Meniň asmanym sen meniň howam sen!
Eýsem-de, sen muny etmezmiň hasap?!
Söýeňden aýrylyp ýaşap bolarmy?!
Bolarmy dem alman dünýäde ýaşap?!

Ýüregiň hem pamyk kimin arassa,
Mynasyp ol ak bagtlara ýetmäge.
Gurak ýerde deňiz deýin kürekläp,
Men-ä taýyn bagt ýolundan gitmäge.

Ýöräli biz bagtyň ýagty ýolundan,
Söýgi dünýäsinde, döwranlar sürüp.
Gadyrly ýaşaly goşa gumry deý,
Bizi arzuw etsin özgeler görüp.

Unut sen kinäňi, unut sen baryn,
Söýseň bir-birekden gaty görülmez,
Adam ömri ýeke berlişi, ýaly
Beýle bagt iki gezek berilmez.

Gurbanmämmet Meredow

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir