Men şeýle bir bagtly ýaşap ýörkäm,
Sen gelip kalbymy gyşa dönderdiň,
Öz dünýäme gümra bolup, ýörşüme,
Neçün meniň bagt şemimi söndürdiň.

Ilki söýgiň gapysyny açaňda,
Ýyly mährim bilen gurşapdym seni,
Söýüp dünýäm bilen bar durkum bilen,
Bolmandy söýgümiň hiç çaky çeni.

Şeýle gudrat, döräp söýen kalbymy,
Özge ýaryň gözlerinden gözlediň,
Söýgime, söýgim deý jogap gaýtarman,
Çyn söýene, çyn söýgiňi dözmediň.

Çykgynsyz dertlere çolap başymy,
Çyk aňymdan, çyk dünýämden ömürlik,
Kabul etmez kemsidilen päk söýgim
Ýalbaryp gelseň-de, yza öwrülip.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir