Astrofizikler ilkinji gezek 8K durulykda Gün üstüniň suratyny aldy

Astrofizikler ilkinji gezek 8K durulykda Gün üstüniň suratyny aldy. Suratlar Gün tegmillerini we işjeň zolaklary jikme-jik görmäge mümkinçilik berýär diýip, Solar Physics ylmy žurnalyna salgylanyp, Space.com neşiri habar berýär.
Suratlar Potsdamdaky (Germaniýa) Leýbnis astrofizika instituty tarapyndan işlenip taýýarlanan täze ýokary durulykd...

Dowamy »

32 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Şu hepdede Ýeriň deňinden köp gatly jaýyň göwrümindäki birnäçe howply asteroidler uçup geçer

Şu hepdede NASA tarapyndan potensial howply (howp salmak mümkinçiligi bar) diýlip kesgitlenen dört sany asteroid Ýeriň deňinden geçer diýip, Interesting Engineering portaly habar berýär.
Birinji asteroid — 2025 KT1 — 12,8 metr diametrli bolup, 26-njy maýda Ýeriň ýanyndan howpsuz aralykda geçdi. 27-nji maýda bolsa 25,3 metr ululygyndaky 2025...

Dowamy »

29 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Ýamal “Barselona” bilen şertnamany 2031-nji ýyla çenli uzaltdy

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal katalon kluby bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň saýtynda habar berilýär.
17 ýaşly futbolçy bilen täze şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder.
Öňki şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenipdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä...

Dowamy »

32 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

HBO täze serial üçin Garri Potteri, Rony we Germionany saýlady

HBO Garri Potter baradaky geljekki serial üçin baş keşpleri ýerine ýetirjek aktýorlary saýlady. Baş gahrymany Dominik Maklaflin, onuň dostlary Ron Uizli bilen Germiona Greýnjeri – Alaster Staut we Arabelle Stenton ýerine ýetirer diýip, Warner Bros. Discovery-nyň metbugat relizinde aýdylýar.
Şourannerler baş keşpler üçin aktýorlary 2024-nji ý...

Dowamy »

31 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglanyşdy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen şertnama gol çekdi. Gol çekişmek dabarasy 26-njy maýda Doha şäherindäki Al Bidda binasynda ýerleşýän Katar Futbol Assosiasiýasynyň merkezi edarasynda geçirildi.
Kataryň Futbol Assosiasiýasynyň adyndan resminama guramanyň pr...

Dowamy »

37 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki direktory, futbol hünärmeni Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada federasiýanyň resmi saýtynda habar berilýär.
R.Meredow futbol ýoluny 1999-njy ýylda Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” toparynda başlap, dürli ýyllarda “Dagd...

Dowamy »

31 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Starship-iň 9-njy synag uçuşy ýene şowsuz tamamlandy: tizleşdiriji ýaryldy, gämi ýandy

SpaceX kompaniýasynyň Starship agyr raketasynyň dokuzynjy synag uçuşy şowsuz tamamlandy. Raketa ABŞ-nyň gündogar wagty bilen 19:36-da (Aşgabat wagty bilen 04:36) Tehasdaky Starbase kosmodromyndan uçuryldy.
Uçuş birnäçe minut gijikdirildi, ýöne bu adaty ýagdaý hasaplanýar.
Uçuşdan soň, raketanyň birinji basgançagy – Super Heavy tizle...

Dowamy »

34 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Realme Aston Martin F1 bilen döredilen GT 7 Dream Edition smartfonyny hödürledi

Parižde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Realme kompaniýasy täze GT 7 smartfonyndan başga-da çäkli GT 7 Dream Edition modelini hödürledi. Ol Aston Martin F1 Team ýaryş topary bilen hyzmatdaşlykda döredildi.
Model Aston Martin nyşany bilen ýaşyl korpusa eýe boldy. Yzky panel ýalpyldysyz bolup, ýaryş ulagynyň burnuna meňzeýän kontur we aerod...

Dowamy »

32 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Raul “Realyň” ýaşlar toparynyň tälimçisi wezipesinden aýryldy

Raul “Realyň” ýaşlar topary bolan “Kastilýanyň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi.
47 ýaşly hünärmen topara alty ýyl ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Kastilýa” 2019/20 möwsüminde UEFA-nyň Ýaşlar ligasynda ýeňiji boldy. Umuman alanyňda, Raul klubuň ulgamynda ýedi ýyl, şol sanda ýet...

