Ujyt haýsy ýaşdan ulalyp başlaýar?

Erkeklik jyns agzasy takmynan 10-12 ýaşdan ösüp başlap, şu möhletden ýümurtgajyklar hem ulalyp, gasykda tüýler ösüp başlaýandyrlar. Ilkibaşdan ujyt uzynlygyna ulalsada, ol doly kemala geleninden soň, ýogynlygyna hem ulalyp başlaýandyr.

2. Adaty ýagdaýda ujydyň ortaça uzynlygy näçe?

Gowşan ýagdaýynda uly erkek adamynyň ujydynyň ortaça uzynlygy 5-den 12 sm. barabardyr. Sowuk howa hem-de emosional dartgynlylyk ýagdaýlary ujydyň uzynlygyny wagtlaýyn azaldyp bilýändir.
Gönelen ýagdaýynda ujyt nähili uzynlyga eýe bolup biler?

Bu görkeziji her kimde her dürli bolup bilýndir. Gönelen halda onuň uzynlygy ortaça 12-14 sm-e deň bolup biler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, bu ýagdaýda bu agzaň iň uzyny 30 sm-e, iň gysgasy bolsa 1,5 sm-e barabar bolupdyr.
Ujydyň ululygyny elleriň, aýaklaryň ululygy boýunça kesgitläp bolýarmy?

Başga beden agzalarynyň ululygy bilen ujydyň ululygynyň arasynda hiç hili arabaglanşyk ýokdur, ýagny onuň ululygyny elleriň, aýaklaryň ýa-da burnuň ululygy boýunça kesgitläp bolmaýar.
Ýaşyň ulalmagy bilen ujydyň uzynlygy kemelýärmi?

Hawa, ýaşyň ulalmagy bilen ujyt kiçelýär. Şonuň ýaly-da, uzaga çekýän jynsy gowşaklykda hem onuň kiçelmegi ýüze çykyp bilýändir.
Erkek adamynyň agramy onuň ujydynyň uzynlygyna täsir edip bilýärmi?

Erkek adamyň agramy artyp, çanaklygynda ýagyň ýygnanma mukdary ýokarlandygy saýyn, ujydyň görünýän bölegi hem kiçelýändir. Beden agramy kada gelensoň, ujydyň uzynlygy başdaky görkezijilere gaýdyp gelip biler.

Täzelikler, TMCELL11 tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir