Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahim Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär. Soltan Ibrahim gutlagynda: «Malaýziýa Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara we ýakyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň özara hormat goýmak esasynda we iki halkyň abadançylygynyň hem-de parahatçylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn» diýip belledi. Malaýziýanyň Ýokary Baştutany pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine belent hormat goýýandygyny nygtady we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.