BYD 7000 awtoulag daşamaga ukyply täze rolkerini suwa goýberdi
«BYD Auto» kompaniýasy özüniň ýük flotuny täze, sany boýunça eýýäm ýedinji uly rolkeri bilen giňeltdi. «Guangzhou Shipyard International» gämi gurluşyk zawodynda gurlan gämi 7000-e çenli awtoulag daşamaga ukyply diýip, «CnEVPost» neşiri habar berýär.
Täze gäminiň ady mälim edilmeýär, ýöne onuň tehniki aýratynlyklary şu ýylyň başynda ulanyşa...
Diňe ýeke ýaşaýjysy bolan şäherçe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol hem häkim, hem kitaphanaçy...
Amerikanyň Nebraska ştatynyň Monowi şäherçesinde ýeke adam - 90 ýaşly Elsi Eýler ýaşaýar. Ol şol ýeriniň häkimi, edara gullukçysy, gaznaçysy, kitaphanaçysy we ýerli garbanyşhananyň eýesi.
Monowi iň az ýaşaýjyly ilatly ýer hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Eýler 2004-nji ýylda tä adamsy Rudi ýogalýança onuň bilen şäherçed...
Aleksandr Makedonski döwründen galan moda: çaganyň 2300 ýaşly altyn ýüzügi tapyldy
Ierusalimiň iň gadymy ilatly etraby bolan Dawidiň şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda ysraýylly arheologlar goýy gyzyl daşly kiçijik altyn ýüzügi tapdylar. Hünärmenleriň bellemegine görä, tapyndy irki ellinçilik döwrüne degişlidir, ýagny takmynan 2300 ýyl ozal, sebiti miladydan öňki 332-nji ýylda Aleksandr Makedonskiý basyp alyp yzýa...
Ýapon alymlary emeli aňa ganyň lagtalanmagyny öňünden anyklamagy öwretdiler
Tokio uniwersitetiniň alymlary gan damarlarynda gan lagtalarynyň (tromblaryň) döremegini häzirki wagtda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän täze usuly hödürlediler. Bu tehnologiýa täze nesil mikroskop bilen emeli aňyň utgaşmasyna esaslanýar.
Bu usul trombositleriň, ýagny ganyň akmagyny saklaýan öýjükleriň hereketini gözegçilikde saklaýar. Trom...
Gök önümleriň saklanyş möhletini uzaltmak üçin biodargamaga ukyply nanoplastyr döredildi
Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary gök önümleriň saklanyş möhletini uzaltmaga ukyply, ýüpekden ýasalan, biodargamaga ukyply nanoplastyr döretdiler. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berýär.
Plastyryň düzüminde mikroskopiki iňňeler arkaly ösümlige siňdirilýän melatonin gormony bar. Bu madda ösümlikdäki antioksidantl...
Hytaýda «ýaşyl» energetikanyň ösüşi ilkinji gezek CO2 zyňyndylarynyň azalmagyna getirdi
Hytaý 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kömürturşy gazynyň (CO2) zyňyndylaryny ilkinji gezek 1,6% azaltmagy başardy. Bu netije ýel, Gün we ýadro energiýalarynyň giňden ulanylmagy bilen gazanyldy diýip, «Carbon Brief» britan neşiri habar berýär.
Zyňyndylary ýurduň ähli künjeginde elektrik energiýasyna bolan islegiň ýokarlanma...
“Mukaddes behişt ýoly” HK umra zyýaratyny gurnap bermek hyzmatyny hödürleýär
Mümkinçiligi bolan her bir musulmanyň umra zyýaratyny amala aşyrmagy sogaply amallardan hasaplanylýar. Mukaddes Käbäniň daşyndan 7 gezek aýlanmak, makamy Ibrahimde namaz okamak, Zem-zem suwundan ine-gana içmek, Safa we Merwe depeleriniň arasynda ýöremek - bu amallary ýerine ýetiren adamyň ýadynda ýatdan çykmajak waka bolup galýar Umra zyýaratyny h...
FIFA täze transfer penjiresiniň açylmagyny tassyklady
ABŞ-da geçiriljek 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatyna klublary gatnaşýan FIFA-nyň 20 agza assosiasiýasynyň ählisi ýörite transfer penjiresiniň açylmagyny makullady. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda habar berilýär.
