Gitsem-de, men seň dünýäňden ömürlik,
Gitsem-de, men ömür baky ýanyňdan,
Näçe kösenseňde, özüňi gynap
Çykaryp bilmersiň meni aňyňdan.

Hyýalyňdan çykarmaga urunsaň,
Süýji ýatlamalar dürter böwrüňi,
Menli günleň, hyýalyna çümýäkäň,
Hiç kimse götermez gözel göwnüňi.

Bagtly pursadyň hem ýatlarsyň meni,
Ýatlarsyň sen iň aýylganç pursadyň,
Özüňi giň tutup, aldap bilmersiň,
Adymy gaýtalap ýatlar gursagyň.

Çünki bu durmuşda hasapsyz zat ýok,
Etmişiňi çekmelidir gerdende,
Häzir maňa kyn bolsa-da, ýaşaýyş,
Dowamyny görerin seň gözleňde.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir