Eý, Zenanlar siz dünýäniň bezegi,
Sizi meňzetdim men elwan güllere,
Aýyň ýalkymyndan, Günüň nurundan,
Has, owadan görk berýäňiz düzlere.

Sizi, meňzetdim men juwan bahara,
Sözleriňiz misli ýag deý mylaýym,
Ýüzleriňiz täze açylan gül deý,
Nowjuwan, owadan, ýylgyrsyn daýym.

Siziň mähriňizden döreýär söýgi,
Yşkyňyzda, köýer ençe ýigitler,
Zenan mertebesin belentde goýup,
Waspyňyzy etdi beýik şahsyýetler.

Owadandyr siziň bilen, giň älem,
Sizsiňiz dünýäniň göwheri gaşy.
Nesil daragtynyň dowamaty siz,
Sizden gaýdýar ýaşamagyn gözbaşy.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir