Germaniýaly köçeden bir petde pul tapyp, polisiýa eltdi

Germaniýada ýaş ýigit gije köçeden bir daňy ýewro tapyp, ony golaýdaky polisiýa bölümine eltdi. Waka Warştaýn şäherinde boldy. Hukuk goraýjylar puly sanap görseler, ol bir müň ýewrodan köp ekeni. Häzir olar pul ýitireni gözleýärler.
yerli kanunçylyga görä, eger ýarym ýylyň dowamynda puluň eýesi tapylmasa, tapan adam ony özüne alyp biler diýi...

Dowamy »

323 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmenistanly gümrükçiler Daşkentde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdylar

Özbegistanyň Daşkent şäherinde Aziýanyň Ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada müşderilere has gowy hyzmat etmek boýunça iň gowy gümrük gullugy» maksatnamasynyň çäklerinde Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň (YYO) alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmäge bagyşlanan sebitleýin maslahat geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada özbek internet s...

Dowamy »

309 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmenistanly gümrükçiler Daşkentde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdylar

Özbegistanyň Daşkent şäherinde Aziýanyň Ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada müşderilere has gowy hyzmat etmek boýunça iň gowy gümrük gullugy» maksatnamasynyň çäklerinde Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň (YYO) alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmäge bagyşlanan sebitleýin maslahat geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada özbek internet s...

Dowamy »

313 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Teýmur Çaryýewiň «Abdyş-Atasy» Gyrgyzystanyň çempiony boldy

Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» futbol topary heniz möwsüm tamamlanmanka, Gyrgyzystanyň çempiony boldy. Toparyň düzüminde türkmenistanly goragçy Teýmur Çaryýew hem bar. Ol gyrgyz toparynda şu ýylyň başyndan bäri çykyş edip gelýär.
Tutuş möwsümiň dowamynda hem netijeli oýunlar bilen janköýerlerini begendiren topar 26 duşuşykda 54 utuk toplap, wagt...

Dowamy »

313 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Buharada «Arşyň nepisligi — türkmen halysy» atly halkara maslahat geçirildi

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Buhara şäherinde «Arşyň nepisligi — türkmen halysy» atly halkara maslahat hem-de türkmen halylarynyň sergisi geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi habar berdi.
Halkara maslahata Özbek-türkmen medeni merkeziniň wekilleri, halyşynaslar we halyçy...

Dowamy »

345 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmenistan we Italiýanyň söwda gullugy ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow Italiýanyň Söwda gullugynyň täze bellenen baş müdiri jenap Lorenso Galanti we gullugyň daşary ulgamynyň merkezi müdiri Amedeo Skarpa bilen gepleşik geçirdi.

Italiýanyň Söwda gullugynyň merkezinde geçirilen ýygnakda T.Kömekow Türkmenistan bil...

Dowamy »

321 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

«Albayrak Holding» kompaniýasy Hazar ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana maýa goýar

Azerbaýjanda iş alyp barýan «Albayrak Holding» türk kompaniýalar topary Baku halkara deňiz söwda portundan harytlary has çalt eltip bermek üçin Hazaryň beýleki ýurtlaryna maýa goýar. Bu barada «Report.az» kompaniýa salgylanyp habar berdi.

«Gazagystanda käbir terminallary işletmek boýunça meýilnamalar bar. Şunuň bilen birlikde, Türkme...

Dowamy »

320 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Şu gün Aşgabatda geçirilen 16-njy «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» forumyna gatnaşmagyň çäginde Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň başlygy bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhüm...

Dowamy »

313 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmenistanyň Prezidenti we Koreýanyň daşary işler ministri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky 16-njy Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga çak...

Dowamy »

333 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün wise-premýer, Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Murat Nurtleu Aşgabat şäherine resmi sapary wagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Döwlet Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini, st...

Dowamy »

302 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa, şeýle-de türkmen halk...

Dowamy »

312 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Täjigistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt ta...

Dowamy »

306 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komi...

Dowamy »

338 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Germaniýanyň Türkmenistanda saparda bolýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri bilen duş...

Dowamy »

304 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

«Türkmenhowaýollary» gyş paslynda 7 ýurda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar

1-nji noýabrdan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy 7 ýurda — Russiýa Federasiýasyna, Türkiýä, Hytaýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Birleşen Arap Emirliklerine hem-de Hindistana ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň gyşky gatnawlarynyň täzelenen tertibinde mälim edildi.
«Türkmenhowaýollarynyň» uçarlary her hepdede 5...

Dowamy »

315 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Arkadag» futbol toparynyň nyşanynyň taslamalary bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň dowamynda şäher bilen adybir futbol topary üçin hödürlenilýän nyşanlaryň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri olarda milli sportuň ösdürilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň ýokary netijeli sporta çekilmeginde...

Dowamy »

301 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

500 sany pyşbaga çagasy deňze goýberildi

Kolumbiýanyň eko-işjeňleri Ýuwaş ummana Ridli zeýtun deňiz pyşbagalarynyň 500 sany çagasyny goýberdiler diýip, «Habar 24» ýazýar.

Pyşbagalaryň bu görnüşine ýurtda ýitip ýok bolmak howpy abanýardy. Haýwanat dünýäsini goraýjylar olary mundan birnäçe aý öň deňziň kenaryndan tapdylar, ideg etdiler, köpeltdiler. Bu tutum deňiz faunasyny g...

Dowamy »

310 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

«Marysyýahat» HJ Saud Arabystanyna syýahat saparlaryny guraýar

«Marysyýahat» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryna umra zyýaratyny berjaý etmek üçin Mekke-Medinä zyýarat hyzmatlaryny hödürleýär.
Kompaniýanyň hyzmatlar bukjasyna Saud Arabystanyna wizany resmileşdirmek, awiapetekleri bronirlemek, zyýaratçylaryň üç wagtyna nahary bolan dört ýyldyzly myhmanhanada ýerleşmegini üpjün etmek, şeýle-de ýo...

Dowamy »

324 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy

Türkmenistanyň paýtagty ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunda (UCCN) «Dizaýn» kategoriýasyna goşuldy. Bu barada Guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Aşgabat şäheri dünýäniň medeni pudagyň ösüşine goldaw bermek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän beýleki 54 şäheri bilen birlikde UCCN-iň bir bölegine öwrüldi. M...

Dowamy »

319 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago

«Emeli aň» 2023-nji ýylyň sözi diýlip yglan edildi

Britan bilermenleri 2023-nji ýylyň sözüni yglan etdiler, ol «Emeli aň» (AI) diýen sözdür diýip, «MIR 24» ýazýar.
Ýylyň sözi meşhur iňlis diliniň sözlügini düzüjiler tarapyndan hödürlenildi. Olar «Emeli aň» sözüni «adamyň psihiki işiniň kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen nusgalanmagy» hökmünde düşündirdiler. Hünärmenler EA tehnologiýas...

Dowamy »

382 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago