany tokaýlary we ygtybarly ulaglary bilen meşhurdyr. Volvo hut şular ýaly gurşawda dynç almagy halaýanlar üçin niýetlenen täze «EX30 Cross Country» krossowerini resmi taýdan hödürledi. Bu barada «Top Gear» neşiri habar berýär.
Täze model ýerden artdyrylan beýikligi, has uly tekerleri we islege görä oturdylýan...

Dowamy »

82 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Demirgazyk Arala ekoulgamy dikeltmek üçin 1 mlrd kubometr suw gönükdirildi

2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2025-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli Demirgazyk Arala 1 mlrd kubometr suw guýuldy, bu meýilleşdirilen möçberden 100 mln kubometr köpdür. Howdanyň dikeldilmegi suwuň minerallaşmagynyň peselmegine, balyk gorlarynyň artmagyna we sebitiň ekologiýasynyň gowulanmagyna ýardam edýär diýip, Gazagystanyň Suw baýlyklary we suwaryş...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Tesla Şanhaýda akkumulýator önümçiligi boýunça ägirt zawody işe girizdi

Tesla kompaniýasy Şanhaýda akkumulýator batareýalarynyň önümçiligi boýunça täze zawody işe girizdi. Zawod 11-nji fewralda Megapack akkumulýatorlaryny öndürip başlady diýip, Sinhua agentligine salgylanyp, Reuters habar berýär.
Zawod Tesla-nyň Lingan sebitindäki elektromobil öndürýän zawodynyň golaýynda ýerleşýär. Täze zawod ilkibaşda ýylda 10...

Dowamy »

74 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Hytaý planetany 2024 YR4 asteroidinden goramak üçin hünärmenleri jemleýär

Hytaý Ýeriň 2032-nji ýylda asteroid bilen çaknyşmak ähtimallygy bilen baglylykda hünärmenleriň işjeň gözlegine başlady. Şeýle howsalalaryň sebäbi 2024 YR4 asteroidi boldy diýip, South China Morning Post neşiri ýazýar.
NASA-nyň maglumatlaryna görä, asteroidiň Ýer bilen çaknyşmak ähtimallygy 2,3%-e barabar. Häzir 2024 YR4 bize mälim bolan obýe...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Xiaomi 75-lik «Redmi Smart TV A Pro 2025 Energy Saving Edition» telewizorlaryny hödürledi

Xiaomi kompaniýasy arzan bahaly täze «Redmi Smart TV A Pro 2025 Energy Saving Edition» telewizorlaryny hödürledi. Bu enjamlar Hytaýda eýýämden öňünden sargyt üçin elýeterli, bölekleýin satuwyna bolsa 14-nji fewralda başlanar diýip, Gizmochina neşiri habar berýär.
Tapgyrda bäş sany model bar:
43 dýuýmlyk — 190 dollar;
50 dýuýmly...

Dowamy »

76 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistanda 6 müň 830 metrlik guýudan nebit kondensaty we gaz akymy alyndy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary «Uzynada» känindäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizdiler. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy. Bu barada "Wa...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistanyň DIM-nde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň direktory Ewe-Kýulli Kala bilen duşuşyp, häzirki we geljekki bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyk 11-n...

Dowamy »

330 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar

11-nji fewralda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş sapary bilen bardy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, şol gün türkmen wekiliýeti Eýran Yslamnyň Ýollar we şähergurluşyk ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ös...

Dowamy »

341 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Xiaomi, Redmi we Poco smartfonlarynyň käbir modelleri täzelenme almagyny bes eder

Xiaomi howpsuzlyk merkeziniň maglumat binýady täzelendi we oňa programma üpjünçiliginiň goldaw möhleti gutaran 9 sany model goşuldy.
Aşakda görkezilen enjamlar mundan beýläk programma üpjünçiligi täzelenmelerini, şol sanda howpsuzlyk täzelenmelerini almaz:
Xiaomi Civi;
Xiaomi 12X;
Redmi Note 10 JE;
Redmi Note 10S;...

Dowamy »

347 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Toyota akkumulýatorlary ýakmazdan gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny işläp düzdi

Toyota kompaniýasy elektrik ulaglary we gibridler üçin batareýalary gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýasyny döretdi. Täze usul peýdaly materiallaryň ýok edilmegini we daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmak bilen, ýakmak tapgyryny aradan aýyrýar diýip, Motor1 ýazýar.
Adaty gaýtadan işleýiş usullary seýrek metallaryň ýitmegine we zyýanly...

Dowamy »

333 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago