NÄDIP UNUTMALYKAM?!

Gitseňem-ä gitdiň, welin hoşlaşyp,
Indi seni nädip unutmalykam?!
Bilmedim men senden asla daşlaşyp,
Indi seni nädip unutmalykam?!

Wagt taparmyka munuň çäresin,
Tapyp bilmen elewredim därisin,
Görmändim men yşkyň beýle dälisin,
Indi seni nädip unutmalykam?!

Hat-da gijelerne goýman erkime,
Girip düýşe, dert goşýansyň derdime,
Boýun egsem, ykbalyň bu şertine,
Onda seni nädip unutmalykam?!

Bu ahwala çäre tapman kösendim,
Derdim bilen zeýrenmäge eýmendim,
Undup bilmän iç-içimden ýigrendim,
Indi seni nädip unutmalykam?!

Gözledim, soradym, garaşdym, hat-da,
Wagtdan, dostlamdan görmämsoň peýda,
Unutmak aňsatmy?!
- tärini aýda,
Öwret seni nädip unutmalykam?!

Gurbanmämmet MEREDOW.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir