NÄME SÜÝJI?

Myralygyr Soltansöýün bir ýaňa ugranlarynda, patyşanyň ýene-de öňküleri ýaly, wezirine degşesi gelipdir:
- Aýtsana, dünýäde iň süýji zat näm-ä?
- Ýumurtga - diýen Myraly, ýetirmän-goýman gaýtargysyny suňşuransoň, ol gürrüň şol taýda galýar.
Aradan üç ýyl çemesem geçýär. Ine, bir günem olar tirkeşip ýola çykanlarynda, wezirini g...

Dowamy »

1222 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

Ugr tapyjylyk

ÝYLAN SAGAMOK

Soltansöýün, ýagny Hüseýin Baýkara suwsap gelýärkä, bir aýal maşgala oňa çal guýup berýär:
- Ysy janyňy alyp gelse-de, seň çalyňdan içjek däl. Halama ekeniň. Içinde gyl bar.
- Içmeseňiz, içmäň, aga! Gyl gönezlige gatançdyr. Onsoňam men gylly geçi sagýan, ýylan sagamok - diýen laýykatly jogaby eşiden patyşa...

Dowamy »

1354 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

GÜNDE BIR, HEPDEDE BIR...

- Kaka, aý kaka! Düýn gyzar ikindinler gelýärkäm, ýolda ýüküm agdy. Hiç urubam bilmedim. Görsem, gaýraky hataryň aşak başyndaky garaýagyz ýaşulynyň ogly gelýär. Emma bagrymy ýaryplar ýalbarsamam, ol ýükümi uruşmady. Onsoň oňa: “Sen asyl beýle ekeniň-ow. Gör, bakaly, biriňize dereserlik sataşaýsa, dädemi (Lukman hekimi) gapyňyzdan garatman” diýdim w...

Dowamy »

1274 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

ÝOGALANYNY ÝAŞYRSAŇAM...

- Men-ä, käbäm, Hatam taý janyň ýogalanyny il-günden gizläp, onuň sahylyk ýörelgesini dowam etdirjekdirin.
- Be, şeý diýsene?! Ýöne, oglum, bir zat, sen onuň aradan çykanyny jemagatdan ýaşyryp bilersiň. Oňa ynanýan. Emma Hatam janyň eli açyklyk kesbini welin, her zat etseňem, bilmejekdigiňi aýnyhata aňýan.
- Nädip aňýaň?
- Sebä...

Dowamy »

1187 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

Abul–Fazlyň (Saragtbaba) aramgähi

Saragtbaba aramgähi Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Sarahs etraby

Ýadygärligiň döwri: b.e. XI asyry

Göroglybeg eýýamynda dürli görnüşli hünärmentçiligiň arasynda Sarahsyň gurluşykçy ussalary ajaýyp üstünlige eýe bolupdyrlar. Saragtyň binagärleriniň guran ymaratlary Eýranyň we Merkezi Aziýanyň orta asyr şä...

Dowamy »

1146 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

Ýartygümmez aramgähi

Ýartygümmez aramgähiÝadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Sarahs etraby

Ýadygärligiň döwri: b.e. XI asyry

Sarahs harabaçylygynyň 7-8 kilometrlik günorta we günorta-gündogar tarapynda gaty weýran bolan Ýartygümmez aramgähi ýerleşipdir. Onuň ýüzündäki ýazgynyň görkezişine görä, bu desga 1098-nji ýylda bina edilip...

Dowamy »

1168 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

Sarahs galasy hakynda rowaýat

Sarahs ýer ýüzündäki ýurtlardan özüniň hoş howasy bilen tapawutlanypdyr. Ony Turan şasy Afrasyýap bina edipdir. Afrasyýap şa parasatly we akyldar bolupdyr. Halaýygyň her bir müşgil işi Afrasyýap şanyň adyllygy bilen çözüler eken. Öňki wagtlarda Sarahsyň adyna “Galaýy Afrasyýap” hem diýipdirler. Ol ýedi derwezeli gala bolupdyr.

Erk ga...

Dowamy »

1127 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

Nusaý galasy hakynda rowaýatlar

Bir patyşa täze Nusaýy saldyrýarka, işe ýekeje pursat gijä galany diriligine palçygyň arasyna oklap, üstündenem palçygy guýduryberýän ekeni. Şeýle zalym ekeni, şeýle bir zulumdar ekeni.

Günlerde bir gün, Gurban nähilidir bir sebäp bilen işe gijä galyp baraýmazmy! Atly aýlanyp ýören patyşa biçäräni ýanyna çagyrypdyr-da:

Dowamy »

1155 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

Soltan Sanjar mowzeleýi

XII asyryň ortalarynda Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy tarapyndan gurulypdyr. Sungaty öwreniji G.A. Pugaçenkowa bu ýadygärlik hakynda: “Eger-de Mary özi hakynda gürrüň berýän taryhy maglumatlar we şäherler bilen bilelikde ýitip giden hem bolsa diňe şu ýadygärligiň özi hem onuň öňki şöhratyna şaýatlyk etmäge ýeterlik bolardy” diýip ýazypdyr.

Dowamy »

1137 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

Magtymguly hakynda rowaýatlar

Gündogary öwrenijileriň ykrar edişi ýaly, Orta Aziýa halklarynyň içinde Magtymguly Pyragy ýeke–täk türkmeniň milli şahyrydyr. Gyrgyz halkynyň beýik ýazyjysy Çingiz Aýtmatow „XVIII asyr beýik Magtymgulynyň asyry“ diýipdi. Şol sebäpli Magtymgulynyň döredijiligi tutuş Orta Aziýa, Gündogar, galyberse hem, dünýä haklarynyň poýeziýasynyň altyn hazynas...

Dowamy »

1170 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

Çilimi nàdip goýmaly

Adam üçin iň bir möhüm zat onuň saglygydyr. Saglyk bolmasa, durmuşda ruhubelent ýaşap bolmaýar. Sagdyn ýaşamaklyk adamyň durmuşdan lezzet almagyna, durmuşy söýmegine itergi berýär. Dünýäde iň uly baýlyk diýseler, her bir adamyň aklyna ilki bilen saglyk atly tükeniksiz hazyna gelýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow şeýle belleýär: Bagt paýlansa üç baýlygy...

Dowamy »

1682 0
Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 6 years ago

BU DERDI

Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagynda,

Ne beladyr, kimse çeker bu derdi.

Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,

Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi.



Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,

Yşka düşse, guşlar eňrär, gurt aglar,

Egiler haýbatly, kuwwatly dagl...

Dowamy »

1134 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

NÄME SEN

Asla seni görmemişem, dildarym!

Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!

Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,

Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!



Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,

Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň,

Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň...

Dowamy »

1171 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

GÖRDÜŇMI

Ýagty salar gider zulmat tününde,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

Bahar eýýamynda, heýhat gününde

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!



Anka sypat turup, “Hüw!” diýip galkan guş.

Gijesi tirikdir, gündizi bihuş,

Redaly jindeli, egni hyrka puş,
...

Dowamy »

1146 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

Ýar senden

Bilbilleri ýesir eden güli-handan

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Ýedi yklym maňa görüner zyndan,

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!



İspendiýar Ruinten, Rüstem Zalynda,

Şam, Nejefde, Mekke, Dymşyk ilinde,

Arzy Karsda, Kerbelanyň çöl...

Dowamy »

1120 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

Bady sabani görsem

Dehistanyň baýrynda

Bady-sabany görsem.

Bahaweddin Mirkulal,

Zeňňi Babany görsem.



Nagleýni arşa täçdir,

Ady äleme paçdyr,

İki jahan mätäçdir,

Arap zybany görsem.



Gelen geçer çaşt edip,

Dowamy »

1220 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

Mihail Şwydkoý: – Türkmenistan GDA Başlyklyk etmeginiň çäklerinde möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Mihail ŞWYDKOÝ, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili

Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda möhüm syýasy we medeni çäreleriň ençemesi geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy, Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümeta...

Dowamy »

1478 0
Täzelikler, 12 tarapyndan 6 years ago

Aşgabatda Prezidentler G.Berdimuhamedow bilen W.Putiniň arasynda duşuşyk geçirildi

Şu gün – 11-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putinyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhame...

Dowamy »

1502 0
Täzelikler, 12 tarapyndan 6 years ago

Daśy syndyrar.

Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa,
Daga azy ursaň, daşy syndyrar;
Täleýiň ters gelse, bagtyň şor bolsa,
Paludanyň peri dişi syndyrar.

Ajalyňdan gorkup, girseň ummana,
Gorkudan ne peýda gidejek jana,
Ömrüň ahyr bolup,
dolsa peýmana, —
Haşhaşyň samany başy syndyrar. <...

Dowamy »

1260 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

Barnabasyñ Injili (kitabyñ dowamy) - 3

10. Isa otuz ýaşynda wagty Zeýtunlyk dagynda, keramatlyk (wahy) hökmünde Jebraýyldan Injil sahypalaryny kabul edýär

Otuz ýaşyna gelen Isanyñ özüniñ maña aýtmaklaryna görä, ejesi bilen zeýtun ýygmak üçin Zeýtunlyk dagyna çykdy. Soñra öýle wagty doga etdiler, doga edip durkalar şeý diýdi: ''Reb rehmet et...'' sözüni aýdanynda, töwer...

Dowamy »

1449 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 6 years ago