ILKINJI GIJEDE GYZLYK PERDESINIŇ ALYNYŞY, TAHYRHY DÖWÜRLERDE DÜRLI BOLUPDYR:


I. El degmedik gyzyň gyzlygynyň (gyzlyk perdesi) alynmagyna "deflorasiýa" diýilýär. Bu söz latynçadan terjime edilende, "de" - aýyrma, "floris" - gül, ýaşlyk, gyzlyk manyny aňladýandyr.

II. Adamzadyň taryhynyň dürli döwürlerinde, dürli halklarda gyzlyk perdesine aýry-aýry garaýyşlar bolupdyr. Orta asyrlarda durmuşa çykýan gyzyň gyzlyk perdesini alyp, "ýol açmagy" hormatlanýan feodala tabşyrypdyrlar. Öz krepostnoý saklanýan gyzlaryny durmuş ýoluna ugratmak onuň diňe bir hukugy däl-de, keramatly borjy diýip hasaplanypdyr.

III. Fransuz etnografy Pýer Cordonyň ýazmagyna görä, uly mülkleriň eýesi bolan gersoglar ýylda ýüzlerçe durmuşa çykýan gyzlar bilen ilkinji gijäni geçirip, olary öýlenýän ýaş ýigide gowsurypdyrlar. Eger mülk eýesi bu iş üçin gaty garry bolsa, onuň işini oňa derek ogullarynyň ýa-da hyzmatkärleriniň biri ýerine ýetiripdir. Feodalçylyk döwründe ilkinji gijäni geçirmek hukugy takwa adamlara hem tabşyrylypdyr.

IV. Arunto atly papuas taýpasynda bolsa aslynda feodallar hem ýok ekeni. Öýlenýän ýaş ýigit öz gelinliginiň gyzlygyny 2-3 sany ýakyn dostlaryna almaga tabşyryp, diňe şondan soň toý dabarasynyň başlanýanlygyny habar beripdir.

V. Russiýanyň demirgazyk halklarynyň käbirinde, ilkinji gijede dökülýän gan bilen bilelikde erkek adama ata-babalarynyň gargyşy hem inýär diýen düşünje bolupdyr. Şonuň üçin hem, gyzlygy almak üçin olar başga milletden bolan erkek adamyny çagyryp, özlerini gargyşdan halas edipdirler.

VI. Köp halklarda gyzlygy almany aýallara tabşyrypdyrlar. Düzgün bolşy ýaly, olar taýpanyň sylanýan ýaşuly aýallary, tebipler ýa-da jadygöýler bolupdyr. Meselem, mbotu afrikan taýpasynyň tebip aýallary gyzlyk perdesini haýwanyň süňkünden ýasalan ýiti iňňe bilen deşýän ekenler. Filippin adalarynda bolsa, ene-atalar gyzlarynyň gyzlyk perdesinden ol 10 ýaşamaka dynmaga çalşandygy barada taryhy maglumatlar bardyr. Köp halklarda gyzlygy almak gyzyň ene-atasyna tabşyrylypdyr. 3 asyr mundan ozal Peruda enä öz gyzyny deflorasiýa etmek tabşyrylýan ekeni. Sumatra  adasynda bolsa ilkinji gijäni geçirmek hukugy gyzyň kakasyna berilipdir.

VII. Ýöne gyzlygy almaklygyň wajyplylygy hemme ýerde beýle ähmiýetli bolmandyr. Polýak seksology S. Kinessyň bellemegine görä, Hindistanyň, Braziliýanyň, Çiliniň käbir dini jemgyýetçilik gatlaklarynda "gyzlyk perde" diýen düşünje asla hem bolmandyr. Eneleriň öz gyzjagazlaryny jan edip ýuwundyrýanlygy netijesinde, olar kiçi ýaşdaka gyzlyk perdesinden mahrum bolýan ekenler. Olaryň pikir etmegine görä, durmuşa çykan gyzyň gyzlyk perdesiniň saklanylmagy gyzyň terbiýesizliginden we hapysalygyndan habar beripdir...

Bilim, TMCELL11 tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir