Türkmen-eýran serhediniň üsti bilen Türkmenistana 16 döwletden 200 adam geçdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda ýörite habar ýaýratdy. Habarda ýurduň ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine, şeýle hem halkara borçnamalaryna ygrarlydygy bellenilip, daşary ýurt raýatlarynyň we ulag serişdeleriniň türkmen-eýran serhedinden geçmegi...

Dowamy »

62 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Türkmenistanda Sergeý Karýakiniň küşt klubuny açmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýewiň russiýaly küştçi, grossmeýster, Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň senatory Sergeý Karýakin, şeýle hem Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Albert Minnullin bilen iş duşuşyklary boldy.
Taraplar küştüň ösdürilmeg...

Dowamy »

57 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Apple kompaniýasy M5 çipli we has kuwwatly MacBook Air we MacBook Pro modellerini çykardy

Apple kompaniýasy täzelenen MacBook Air we Pro modellerini, şeýle hem iki sany täze monitory hödürledi.
MacBook Air modeli M5 çibi, ulaldylan ýat we 18 sagada çenli zarýadsyz işlemek mümkinçiligi bilen üpjün edildi. Täze prosessor emeli aň bilen bagly wezipeleri öňküden dört esse çalt ýerine ýetirýär.
Noutbugyň 13,6 we 15,3 dýuýmlyk i...

Dowamy »

65 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Tesla-nyň awtopiloty 13,5 milliard kilometr aralygy geçdi

Tesla kompaniýasynyň gözegçilik astyndaky awtonom sürüş ulgamy (FSD) eýýäm umumylykda 13,5 milliard kilometrden ýoly geçdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň howpsuzlyga bagyşlanan resmi sahypasynda çap edildi.
Kompaniýa uly göwrümli real maglumatlaryň awtonom sürüş üçin neýroulgam platformasyny kämilleşdirmäge kömek edýändigini belleýär. Geçilen...

Dowamy »

62 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Dodge güýçli sekiz silindrli Hellcat motory bilen enjamlaşdyrylan Charger modelini çykarar

Dodge kompaniýasy häzirki Charger modeliniň sekiz silindrli (V8) Hellcat hereketlendirijisi bilen üpjün edilen täze görnüşini işläp taýýarlaýar. «Mopar Insiders» neşiriniň çeşmelere salgylanyp berýän habaryna görä, awtoulagyň bu görnüşi modeliň meýilleşdirilen täzelenmesiniň çäginde peýda bolar.
Dodge Charger kupesiniň we sedanynyň 2028-nji...

Dowamy »

57 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Oskar baýragyna täze dalaşgär: «"Awe Mariýa" taslamasy» filmi tankytçylary haýran galdyrdy

Tizden ekrana çykjak ylmy-fantastika žanryndaky «"Awe Mariýa" taslamasy» filmi kino dünýäsiniň hünärmenlerine görkezildi. Ilkinji seslenmelerde bu eser «kosmosa syýahat baradaky hökman görülmeli film» we geljek ýylky Oskar dabarasynda köp sanly baýraklaryň eýesi bolmaga iň uly dalaşgär diýlip atlandyrylýar.
Bu film ýazyjy Endi Weýeriň (2015-...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Barselonada gurluşygy bir asyra çeken ybadathananyň merkezi diňi taýýar boldy

Barselonada düýbi tutulanyna 144 ýyl geçen Sagrada Familiýa ybadathanasynyň merkezi diňiniň gurluşygy tamamlandy. Polatdan we aýnadan ýasalan 17 metrlik dört gyraňly haçyň iň ýokarky böleginiň gurnalmagy netijesinde gurluşygyň soňky tapgyry jemlendi. Şeýlelikde binanyň beýikligi 172,5 metre ýetdi.
Isa pygamberiň hormatyna dikeldilen merkezi...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Mercedes-Benz 10 million dollara dikuçaryň içini bezäp berdi

Mercedes-Benz kompaniýasy Airbus ACH145 dikuçarynyň ýörite wersiýasyny döretmäge gatnaşdy. Bu täze modele "Mercedes-Benz Edition" diýen at berildi.
Brendiň dizaýnerleri ýolagçy kabinasynyň interýerini özleriniň premium awtoulag modellerinde ulanylýan çözgütlerini esas edinip taýýarladylar. Dikuçaryň anyk bahasy açyk aýdylmasa-da, hünärmenler...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Kanadaly ýigit gen redaktirlemesi arkaly seýrek duş gelýän keselden saplanan ilkinji adam boldy

Kanadanyň Britan Kolumbiýasy prowinsiýasynyň 19 ýaşly ýaşaýjysy Taý Sperl dünýäde DNK-nyň praým-redaktirlemesi tehnologiýasynyň kömegi bilen seýrek duş gelýän genetik keselden doly saplanan ilkinji näsag boldy. Bejerişiň netijeleri New England Journal of Medicine ylmy žurnalynda çap edildi.
Sperl heniz bäş ýaşyndaka oňa dowamly granulomatoz...

Dowamy »

56 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Apple iPad Air-y täzeledi: has ýokary tizlik, M4 çip, 12 GB ýat we Wi-Fi 7 – bahasy $600

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň nusgasyndaky täzelenen iPad Air planşetini resmi taýdan tanyşdyrdy. Planşet 8 ýadroly prosessor we 9 ýadroly grafika bilen üpjün edilen M4 bir kristally ulgamyna esaslanýar. Kompaniýanyň beýanatyna görä, täze model geçen ýylky modelden 30% çalt we 2022-nji ýyldaky wersiýasyndan 2,3 esse güýçlüdir.
Operatiw ýa...

Dowamy »

52 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

«Bökegenler» soňky on ýylyň içinde Pixar multfilmleriniň arasynda iň ýokary reýtingleriň birine eýe boldy

Internetde Pixar studiýasynyň «Bökegenler» (Hoppers) atly animasiýa filmi barada tankytçylaryň ilkinji synlary peýda boldy.
Habar çap edilen pursatynda taslamanyň Rotten Tomatoes saýtyndaky reýtingi 97% boldy — bu studiýanyň soňky on ýylyň içindäki iň ýokary görkezijileriniň biridir. Mundan ozal diňe «Kokonyň syry» we «Tapmaça» (Inside Out)...

Dowamy »

55 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

TCL Swarovski kristallary bilen bezelen «CrystalClip» gulaklyklaryny tanyşdyrdy

TCL kompaniýasy «MWC 2026» sergisinde täze «CrystalClip» simsiz gulaklyklaryny görkezdi. Bu model klipsa (gysgyç) ýaly dakylýan açyk gulaklyk bolup, ony ulanan wagtyňda töweregiňdäki sesleri hem eşidip bolýar.
Gulaklyklaryň gurluşy titan splawyndan ýasalypdyr. Şol sebäpli olar gulakda ygtybarly durýar we uzak wagtlap dakylanda hem artykmaç a...

Dowamy »

53 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Nikol Kidman «Skarpetta» serialy üçin patologoanatomyň işini özleşdirdi

Nikol Kidman "Skarpetta" serialyndaky keşbine taýýarlanýan döwründe patologoanatomyň işini özleşdirendigini aýtdy. Aktrisa bu barada Jimmi Fellonyň gepleşiginde gürrüň berdi.
Serialda Kidman derňewlerinde döwrebap kriminalistik tehnologiýany ulanýan sudmedekspertiň keşbini janlandyrýar. Aktrisa öz keşbini has ynandyryjy etmek üçin taslamanyň...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

BMW M2 ýaryş trassasy üçin täzelenme toplumyny aldy: ýeke özüniň bahasy 23,5 müň ýewro

BMW konserni M2 sportkary üçin zawodda gurnalan M Performance Track Kit-e sargytlaryň açylandygyny yglan etdi. Bu toplum awtoulagyň ýaryş trassasynda işleýşini gowulandyrmak üçin niýetlenen, şol bir wagtyň özünde kupe gurnalandan soň hem adaty ýollarda sürmek üçin ulanylmaga rugsat berlen ýagdaýda galmagyna mümkinçilik berýär.
Satuwlar iýul...

Dowamy »

56 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

SpaceX 2027-nji ýyla çenli Starship raketasynyň ilkinji täjirçilik uçuşyny taýýarlaýar

Amerikanyň SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň ortalaryna çenli kämilleşdirilen Starlink internet hemralaryny orbita çykarmak üçin täze Starship göteriji raketasyny taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Financial Times» neşiri kompaniýanyň Starlink boýunça uly wise-prezidenti Maýkl Nikollsa salgylanyp habar berýär.
Häzirki wagta çenli SpaceX...

Dowamy »

46 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Aýjan Baýramowa «Talyp gözeli — 2026» boldy

4-nji martda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli — 2026» gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Emin agzalarynyň karary bilen bäsleşigiň baş baýragyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby...

Dowamy »

51 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Instagram baryp kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň işjeňliginiň artandygyny hasaba alypdyr

Instagram kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň arasyndaky işjeňligiň ösüşini ünsli yzarlap, olara ileri tutulýan auditoriýa hökmünde garapdyr. Häzirki wagtda dowam edýän kazyýet işleriniň çäginde mälim edilen täze resminamalar muňa şaýatlyk edýär.
Işiň materiallaryna görä, platforma ýetginjekleriň ýokary işjeňliginden habarly bolupdyr...

Dowamy »

54 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Gaý Riçiniň «Kanundan daşary» atly täze filminiň çykyşy ýene-de yza süýşürildi

Režissýor Gaý Riçiniň «Kanundan daşary» («Вне закона») atly täze filminiň ekrana çykmaly wagty ýene-de bir gezek yza süýşürildi. Indi filmiň premýerasy aprel aýynda bolman, iýun aýyna meýilleşdirildi. Aslynda bu filmiň surata düşüriliş işleri eýýäm 2023-nji ýylda tamamlanypdy.
Taslamada Jeýk Jillenhol, Genri Kawill, Eýsa Gonsales we Rozamund...

Dowamy »

50 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

«Realyň» oýunçylarynda yzly-yzyna gaýtalanýan şikes sebäpli içki derňew başlandy

Madridiň «Real» topary oýunçylarynyň nobatdaky agyr şikesinden soň içki derňew işlerini başlady. El Mundo neşiriniň habar bermegine görä, muňa hüjümçi Rodrigonyň dyz siňriniň üzlüp, uzak wagtlap hatardan çykmagy sebäp boldy.
Maglumatlara görä, 2023-nji ýyldan bäri klubyň futbolçylary ýedi gezek dyz siňirleriniň üzülmegi bilen bagly agyr şike...

Dowamy »

56 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Sofiýa şäherinde saparda boldy. Saparyň esasy maksady Bolgariýanyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmakdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gu...

Dowamy »

47 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago