Ogrularyň Ependini aldaýyşlary
Günlerde bir gün Ependiniň eşegi ölüpdir.
Aýaly:
– Biz eşeksiz mydar edip bilmeris, me, saňa altmyş teňňe, bar, bazardan eşek 
satyn al – diýipdir. 
Ependi bazara baryp, bir eşek satyn alypdyr. Ol satyn alan eşeginiň nogtasyndan 
tutup, yzyna garaman, alyp gelýän eken. Iki sany ogry muny görüpdir. Olaryň biri 
onuň nogtasyny sypyryp, öz kellesine geýdiripdir-de, Ependiniň yzyna düşüberipdir. 
Beýleki ogry bolsa eşegi yzyna dolap, bazara satmaga alyp gidipdir.
Ýolda Ependi birden yzyna dolanyp seretse, eşek diýip alyp gelýäni adammyş. 
Muny gören Ependi aňk-taňk bolupdyr. Soňra ol özüni dürsäp:
– Bu nä geň zat? A-how, sen kim? – diýip sorapdyr.
Ogry burnuny çekip, sortduryp durupdyr-da, boýnuny sallan bolup şeýle diýipdir:
– Bir gün men ýaramaz iş edip, enemiň göwnüne degdim welin, ol maňa „ «Hernä 
Hudaýym, eşege dönesiň, eşege dönen!» diýip, gargyş etdi. Şondan dem salym 
geçmänkä-de, men birden eşege öwrüldim duruberdim. Soň meni bazara saldylar, siz 
hem hyrydar bolduňyz, ine, bolan zat. Indi siziň şepagatyňyz bilen men ýene 
öňküligime öwrüldim, adam boldum – diýip jogap beripdir. 
Onda Ependi:
– Eger Alla seniň günäňi öten bolsa, sen menden hem azat. Emma indiden beýläk 
eneň gargyşyna galaýmagyn! – diýip, maslahat berip, ony boşadyp goýberipdir. 
 Ertesi Ependi ýene eşek satyn almaga bazara barypdyr. «Amatlyrak eşek gabat 
geläýmezmikä?» diýip, bazara göz aýlapdyr. Görse, öňki eşek satyn alan jellabynyň 
elinde düýnki alan eşegi ýüzüni sortduryp durmuş. Ependi başyny ýaýkap, eşegiň 
ýanyna barypdyr. Onuň gulagyna agzyny tutup:
– Heý, peläket, sen meniň maslahatymy alman, eneň gargyşyna galypsyň-ow! –
diýip, çawuş çakypdyr. 
Çeşme: http://alem.su/blogs/92/Ogrulary%C5%88-Ependini-alda%C3%BDy%C5%9Flary 
21.10.2020