Ozal FIFA-nyň geňeşi goşmaça geçiş döwrüni tassyklady – ol 1-nji iýundan 10-njy iýun aralyg...
Wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi
22-nji maýda wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Me...
Lionel Messi karýerasynda iň gowy görýän goluny aýtdy: ol ony kelle bilen saldy
“Barselonanyň” öňki hüjümçisi Lionel Messi 2008/2009 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň finalynda “Mançester Ýunaýtediň” derwezesine kelle bilen salan goluny karýerasynda iň gowy görýän goly hasaplaýandygyny aýtdy. Oýun ispan toparynyň 2:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.
“Men, ähtimal, has owadan we gymmatly bolup biljek köp goly geçirdim, ý...
Modriç “Bernabeu” stadionynda “Real” üçin hoşlaşyk oýnuny geçirer
39 ýaşly horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç Klublaýyn dünýä çempionatyndan soň Madridiň “Realyny” terk edýändigini habar berdi. Ol bu barada sosial ulgamlarda ýerleşdiren hoşlaşyk hatynda aýtdy.
“Realyň” gadyrly janköýerleri, wagt geldi. Meniň hiç haçan islemedik pursatym geldi, ýöne bu futbol… Şenbe güni men “Santýago Bernabeuda” soňky oý...
“Barselona” Rafinýa bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltdy
“Barselona” braziliýaly hüjümçi Rafinýa bilen şertnamanyň möhletiniň 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaldylandygyny resmi taýdan habar berdi.
Öňki şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi.
“Zehin we oýna gowy düşünmek onuň doly güýjüni siňdirmek we her gün agyr işi ýerine ýetirmek ukyby bilen utgaşýar. Özüne talapkär...
15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär
2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi. Bu waka kriptowalýuta bilen amala aşyrylan ilkinji resmi söwda hasaplanýar.
Şu...
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Pekinde Sun Sinlin adyndaky merkeze baryp gördi
22-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Hytaýa iş saparynyň çäklerinde Pekin şäherindäki Sun Sinlin adyndaky Ýaşlar, ylym we tehnologiýa alyş-çalyş merkezinde boldular. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.
Wekiliýet merkezde Sun Sinlin adyndaky gaznanyň çagalaryň saglygyny berkitme...
Türkmenistanly ýaşlar Täjigistanda geçirilýän halkara foruma gatnaşýarlar
21–24-nji maý aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde 100-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň ýaşlar forumy geçirilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, halkara ýaşlar forumyna Bilim ministrliginiň...
Dünýägözel Gulmanowa Pekinde Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaýa iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşygy geçirildi. Bu barada Mejlisiň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda BMG-niň meýdançasynda...
Türkmenistan Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy
20-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
“Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” ady bilen geçirilen mejlisiň işine Mer...
Beýik Britaniýa Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna gaýtaryp berdi
Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Hindi ummanyndaky Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna geçirmegi göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekdi diýip, «BBC» habar berýär.
Arhipelag ýedi adadan ybarat. 1965-nji ýyldan bäri Diego-Garsiýa adasynda Beýik Britaniýa bilen ABŞ-nyň bilelikde ulanýan harby bazasy ýerleşýär.
Ylalaş...
“Kitap” bilim merkezinde tomusky okuwlara 50%-den 100%-e çenli arzanlaşyk bilen ýazylyp bolýar
“Kitap” bilim merkezinde täze okuw möwsümi üçin ýazylyşyk başlady!
Okuwlar 10-njy iýunda başlanýar.
Bilim merkezinde şu ugurlar boýunça okuwlar hödürlenýär:
DIL okuwlary:
Iňlis dili
Rus dili
Nemes dili
Fransuz dili
Hytaý dili
TOEFL/IELTS (Halkara synaglar...
Türkmenistan we Belarus Respublikasy Hökümetara hyzmatdaşlyk toparynyň mejlisine taýýarlanýar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Belarus Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisi Stanislaw Çepurny bilen duşuşdy. Bu barada Belarusyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň ýakyn wagtda geçiri...