Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa, 
Daga azy ursaň, daşy syndyrar; 
Täleýiň ters gelse, bagtyň şor bolsa, 
Paludanyň peri dişi syndyrar. 
 
Ajalyňdan gorkup, girseň ummana, 
Gorkudan ne peýda gidejek jana, 
Ömrüň ahyr bolup, 
												dolsa peýmana, — 
Haşhaşyň samany başy syndyrar. 
 
Bar sözüne gulak goýgul bileniň, 
Ahyry hiç ýere ýetmez ýalanyň, 
Ömri-saly artar alkyş alanyň, 
Gargyş galyndyrmaz, 
												ýaşy syndyrar. 
 
Akylyň sözünden köňül söýüner, 
Akmagyň işinden zehin käýiner. 
Muhannes giň ýerde akyl saýynar, 
Dar ýerde akyly-huşy syndyrar. 
 
Magtymguly, çölde gezen naşyny, 
Bilik sorma, köp sürdi diýp ýaşyny, 
Dar mejlisde doly berseň aşyny, 
Aşny iýe bilmez, käşi syndyrar.
Magtymguly Pyragy.