Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen, 
Öz wagty gelende süýjär almalar. 
Başagaý durmuşda darykma, kalbym, 
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. 
 
Bir ömürde müň alada-gaýgy bar, 
Adamlaryň garasy bar, agy bar. 
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar, 
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. 
 
Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar. 
Laçyna öýkünip, garga-da gaýar. 
Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar, 
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. 
 
Eşegiň yzyna tirkelen düýe 
Namysdan ölenmiş öz etin iýe... 
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa, 
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. 
 
Mydam bolup durmaz dokuzyň doly, 
Başyňy belent tut, pesde tut päli. 
Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly, 
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.
Berdinazar Hudaynazarow.