Dowamy »

30 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Galaxy S23 Ultra bäş sagatlap buzly derýada saklandy – ol işe ukyplylygyny ýitirmedi

Suwa gaçandan soň telefona zeper ýetmändigi bilen indi hiç kimi geň galdyryp bolmaz – häzirkizaman smartfon modelleri şeýle synaglardan aňsatlyk bilen baş çykarýar. Ýöne Galaxy S23 Ultra has aşa şertlerde ýokary çydamlylygy görkezdi – ol Şwesiýanyň demirgazygyndaky buzly derýada bäş sagatlap saklandy.
Waka barada şwesiýaly ýolbelet Mikael Kr...

Dowamy »

35 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

«Resilience» ýapon moduly Aýa gonmazdan öň surat iberdi

«ispace» ýapon kompaniýasy «X» sosial torunda «Resilience» gonuş modulynyň täze düşüren suratyny paýlaşdy. Suratda Aýyň Günorta polýusy we onuň töweregi görünýär.
Modul şu ýylyň ýanwarynda «Falcon 9» raketa göterijisi arkaly Ýeriň hemrasyna ugradyldy. Enjamyň Aýa uçuşy dört aý diýen ýaly dowam etdi, ol ýangyjy tygşytlamak üçin uzak traýektor...

Dowamy »

33 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Toyota kompaniýasy GR Corolla-nyň önümçiligini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer

Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin niýetlenen GR Corolla sport hetçbeginiň önümçiliginiň bir bölegini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer.
Kompaniýa Derbişir graflygynyň Býornaston şäherindäki zawodda ýörite önümçilik hataryny döretmek üçin, takmynan, 56 mln dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, önümçilig...

Dowamy »

31 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

«Volvo» 3 müň işgärini işden boşadar

Volvo Cars şwed awtokompaniýasy 3 müňe golaý iş ornunyň azaldyljakdygyny mälim etdi. Bu çäre esasan-da ofis işgärlerine degişli bolar, bu bolsa ähli işgärleriň, takmynan, 15 göterimine deňdir. Häzirki wagtda kompaniýanyň ofislerinde 43,5 müň adam işleýär.
Işden boşatmalaryň köpüsiniň Şwesiýada bolmagyna garaşylýar.
Hytaýyň «Geely» awt...

Dowamy »

26 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça III açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça III açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, olimpiada 8 ýurduň 38 sany ýokary okuw mekdebinden 135 talyp gatnaşdy.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşige gatnaşan...

Dowamy »

43 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Aşgabatda Gruziýanyň Garaşsyzlyk güniniň 34 ýyllygy bellendi

Türkmenistanyň paýtagtynda Gruziýanyň döwlet garaşsyzlygynyň dikeldilmeginiň 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri we resmi adamlar gatnaşdylar.
Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili gutlag sözi bilen çykyş...

Dowamy »

44 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Türkmenistanyň ilçisi bilen Sukuba uniwersitetiniň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi

Şu gün Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagatanyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subainiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, geçirilen duşuş...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi

26-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer ýurdumyzyň oba hoj...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

10 sany halyça «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ýurdumyz...

Dowamy »

44 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Realme GT 7 telefondaky iň uzak kinoseans üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

«Realme GT 7» smartfony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol mobil enjamda iň uzak wagt film görkezmek boýunça rekord goýdy – 24 sagat. Bu üstünlik Ginnesiň resmi wekili tarapyndan hasaba alyndy.
«Realme» bu rekordyň 7000 mA·sag sygymly batareýanyň we 120Wt güýçli tiz zarýad berşiň mümkinçiligi bilen gazanylandygyny aýtdy. Batareýasy «T...

Dowamy »

47 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

“Formula 1-iň” ýedi gezek çempiony Mihael Şumaheriň awtoulagy 16 million ýewro satyldy

Mihael Şumaheriň 2001-nji ýylda Monako we Wengriýa Gran Prisinde ýeňiji bolup, “Formula-1”-iň çempionlygyny alanda münen bolidi 15,98 million ýewro satyldy. Bu barada The New York Times habar berýär.
Ferrari F2001 24-nji maýda Monakoda RM Sotheby’s auksionyna çykarylypdy. Neşiriň berýän habaryna görä, söwda 8 million ýewrodan başlap, aýgytly...

Dowamy »

43 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago