Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň barşynda welaýa...

Dowamy »

397 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Raşid Meredow Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler minsitri Raşid Meredow ýekşenbe güni eýranly kärdeşi Hoseýn Amir Abdollahiýan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde iki ýurduň arasynda «özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri» ara alyp maslahatlaşdy diýip, Eýranyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Iki ýurduň diplomatlary ähli ugurlarda Türkmenistan bilen...

Dowamy »

406 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Moskwa-Türkmenbaşy ugry boýunça S7 awiakompaniýasynyň petekleri 50% arzanlady

S7 Airlines rus awiakompaniýasy Moskwa — Türkmenbaşy ugry boýunça petekleriniň bahasyny 50% arzanlatdy. Täze nyrhlar 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda hereket eder.
Awiagatnadyjy Moskwa-Türkmenbaşy ugry boýunça petekleri 3 tarif boýunça — «Ekonom binýatlyk», «Ekonom Standart» we «Ekonom plýus» tarifleri boýunça hödürleýär. Moskwa-Türkme...

Dowamy »

398 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Bellingem – dünýäniň iň gymmat oýunçysy, Mbappe – üçünji, Holand – bäşinji

CIES Football Observatory dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň reýtingini hödürledi. Gözleg topary dünýäniň 75 ligasynda 30 müňden gowrak oýunça baha berdi. Şeýlelikde, dünýäniň iň gymmat futbolçysy Angliýanyň milli ýygyndysynyň we Dortmundyň “Borussiýasynyň” ýarym goragçysy Jud Bellingem boldy. Onuň transfer bahasy 208,2 mln ýewro bilen bahalandyryl...

Dowamy »

460 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Forbes 2022-nji ýylda iň uly ýitgi çeken 5 milliarderi belli etdi

“Forbes”amerikan žurnalynyň habar bermegine görä, 2022-nji ýylda bäş milliarder – Tesla-nyň ýolbaşçysy we SpaceX kompaniýasynyň baş inženeri Ilon Mask, Amazon internet kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos, Meta kompaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy Mark Sukerberg, Google Alphabet kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Larri Peýj we Google-yň...

Dowamy »

458 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Sony we Honda täze Afeela awtomobil markasyny döretdiler

ABŞ-da geçirilen CES 2023 elektronika we tehnologiýa sergisinde Sony we Honda bilelikde döredilen Afeela markasynyň awtomobiliniň ilkinji prototipini görkezdiler. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Bilelikdäki kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, “Afeela” sözi iňlis dilindäki “feel” – “duýmak” sözünden...

Dowamy »

424 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Acer ofis stoly bilen welotrenažýory birleşdirdi

Taýwan kompaniýasynyň inženerleri indi olaryň täze önümini müşderiler akyl işini pedaly aýlamak bilen utgaşdyryp ulanyp biljekdiklerini aýdýarlar.
Acer ABŞ-da geçýän CES elektronika sergisinde kompýuteriň başynda uzak wagtlap oturmaga mejbur bolýan ofis işgärleri üçin “sagaldyş” gurluşyny hödürledi.
EKinekt BD 3 kofe gabyny goýmak üçi...

Dowamy »

441 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

L'Équipe: Lionel Messi 2022-nji ýylyň «çempionlarynyň çempiony»

«PSŽ-niň» we Argentinanyň milli toparynyň hüjümçi Lionel Messi abraýly neşiriň wersiýasy boýunça 2022-nji ýylyň «çempionlarynyň çempiony» diýip ykrar edildi.
L'Équipe toparynyň redaksiýasynyň işgärleriniň habar bermegine görä, «Çempionlaryň çempiony» kubogy ýylyň jemi boýunça iň görnükli türgene berilýär. Reýting 4-nji dekabrda tamamlanan gi...

Dowamy »

477 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Menni Pakýao 2023-nji ýylda karýerasyny dikeldip biler

Boks boýunça sekiz agram kategoriýasynda öňki dünýä çempiony Menni Pakýao 2023-nji ýylda karýerasyny gaýtadan dikeldip biler. Bu barada boksçynyň wekili TASS habarlar agentligine habar berdi.
“Menni boksa gaýdyp gelmek mümkinçiligi barada köp gürrüň edýär. Ol özüni formada saklaýar, türgenleşýär. Oňa diňe, hakykatdanam, uly waka bolmagy üçin...

Dowamy »

470 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

2022-nji ýylyň iň gowy derwezebanlarynyň reýtingi hödürlendi

Ýakynda Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasynyň (IFFHS) resmi saýtynda geçen 2022-nji ýylyň iň gowy derwezebanlarynyň sanawy neşir edildi. Bu barada c-sport.info habar berýär.
Şeýlelikde, ýylyň derwezebany eýýäm ikinji gezek “Real” futbol klubunda çykyş edýän belgiýaly Tibo Kurtua boldy. Ol 125 utuk gazanmagy başardy. Onuň yz...

Dowamy »

467 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Nowak Jokowiç abraýly ýaryşlary sypdyryp biler

ABŞ-nyň ýurda gelýänleriň sanjym kepilnamasynyň bolmagyny talap edýän düzgünleriň hereket ediş möhletini uzaldandygy sebäpli tennisçi Nowak Jokowiç iki sany möhüm amerikan ýaryşyny – “Indian-Uells” we “Maýami open” ýaryşlaryny sypdyrmaly bolar. Bu barada ru.publika.md saýtynda habar berilýär.
Indi ABŞ-a girilende koronawirusa garşy sanjym ke...

Dowamy »

440 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Samsung-yň operasion girdejisi dördünji çärýekde 69% peseldi

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics korporasiýasy 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde operasion girdejisiniň çiplere we smartfonlara islegiň pes bolmagy sebäpli 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 69% peselendigini habar berdi. Degişli deslapky maglumatlar kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär.
Oktýabr –...

Dowamy »

451 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmenistanyň ýygyndysy dzýudo boýunça dünýä reýtinginde 66-njy boldy

Türkmenistanyň ýygyndysy dzýudo boýunça milli ýygyndylaryň dünýä reýtinginde 66-njy orny eýeledi. Reýting Halkara dzýudo federasiýasynyň saýtynda neşir edildi.
Türkmen ýygyndysynda erkekleriň arasynda iň ýokary görkeziji Hakberdi Jumaýewe (60 kg degişli) degişli. 471 utuk toplap, ol iň gowy dzýudoçylaryň dünýä sanawynda 74-nji orunda ýerleşd...

Dowamy »

463 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysyna täze baş tälimçi bellenildi

«Ahal» futbol klubunyň tälimçisi Mergen Orazow futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellenildi. Şeýle karar Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň nobatdaky mejlisinde kabul edildi.
Mergen Orazow Türkmenistanda 2022 möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi. Onuň ýolbaşçylygynda «Ahal» t...

Dowamy »

472 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy çaltlandyrylar

Türkmenistan bilen Hytaý «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegiň ikinji tapgyryny, «Türkmenistan–Hytaý» gazgeçirijisiniň D ulgamynyň gurluşygyny we beýleki bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrarlar, gaz senagatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirerler. Bu barada Si Szinpin bilen Serdar Berdimuhamedowyň Bilelikdäki Beýannamasy...

Dowamy »

428 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygyny Türkmenistana gelmäge çagyrdy

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, şu gün Pekinde Serdar Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň duşuşygy geçirildi. Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin Si Sizinpine minnetdarlyk bildirdi we ony iki tarap üçin amatly wagtda Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy.
Belläp geçsek, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barş...

Dowamy »

438 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

6-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary dostlukly ýurduň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde aýdylýar.
Dostlukly ýurduň abraýl...

Dowamy »

596 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Aşgabatdan Sarahsa we Arçmana täze awtobus gatnawlary açyldy

9-njy ýanwarda Türkmenistanda Aşgabat — Sarahs — Aşgabat hem-de Aşgabat — Arçman — Aşgabat ugurlary boýunça iki sany täze şäherara awtobus gatnawy açylar diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.
Aşgabat - Sarahs ugry boýunça gatnawyň peteginiň bahasy — 35 manat, Aşgabat — Arçman gatnawynyň bahasy — 15 manat.
...

Dowamy »

442 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Ford ABŞ-da ortaça her 49 sekuntda bir sany F seriýaly pikap satýar

Ford F-Series-iň maşgalasy 2022-nji ýylda ABŞ-da iň köp satylan awtoulag adyny saklap galdy. Awtoulag öndürijisiniň metbugat gullugy 46 ýyl bäri bu awtoulag modeliniň adyny mynasyp saklap gelýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, F-Series 41 ýyl bäri ABŞ-da iň köp satylýan awtoulag adyny elden bermän gelýär. Ford-yň maglumatlaryna görä, 2022-nji...

Dowamy »

469 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

ABŞ Kataryň yzyndan ýetip, dünýäde suwuklandyrylan gaz bilen iň iri üpjün ediji boldy

ABŞ Ýewropa Bileleşigine iberýän tebigy gazy arkaly 2022-nji ýylda Katardan öňe geçip, suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) bilen dünýäde iň iri üpjün ediji boldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Awstraliýa dünýäde üçünji iri LNG bilen üpjün ediji boldy.
ABŞ Katardan esli öňe geçerdi, ýöne Tehasdaky Freeport LNG eksport zawodynda dörän...

Dowamy »

427 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago