Eý agalar, arman bilen 
Dürli döwrandan aýryldyk. 
Il bolup Rahym han bilen, 
Haýdar soltandan aýryldyk. 
 
Bedew münüp, begres geýen, 
Ne näzi-nygmatlar iýen, 
Köp eşretli Lebap diýen 
Bir gadyrdandan aýryldyk. 
 
Girdik bir çöli-mugana, 
Suw içmedik gana-gana, 
Uçradyk azaby-käne, 
Rahaty-jandan aýryldyk. 
 
Ärsarynyň ady ýitdi, 
Her haýsy bir ýana gitdi, 
Han «hezretiň» köňli bitdi, 
Biz weli sandan aýryldyk. 
 
Subhy-şam bilen ýörüşen, 
Haýry-şeri deň görüşen, 
Zowky-sapalar sürüşen 
Ýary-ýarandan aýryldyk. 
 
Daglarda dikilmiş eren, 
Gyrylmyşdyr sansyz jeren, 
Ürgenç, Lebaba suw beren 
Bahry-ummandan aýryldyk. 
 
Kürsüsi niçe paýaly, 
Begler galdy köp daýaly, 
Ser howuzly, hoş saýaly 
Köşki-eýwandan aýryldyk. 
 
Niçe yşwaly, şiweli 
Gaçdyk, tapmady hywaly, 
Dürli şejerli, miweli 
Bagy-bossandan aýryldyk. 
 
Tapmaýan öňki eşreti, 
Ýuwtarmyz gamy, hesreti, 
«Isteý-isteý» han «hezreti», 
Ahyr mekandan aýryldyk. 
 
Seýdi diýer, haýp Lebap! 
Galdy ilsiz-günsüz garap, 
Berhem bolup mülki-esbap, 
Bar hanymandan aýryldyk
Seyitnazar Seydi.