Aýdaýsana seniň kalbyň güldenmi?
Ýa-da ýasalanmy pamyk deý gardan,
Keşbiň nurdan, diliň şeker baldanmy?
Eý, perişde syrat, görmegeý adam.

Ýylgyrşyňda özgeçe bir mähir bar,
Heýem boljak eken beýlede zadam,
Päk niyetiň, ak arzuwlaryň bilen,
Sen hakykatdanam üýtgeşik adam.

Her iş bolsun, bähbitlige ýorarsyň,
Bu bolsa, häsýetiň bezeýär hasam,
Kalbyňda hiç hili kine, saklaman,
Sen şeýle ak göwün, geçrimli adam.

Seniň kalbyň umman ýaly arasaa,
Kalbyň kirşlerni ýuwýan deý tolkun.
Senden nusga alsyn geljek nesiller,
Sen ýaly ynsanlar juda köp dogsun.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir