Respublilam meniň
Ak pagtamyň adyna 
Aksoltan daksam diýýän. 
Sebäbi gyşyn-ýazyn 
Pikrim Aksoltan meniň. 
Gyşyna dyza çöküp, 
Tomsuna näzin çekip, 
Ýatsam, tursam, otursam 
Yşkym şol jenan meniň. 
 
«Ýere urdum paltany, 
Agzy gyzyl haltany, 
Ýerden bir oglan çykdy, 
Ilime soltan meniň!» 
Diýip, bugdaý hakynda. 
Gürrüň bererdi atam, 
Indi bugdaýdan beter 
Ak pagtam soltan meniň. 
 
Isleseň – bugdaý bolýar, 
Isleseň – şeker bolýar, 
Nämäniň adyn tutsaň, 
Bolup dur pagtam meniň, 
Gündogary – Jeýhunym, 
Günbatary – Hazarym, 
Günortasy – Eregim, 
Ägirtdir kartam meniň. 
 
Elimde orak-çekiç, 
Başymda şempa telpek, 
Egnimde-de gyrmyz don, 
Ordenli ýakam meniň. 
Ordenleriň iň beýgi 
Döşümde ýanyp durka, 
Ýapyşan maksadyma 
Ýetjegim hökman meniň. 
 
Örän ullakan bolsa 
Bu gun ýeten myradym, 
Ertir ýetjek myradym 
Hasam ullakan meniň. 
Şu gun ýygan ak pagtam 
Kaspa barabar bolsa, 
Ertir ýygjak ak pagtam 
Ýuwaş okean meniň. 
 
Aksoltanym – ak pagtam 
Ýeter Kaspiň boýuna, 
Kaspi diýer: «Gelewer, 
Ak ýüzli bikäm meniň. 
Seniň ýaly ak gyza, 
Kir-kimiri ýok gyza 
Näçe asyrdan bäri 
Garaşdy ýakam meniň!» 
 
Şol gözeliň lebinden 
Müňläp tonna nur sorup, 
Bu gun lowurdap otyr 
Respublikam meniň... 
Million tonna pagtany 
Goýup ägirt gapana, 
Ýene-de süýnüp barýar 
Ýyndam Swodkam meniň. 
 
Şeýle şatlykly günde, 
Şeýle şowhunly günde 
Bagyşlansyn şowhunly 
Ritorikam meniň. 
Seni bu gün bagryma 
Mäkäm gysasym gelýär, 
Arman, ulurak bolýaň 
Respublikam meniň.
Kerim Gurbannepesow