11 ýaşly Kaleb Stýuard dünýäde iň ýaş ruhlandyryjy spiker diýlip ykrar edildi

ABŞ-dan 11 ýaşly Kaleb Stýuard resmi taýdan dünýäde iň ýaş ruhlandyryjy spiker boldy. Ginnesiň rekordlar kitabynda habar berlişi ýaly, ol ynanmak barada özüniň ilkinji sözüni Tallahassidäki ALARM halkara buthanasynda 3 ýyl 307 gün ýaşynda aýtdy.
Ol ilkinji gezek köpçüligiň öňünde orta mekdepde mugallymlary taýýarlamak boýunça çärede çykyş et...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Telegram ses habarlaryny kesmek we HD-de surat ibermek funksiýalary bilen täzelenme aldy

Telegram birnäçe täze funksiýalar bilen uly täzelenme çykardy.
Indi ulanyjylar ses habarlaryny redaktirläp, ýagny ýazgy edilenden soň, olary kesip, gerekmejek böleklerini aýryp, ýazgyny pauza goýup bilýär. Bu ähli aýtmaly zady bir dublda ýazmak zerurlygy bolmazdan, uzyn ses habarlaryny döretmegi ýeňilleşdirýär.
Suratlar bilen işlemekd...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Mekgä haj parzyny berjaý etmek üçin 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy bardy

Haj parzyny berjaý etmek üçin daşary ýurtlardan Mekgä gelen zyýaratçylaryň sany 1,5 milliondan geçdi. Bu barada Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrliginiň resmi wekili Hassan an-Nuaými habar berdi.
“Häzirki günde haj parzyny berjaý edýän 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy patyşalyga beýleki ýurtlardan geldi” – diýip, ol metbugat maslahatynda...

Dowamy »

22 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Simone Indzagi “Al-Hilýalyň” başyna geçip, dünýäde iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy

Italiýaly hünärmen Simone Indzagi Saud Arabystanynyň “Al-Hilýal” futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.
49 ýaşly hünärmen bilen şertnama 2026/27 möwsüminiň ahyryna çenli hereket eder. Bellenilişi ýaly, Indzagi eýýäm topary 14-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriljek Klu...

Dowamy »

18 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Hökümet mejlisini geçirdi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip: “Garaşsyz...

Dowamy »

27 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistan 2026-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlandy

4-nji iýunda Türkmenistan 2026–2028-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) agzalygyna saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de guramanyň resmi saýtynda habar berildi. Ses berişlik BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 75-nji plenar mejlisinde geçirildi.
ECOS...

Dowamy »

30 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklaýan Karara gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-d...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Li Çže Mýona Koreýa Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutany gutlag hatynda Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikde taga...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragyna badalga berildi

4-nji iýunda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary bu jogapkärli işe 11-nji iýunda goşularlar.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň gallaçylaryna ekiş üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatyn...

Dowamy »

29 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Barlaglar döredijilik sapaklarynyň çagalaryň sözleýiş ukybyny gowulandyrýandygyny görkezdi

Russiýanyň Witus Bering adyndaky Kamçatka döwlet uniwersitetiniň barlagçylary döredijilik taslamalarynyň sözleýişinde bozulmalary bolan mekdebe çenli ýaşly çagalaryň bu ukybyny gowulandyrmaga kömek edýändigini subut etdiler. Birnäçe aý dowam eden sapaklardan soň çagalarda sözleýşiň derejesi 20% ýokarlandy.
Barlagy psihologiýa kafedrasynyň do...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

BMW kemçilikli howpsuzlyk ýassygy sebäpli 2010-2012-nji ýyllarda çykan 3 Series-i yzyna çagyrýar

BMW Australia Takata-nyň kemçilikli howpsuzlyk ýassyklary sebäpli 2010-2012-nji ýyllarda çykan 3 Series modellerini yzyna çagyrýar. Yza çagyryş PSDI-5 howpsuzlyk ýassygy, sport ruluny öz içine alýan goşmaça sport bukjaly 2947 sany ulaga degişli.
Munuň sebäbi howpsuzlyk ýassygynyň piropatronynyň zaýalanyp başlandygy bilen bagly. Ol heläkçilik...

Dowamy »

31 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Arktikada gadymy guşlaryň höwürtgeländiginiň ilkinji subutnamasy tapyldy

Amerikaly we kanadaly paleontologlar Alýaskanyň demirgazygynda Giçki hek döwrüniň guşlarynyň süňkleriniň böleklerini tapdylar. Olaryň içinde uly guşlara degişlisi-de, jüýje guşlara degişlisi-de bar. Bu guşlaryň polýar tegeleginiň daşynda, takmynan, 73 million ýyl ozal höwürtgeläp başlandyklary baradaky ilkinji subutnamasy boldy, bu bolsa öň pikir e...

Dowamy »

29 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Germaniýada bir şäher isleg bildirýänlere mugt ýaşaýyş jaýlaryny teklip edýär

2025-nji ýylyň 6-20-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Aýzenhýuttenştadt şäheriniň häkimiýetleri isleg bildirýänlere doly enjamlaşdyrylan mugt ýaşaýyş jaýlaryny, gezelençleri, şeýle hem tejribe geçmek ýa-da iş tapmak üçin kömek hödürlär. «Jetzt Pläne schmieden» atly başlangyjyň çäklerinde geçirilýän taslama Germaniýanyň raýatlary, şeýle-de daşar...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» filmi iýunyň ortalarynda sanly görnüşde çykar

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» («Final Destination Bloodlines») horror filmi 17-nji iýunda sanly görnüşde elýeterli bolar diýip, «WhenToStream» portaly habar berýär.
«Warner Bros.» studiýasynyň filmi ilkinji gezek maý aýynyň ortalarynda dünýä boýunça prokata çykdy we 50 million dollarlyk býujeti bilen 229 million dollar gazandy. Filmiň s...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Heýwere keseli Amerikada Kolumbyň ekspedisiýasyndan müňlerçe ýyl öň peýda bolupdyr

Taryh okuw kitaplarynda heýwere keseliniň Täze Dünýä ispaniýaly deňizde ýüzüji Kristofer Kolumbyň yklymy açmagy bilen ýewropaly kolonizatorlar we XV asyrda ispan basybalyjylary tarapyndan getirilen diýip hasaplanýar. Science žurnalynda çap edilen täze barlag bu nazaryýeti puja çykarýar.
Gadymy DNK keseliň bu ýerde has öňräkden bäri bolandygy...

Dowamy »

27 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Dolce & Gabbana brendi täze ugurlara 150 million ýewro maýa goýar

Dolce & Gabbana işini giňeltmek üçin 150 million ýewro (170 million dollar) möçberinde goşmaça maliýe serişdesini aldy. Bu barada BOF neşiri habar berdi.
Kompaniýa birnäçe aý bäri bank karz berijileri bilen gepleşik geçirýär. Modalar öýi ösüş strategiýasyny üýtgetmäge we girdeji çeşmelerini diwersifikasiýa etmäge synanyşýar.
Brendiň ý...

Dowamy »

32 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Beýniniň rak keseli üçin täze immunoterapiýa hassalaryň ömrüni bir ýyldan gowrak uzaltdy

"Gaýtadan düzülen" T öýjüklerine esaslanýan goşa immunoterapiýa beýniniň rak keseli bolan glioblastoma keselli näsaglaryň ömrüni 12 aýdan gowrak uzaltdy. Bu barada Pensilwaniýa döwlet uniwersitetiniň (PSU) lukmançylyk mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.
PSU-nyň dosenti Stiwen Bagli "Çişleriň gaýtadan döremeginiň gözüm...

Dowamy »

27 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

The Weeknd we Nespresso bilelikde kofe kolleksiýasyny çykardy

Aýdymçy The Weeknd (hakyky ady – Eýbel Makkonen Tesfaýe) «Nespresso» kofe brendi bilen hyzmatdaşlyga başlady. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde olar çäkli sanda kofe garyndylaryny, syýahat üçin kružkalary we ýörite bulgurlary çykardylar diýip, «Hypebeast» neşiri habar berýär.
Taslama «Samra Origins» diýlip atlandyryldy, bu at aýdymçynyň ejesiniň hor...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Ýamal CIES tarapyndan dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýlip atlandyryldy

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Halkara sport gözlegleri merkeziniň (CIES Football Observatory) wersiýasy boýunça dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. “Barselona” bilen täze şertnama baglaşandan soň, onuň transfer bahasy 402,3 mln ýewro diýlip hasaplandy.
17 ýaşly oýunçynyň katalon kluby bilen 27-nji maýda baglaşan täze...

Dowamy »

26 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

“Inter” Simone Indzaginiň baş tälimçi wezipesinden gidendigini mälim etdi

Simone Indzagi ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda “Interiň” baş tälimçisi wezipesini terk etdi. Maglumat italýan klubunyň resmi saýtynda tassyklandy.
Indzagi “Intere” 2021-nji ýylyň tomsundan bäri ýolbaşçylyk etdi. Üç möwsümiň dowamynda ol topar bilen alty kubok gazandy: Italiýanyň çempionaty, iki Kubogy we üç Superkubogy. Tamamlanan möwsümde M...

Dowamy »

27 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago