Gitanas Nauseda Litwanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

Litwanyň häzirki Prezidenti Gitanas Nauseda ikinji möhlete gaýtadan saýlandy. Baş saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, ol Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýurduň 1895 saýlaw uçastogynda býulletenler sanalandan soň, saýlawçylaryň sesiniň 74,43%-ini aldy diýip, Delfi habar berýär.
Nausedanyň esasy bäsdeşi – premýer-ministr Ingri...

Dowamy »

221 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

“Ýeke özi öýde” filmindäki Kewiniň öýi satuwa çykaryldy

Çikagonyň eteginde “Ýeke özi öýde” filminiň sýužetine görä Kewin Makkallisteriň maşgalasynyň ýaşan jaýy satuwa çykaryldy. Meýdany 848 inedördül metr bolan iki gatly jaý üçin 5,25 million dollar soraýarlar diýip, The Wall Street Journal neşiri Zillow gozgalmaýan emläk satuwynyň web sahypasyna salgylanyp habar berýär.
Jaý 1921-nji ýylda gurlup...

Dowamy »

238 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Haj parzyny berjaý etmek üçin Türkmenistandan 289 zyýaratçy Saud Arabystanyna iberiler

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 10-njy iýuny — 9-njy iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçy...

Dowamy »

228 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Haj parzyny berjaý etmek üçin Türkmenistandan 289 zyýaratçy Saud Arabystanyna iberiler

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 10-njy iýuny — 9-njy iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçy...

Dowamy »

219 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna milli baýram — Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy s...

Dowamy »

219 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Türkmenistan galla oragyna taýýarlanýar: iş maslahatynda oba hojalyk işleriniň barşy maslahatlaşyldy

27-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-pr...

Dowamy »

239 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Raşid Meredow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

27-nji maýda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň köpugurly gatnaşyklarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy belleni...

Dowamy »

207 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Redmi Note 14 Pro barada ilkinji maglumatlar peýda boldy

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda çykarylan Redmi Note 13 Pro-dan soň, Redmi Note 14 Pro smartfony barada ilkinji maglumatlar peýda boldy diýip, gagadget.com ýazýar.
Weibo portalyndaky Digital Chat Station insaýderiniň maglumatyna görä, Redmi Note 14 seriýasy kamerasynyň mümkinçiliklerine we ajaýyp dizaýnyna ünsi çekip biler. Hatardaky smartfon...

Dowamy »

216 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

2023-nji ýylyň iýul-dekabr aýlarynda iň meşhur Netflix taslamalary saýlandy

Netflix hyzmaty 2023-nji ýylyň iýul aýyndan dekabr aýy aralygynda platformada iň meşhur bolan filmler we seriallar barada maglumatlary hödürledi. Bu barada Variety habar berýär.
Filmleriň arasynda baş keşpleri Juliýa Roberts bilen Itan Houkyň ýerine ýetirmegindäki “Dünýäni yzda galdyr” (Оставь мир позади) antiutopik trilleri lider boldy. Ol...

Dowamy »

218 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Boeing we NASA Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji kosmos taksisini ibermäge taýýarlanýar

Astronawtlary Halkara kosmos stansiýasyna äkitmek üçin niýetlenen Boeing Starliner kosmos gämisi 1-nji iýunda ilkinji ekipažly uçuşyna taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg habar berýär.
Öň ýüze çykarylan kiçiräk geliý syzmasyna garamazdan, NASA we Boeing kompaniýalarynyň wekilleri CST-100 Starliner gämisiniň howpsuzlygyna ynamly.
Missiýa...

Dowamy »

220 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Microsoft kompaniýasy resmi taýdan "Windows 10-y" goldamagynyň gutarýan senesini yglan etdi

Microsoft 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Windows 10 operasion ulgamy (OS) üçin goldawy bes etjekdigini habar berdi. Bu diýildigi Windows 10 OS-ly kompýuterleriň mundan beýläk Microsoft-dan howpsuzlyk täzelenmelerini we tehniki goldawy almajakdygyny aňladýar.
Kompaniýa Windows 10-a goldawyň gutarjakdygy barada ulanyjylara uzak wagtdan bäri...

Dowamy »

222 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Bugatti Chiron 55 1 of 1-iň öz görnüşinde ýeke-täk nusgasyny hödürledi

"Bugatti Sur Mesure" topary eksklýuziw giperkar bolan Chiron 55 1 of 1-iň çykyşyny bildiriş etdi. Awtoulag 1931-nji ýylda Žan Bugatti tarapyndan döredilen, rowaýata öwrülen Type 55 Super Sport modeliniň ommažy hasaplanýar diýip, IXBT ýazýar.
Chiron 55 1 of 1 Type 55 Super Sport-yň gara-sary reňk gammasyny, şeýle hem onuň özboluşlylygyny görk...

Dowamy »

215 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Harri Keýn Ýewropanyň iň köp gol geçiren futbolçysyna berilýän "Altyn butsy" baýragyny aldy

Mýunheniň "Bawariýa" klubunyň hüjümçisi Harri Keýn 2023/2024 möwsümiň jemleri boýunça Ýewropa ligalarynyň iň gowy bombardiri hökmünde "Altyn butsy" baýragyny aldy.
30 ýaşly iňlis futbolçysy Germaniýanyň çempionatynda 36 gol geçirip, ikinji ýerde ýerleşen "Ştutgartyň" hüjümçisi Seru Girassiden (28 gol) 8 gol öňe geçdi. Iň gowy bombardirleriň...

Dowamy »

260 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

100 ýaşly ýigit we 102 ýaşly gelin: ABŞ-da dünýäniň iň garry jübüti durmuş gurdy

Filadelfiýanyň (ABŞ) 100 ýaşly ýaşaýjysy Berni Littman 102 ýaşly Marjori Fiterman bilen durmuş gurdy. Är-aýal Ginnesiň rekordlar kitabyna girip biler – olaryň umumy ýaşy öňki rekorddan azyndan 7 ýyl ýokary diýip, Fox News habar berýär.
Jübütler, takmynan, 10 ýyl ozal garrylar öýünde tanyşdylar we şondan bäri aýrylyşman gelýärler. Ikisiniňem...

Dowamy »

216 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Antarktidadaky buzlukdan şäheriň ululygyndaky aýsberg döwlüp aýryldy

Antarktidadaky Brant buz ýalpaklygyndan meýdany 380 inedördül kilometre barabar aýsberg döwlüp aýryldy. Bu soňky dört ýylda sebitde uly aýsbergiň üçünji gezek döwlüp aýrylyşydyr diýip, British Antarctic Survey habar berýär.
A-83 diýlip bellenen täze aýsberg Copernicus Sentinel-1 we NASA Landsat 8 Ýere gözegçilik ediş hemralary tarapyndan ýaz...

Dowamy »

194 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

IFixit Samsung bilen hyzmatdaşlygy bes edýär: koreý enjamlaryny bejermek kynlaşar

Elektronikany bejermek boýunça jikme-jik görkezmeleri bilen tanalýan iFixit kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda Samsung bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini habar berdi diýip, IXBT ýazýar.
Bu karar Samsung enjamlaryny abatlamagy ýönekeýleşdirmeklige gönükdirilen Samsung Repair Hub programmasynyň üstünde iki ýyl işlenenden soň kabul edildi. iF...

Dowamy »

221 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

BMW täze işgär aldy: SpOTTO robot-iti hereketlendirijileriň ýygnalyşyna gözegçilik edýär

BMW awtoulag konserni Boston Dynamics kompaniýasy tarapyndan döredilen SpOTTO robot itini özüniň Beýik Britaniýadaky Hems-Hall zawodynda ornaşdyrdy.
IXBT-iň habar bermegine görä, robot iki sany Ottonyň adyny göterýär - BMW-ni esaslandyryjylaryň biri Gustaw Otto we onuň ogly, dört basgançakly içinden ýandyrylýan hereketlendirijini oýlap tapyj...

Dowamy »

238 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Innopolisde sürüjisiz elektrobus işe girizildi, ýöne ol sagatda 10 km tizlik bilen hereket edýär

Tatarystan Respublikasynyň Innopolis şäherinde sürüjisiz elektrobus synagdan geçirilip başlandy. Ol Innopolis uniwersiteti bilen Innoparkyň aralygynda 3 km ýol boýunça hereket edip, Popowa adyndaky tehnopark duralgasynda säginer. Elektrobus uniwersitetiň işgärlerini we talyplaryny gatnadar diýip, TASS habar berýär.
Elektrobus 10 adamy sygdyr...

Dowamy »

236 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Raşid Meredow Astanada Gazagystanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

27-nji maýda Astanada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk e...

Dowamy »

214 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Eýranyň işewür wekiliýeti Aşgabada geldi

27-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň işewür wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Wekiliýeti Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn sö...

Dowamy »

201 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago